WULKAN PALÇYGY LUKMANÇYLYKDA NÄHILI ULANYLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýer togalagynda palçyk bölüp çykarýan wulkanlaryň 700-den gowragy bolup, olaryň esasy bölegi Kawkazda, ylaýta-da Azerbeýjanda ýerleşýändir. Olar Sahalinda, Krymda, Meksikada, Kolumbiýada, Italiýada, Hindistanda, Ýaponiýada, Hytaýda we Malaý arhipelagynda hem köp duş gelýärler.

Palçyklaryň düzümindäki kükürt, kömürturşulygy, gormonlara meňzeş maddalar, erkin turşulyklar, tebigy antibiotikler bolan fitonsidler ýaly peýdaly maddalar ony lukmançylygyň köp ugurlarynda ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Wulkan palçyklary dowamly geçýän deri kesellerinde, garyn boşlugynyň sepleşme keselinde, käbir aşgazan-içege kesellerinde, bogunlaryň sowuklama ýagdaýlarynda, käbir nerw ulgamynyň kesellerinde (oňurga ýiliginiň şikeslenmelerinde) has netijeli ulanylýandyr.

Olar bilen geçirilýän bejergi bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny ýokarlandyryp, bedeniň immunitetini berkitmäge ýardam berýär.

Şeýle-de, wulkan palçyklaryndan taýynlanýan ýapgy sellýulitden, bedendäki artyk ýag gatlaklaryndan halas bolmaga kömek edýär.

Sagaldyş we dynç alyş şypahanalarynda wulkan palçyklary bedene täsir ediş başga emler bilen utgaşykda ulanylyp, olaryň ulanyş düzgünini diňe lukman bellemelidir. Palçyklar bilen bejergini ýiti geçýän ýokanç we deri kesellerinde, ýürek kemçilikleri, ýokary gan basyşy, ateroskleroz keselleri ýaly ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, peşew çykaryş ulgamynyň ýiti kesellerinde, inçekeselde, howply we howpsuz täze döremelerde, endokrin ulgamynyň kesellerinde, göwrelilikde geçirmek bolýan däldir.

Lukmançylykda esasan batgalyklaryň kükürtwodorodly palçyklary giňden ulanylyp, torfly ýerleriň palçyklary we wulkan palçyklary has seýrek ulanylýar.

Hormat bilen, Lukman.