GAÝYN BILEN GELIN! SAGLYGYÑYZA HAÝPYÑYZ GELSIN!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Gaýyn-gelin gatnaşygy asyrlar boýy öz çylşyrymlylygy, köpdürliligi bilen tapawutlanypdyr. Ol gatnaşygy her hili atlandyrmak mümkin: erkek adam üçin (ýagny Siz) göreş, ýaşaýyş meýdanyny bölmek, aýallaryň göreşi, geçmiş bilen şugünüň dawasy...

Bu ýagdaýdan, hemme zat bir öýde ýaşaýan iki zenanyň özüni alyp barşyna, biri-birine bolan sylanşygyna, adamkärçiligine baglydyr. Günäkärleri kesgitlemegiň manysy ýok – iki tarap hem günäkär(!).

Şu ýagdaýda gelen gelne şu aşakdaky maslahatlary bermek peýdaly bolup, gaýynenesiniň ýüregine "ýol ýasamaga" kömek edermikä diýip pikir edýäris:

► Gaýynene bilen gatnaşyklaryňyzda adamyňyzyň kömegine garaşmaň. Iki sany söýgüli aýalyň arasyndan birini saýlama juda kyn mesele bolup durýandyr. Ejesini ýamanlap adamyňyza ýüz tutmaň. Durmuşyň görkezişi ýaly, çynlakaý ýagdaýlarda erkek öz ejesiniň tarapyny tutýar. Siz öz söýgüli ýaryňyzyň durmuşynda giç peýda bolduňyz. Şonuň üçin hem "öý bikesi" adyna entek dalaşgär bolup bilmersiňiz. Biraz sabyrly we geçirimli boluň!

► Öz bir bolşuňyzy saklaň. Adamyňyzy söýüň. Gaýyneneňizi hormatlaň. Onuň hemme gowy adamkärçilik sypatlaryny belläň. Kemçilikler bolsa biziň hemmämizde bar.

► Gaýyneneňiziň maslahatlaryna üns beriň. Maşgala durmuşynyň "çarkandakly" ýoluny geçen aýaldan köp peýdaly zatlary öwrenmek bolar. Onuň peýdaly maslahatlaryny ulanyp gazanan üstünlikleriňiz barada aýdyp bermäge utanmaň.

► Gaýyneneňiz bilen bir öýde ýaşaýan bolsaňyz "iş meýdanyňyzy" çäklendiriň. Ol aşhanada hojaýynlyk edýän bolsa, Siz öýleri tertipläň. Hojalykdaky öý borçlaryny paýlaşyň. Şeýle etseňiz öýde Siziň öz "hususy meýdanyňyz" emele geler we Siz ýaramaz çaknyşmalardan özünizi halas edersiňiz.

► Gaýyneneňizi diňläň. Onuň halaýan we gaça durýan zatlaryny anyklajak boluň. Hemme maşgala degişli zatlary ara alyp maslahatlaşmakdan, öz pikiriňizi aýtmakdan çekinmäň. Köp dawalar düşünişmezlikden döreýär.

Pikir alyşmalardan çekinmezlik, açyklyga ymtylmak gaýynenä hem degişlidir. Bu ýagdaýda, hormatly enä gelne seredeniňde ýeňil bolýar. Onuň ýaşaýyş tejribesi baý, ol öz ogluny gowy tanaýar. Şol tejribäni, özüňiziňki ýaly pikiri gelniňizden talap etmegiň geregi ýok. Siz gelni maşgalaňyza kabul etdiňiz, ogluňyz gelnini gowy görýär (!). Şonuň üçin hem ýaş maşgalany goldap kömek etmek ýerliklidir.

Onsoň hem, Siz hem öz gaýyneneňiz bilen ýaşaýşyňyzy ýadyňyza salyň. Ýalňyşlyklary bolsa ogullaryň iň gowy gelinleri hem goýberip bilýär.

P.S. Ýüze çykan mesele babatda çaý başynda, Siz üçin eziz bolan iki zenan (ejeňiz we gelin) bilen pikir alyşmaga çalşyň. Bu düşünişmezlikleri aradan aýyrmagyň ilkinji ýoly bolar. Size bagtyýar maşgala durmuşyny arzuw edýäris!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.