EKSTRASENSLERE YNANMAK MÜMKINMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Ekstrasensor kabul ediş (lat. "extra" - ýokary, "sensis" - duýgy) – adamynyň adaty bolmadyk kabul ediş ukybyny häsiýetlendirmek üçin ulanylýan düşünjedir.

Bu ugurda geçirilýän barlaglar ylmy barlaglaryň takyklygy babatynda bildirilýän talaplara gabat gelmeýär. Bu barlaglaryň geçişi we netijesi ekstrasensiň duýujylyk ukybyna we onuň ruhy ýagdaýynyň üýtgäp durma häsiýetine bagly bolup, görkezijileri bellemäge ukyply bolan serişdeleriň bolmazlygy, barlaglarda doly ylmy bahany bermäge mümkinçilik döretmeýär. Şu güne çenli ekstrasensor duýgynyň we ukybyň tebigatyny düşündirýän subutnama ylymda (lukmançylyk ylmynda hem) ýokdur.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.