MAŞGALA LUKMANYNYŇ BORÇLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Maşgala lukmanynyň esasy wezipesi özüne berkidilen raýatlaryň saglygyny gorap saklamakdan, keseliň öňüni almak çäreleri geçirmekden we olara ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermekden ybaratdyr. Öz wezipesini doly ýerine ýetirmek üçin maşgala lukmanynyň geçirmeli işleri we berjaý etmeli amaly endikleri barada doly maglumat Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministirliginiň 08.08.2002-nji ýylda tassyklan "Maşgala ýörelgesi boýunça ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak barada" diýen №115 buýrugynda jemlenendir. Şol buýrukdan maşgala lukmanynyň borçlary we geçirmeli amaly endikleri barada düşündiriş berýän bölegi biz Siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.