STERILIZASIÝA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.50 (2 Ses)

Hormatly Serdar!

Sargy üçin ulanylýan serişdeleri (hasadan ýasalýan salfetkalar, hasa we pamyk şarikleri, tamponlar) we hirurgiki geýimleri hem-de ýapynjalary sterilizasiýa üçin ýörite bikslere salýarlar. Serişdeleriň bikslere goýulmagynyň iki sany görnüşi bardyr:

  1. Umumy biksde rejeläp goýmak görnüşi bir operasiýa üçin niýetlenen bolup, az sanly operasiýa geçirilýän uly bolmadyk operasion otaglarynda ulanylýar. Biksiň içine lukmançylyk halatlary, kolpaklary, maskalary (hersi 4 sanydan), süpürgiçler (6 sany), prostynlar (4 sany), hasadan ýasalan şarikler (50 sany), hasadan ýasalan salfetkalar 3 ölçegde (hersinden-10 sany), dürli ölçegli tamponlar (hersinden 10 sany), hasalar uzyn we orta inli (hersinden 2 sany), pagta (100gr), agaç taýajyklaryna oralan pagta (10 sany) salynýandyr.
  2. Biksde rejeläp goýmanyň ýöriteleşdirilen görnüşi bolsa köp operasiýa geçirýän operasion otaglarda ulanylyp, bu görnüşde her bikse ulanylýan serişdäniň bir görnüşi goýulýar: haltalar, sargy serişdeleri we ş.m.

Biksler sterilizasiýa şeýle tertipde taýynlanýar:

  1. Biksleriň düýbüne we diwarlaryna prostynlery ýazýarlar;
  2. Hemme ýatynjalary epläp, rejeli edip dikligine goýýarlar. Halatlar ýeňleri içine eplenen, sargy serişdelerini bolsa aýry-aýry çykaryp bolar ýaly üstli-üstüne goýýarlar.
  3. Doldurylan biksiň agzyny içine ýazylan prostyn bilen ýapýarlar. Bir biksiň içinde ýapylan prostynyň üstüne operasion şepagat uýasy üçin niýetlenen halat, süpürgiç, hasaly salfatkalary goýýarlar. Bu çäre operasion stoly taýyn bolmazdan öň, başga sterilizasiýa geçen biksleri açma zerurlygyny aradan aýyrýar.

Gapdal deşikleri açylan biksler awtoklaw enjamynda bellenen düzgüne laýyklykda sterilizasiýa geçýär.

Sterilizasiýa geçen serişdeler gury bolar ýaly, olary enjamyň bugy çykandan 5-7 min soň çykarmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.