18-20 ÝAŞLY GYZYŇ PSIHOLOGIÝASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň soragyňyz biziň saýtymyzyň esasy temasyndan biraz daşlaşýan hem bolsa, biz Size jogap bermekligi möhüm hasapladyk.

Ýetginjeklik döwründe (esasan hem 16-20 ýaş aralygy) garşydaş jynsa bolan garaýyş üýtgäp, ol gyzyklanmalara, aýratyn duýga ýugrulan bolýar.

Bu juwan ýaşda gyzlar öz gözelligi, hyjuwy, gyzlyk mertebesini ýokary goýma ýaly häsiýetleri bilen tapawutlanyp, öz boýdaş oglanlaryna olar "baha berme" jähtden garaýarlar.

Eger oglanlarda gyzlar bilen tanyşlyk köplenç "Gördüm, haladym, dostlaşdym, aragatnaşyk ýola goýuldy..." diýen tertipde amala aşyrylýan bolsa, gyzlarda bu aragatnaşyk tertibi başgaça ýola goýulýandyr – "Gördüm, dostlaşdym, haladym..."

Gyzlara baha beriji, "ýokardan seretme", ýaňsylama häsiýetde däl-de, sylanyşykly, "tebigatyň ýaradan ejiz, näzik gülleri" hökmünde gatnaşygyňyz olaryň öňünde Siziň abraýyňyzy galdyryp biler. Ýöne gatnaşyklarda "deňagramlylygy saklama" möhümdir. Gyzlar bilen aşa içginlilik, boýun bolmaklyk, ýaranmaklyk olaryň Size bolan gyzyklanmasyny gowşadyp biler. Tersine, ulumsylygyňyz, biperwaýlyk etmäňiz bolsa, olary Sizden daşlaşdyryp biler. Öz halaýan gyzyňyz bilen dostlukly uzak gatnaşyklar bolsa, onuň Size hemişe ýakyn dosty ýaly seretmegine getirip biler. Gatnaşyklarda açyklyga ymtylyň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.