NARKOZ NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

NARKOZ:   GÖRKEZMELER,   ÝARAMAZ   TÄSIRLERI   WE GAÝRAÜZÜLMELERI

Howp salma biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Maşyn sürme, derýada suwa düşme, hatda käbir iýmit önümleri kabul etmek ýaly gündelik durmuşymyzda ýerine ýetirýän hereketlerimiz biziň saglygymyza belli bir derejede howp salyp biler.

Näsaglaryň saglygyny dikeltmek üçin ulanylýan häzirki zaman lukmançylyk usullary hem, nähili geň bolup görünse-de, çynlakaý gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup bilerler. Bu ýagdaý  hirurgiki gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup  biljek hirurgiki operasiýalara hem-de geçirilýän narkoz bilen üpjün ediş çärelerine degişlidir.

Narkoz (gadymy grekçede-doňma; sinonimler: umumy agyrsyzlandyrma, umumy anesteziýa) – ukynyň döremegi, huşuň we ýadyň ýitirilmegi, beden myşsalarynyň gowşamagy, agyry duýujylygyň ýitmegi, käbir beden refleksleriň peselmegi ýa-da wagtlaýyn ýitmegi ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy bilen döreýän merkezi nerw ulgamyň emeli usul bilen togtadylyp, soňundan öňki derejesine gelip bilýän ýagdaýydyr.

Bu ýagdaýlaryň hemmesi  näsagyň ýagdaýyna we geçirilýän lukmançylyk çäresiniň görnüşine laýyklykda bir ýa-da birnäçe umumy agyrysyzlandyryjy serişdeleri ulanma netijesinde gazanylýar.

Serişdeleriň gerekli mukdary we utgaşmasy anesteziolog lukmany tarapyndan bellenilýändir.

Narkozyň esasy maksady – bedeniň  operatiw bejergä bolan duýujylygyny, esasan hem agyry duýujylygyny peseltmekdir. Narkoz esasynda gazanylýan uky onuň täsiriniň diňe bir bölegi bolup durýandyr.  Narkoz geçirilende, ýürek urmanyň ýygylygynyň çaltlanmagy, gan basyşyň ýokarlanmagy we başga alamatlar bilen ýüze çykýan bedeniň hirurgiki şikeslenmä bildirýän jogabyny peseltmek ýa-da basyp ýatyrmak wajypdyr.

Narkozyň täsiriniň ýene bir möhüm bölegi- hirurg lukmanlaryň işlemegi üçin amatly ýagdaýlary döretmek maksady bilen myşsalary gowşatmakdyr.

Taryhy maglumatlar

Ilkinji agyrsyzlandyryjy serişdeler dürli ösümliklerden (tirýek, konoplýa, belena, sikuty) erginler we gaýnatmalar görnüşinde ulanylypdyr.

Ösümlik şirelerinden "uky özeni" taýýarlanyp (özeni olara batyrypdyrlar) soňra olar ýakylypdyr. Olardan çykýan buglar bilen dem almak netijesinde näsaglar uklapdyrlar.

XIII asyrda ispaniýaly R. Lulliý efiri açsa, 1540-nji ýylda alym Parasels onuň agyrysyzlandyryjy häsiýetnamasyny beýan edipdir.

1846-njy ýylda Boston keselhanasynda (ABŞ) ilkinji gezek G. Morton efir narkozyny eňegasty çişi aýyrma operasiýasynda ulanypdyr.

Russiýada efir narkozy birinji gezek 1847-nji ýylyň 7-nji fewralynda   F. I. Inozemsow tarapyndan ulanylsa, şol ýylyň14-nji fewralynda rus lukmany N. I. Pirogow ony operasiýa wagtyagyrsyzlandyrma maksady bilen ulanypdyr.

1847-nji ýylda şotland akuşeri D. Simpson dogrum wagty narkoz üçin hloroformy ulanýar. 

XX asyryň aýagynda ksenon ulanylyp başlanýar. Häzirki zaman lukmançylygynda narkoz üçin ulanylýan serişdeler köpdürli bolup, olara ketamin,izoflýuran,sewoflýuran,propofol,  natriý suksinatyň gidroksidiony degişlidir.

Narkozyň görnüşleri

► Ingalýasion-derman serişdesi dem alyş ýollary arkaly goýberilýär. Gaz görnüşli serişdeleriň goýberiş usulyna baglylykda maska arkaly, endotraheal (bokurdagyň içine) we endobronhial (bronhlaryň içine) usullary tapawutlandyrylýar;

► Parenteral-wenanyň içine, öýkeniň emeli ýelejiretmesi bilen bilelikde wenanyň içine serişde goýberme, myşsanyň içine, göni içegä we başgalar;

► Utgaşdyrylan narkoz- agyrsyzlandyrma dürli narkotiki serişdeleri ulanma we olary goýbermekde dürli ýollary saýlap alma bilen amala aşyrylýar.

Narkoz wagty näsagyň dem alma ýagdaýyna baglylykda, onuň özbaşdak dem alma we öýkeni emeli ýelejiretme görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Dem almanyň ikinji görnüşi näsag uka gidensoň, agza-bokurdaga ýörite enjamy salma netijesinde ýa-da başga usullar bilen öýkene kislorod we başga gazlar utgaşmasyny goýberme amala aşyrylýar.

Narkozyň geçiş tapgyrlary

Narkozyň her tapgyryny amala aşyrma öz aýratynlyklary bilen tapawutlanyp, ol beýniniň we oňurga ýiliginiň belli bölümleriniň togtadylmagy bilen häsiýetlendirilýändir.

Narkozyň birinji, agyrsyzlandyryjy tapgyry üçin ýarymukuda bolma ýaly ýagdaý häsiýetlidir.

Dem alma kadaly, ýürek urma çaltlanan, myşsalaryň dartylma derejesi öňküligine ýa-da biraz ýokarlanyp bilýär. Beýnidäki agyry duýujy merkezleriň "öçürilmegi" sebäpli agyryny duýma peselýär ýa-da asla bildirenok.

Derman serişdeleriň goýberilmegini dowam etmek, olaryň täsiriniň güýçlenmegine getirip, ikinji tapgyryň-hereketleriň döreme tapgyrynyň başlanmagyna getirýär.

Bu ýagdaý beden myşsalarynyň dartylmagynyň ýokarlanmagy, el-aýagyň tertipsiz hereketleri, ýerinden turmaga synanyşmakýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Dem alma we ýürek urma kadasyz. Gan basyşy ýokarlanan. Göreçler giňelen. Tüýkülik, ýaş çykaryjy, bronhlarda ýerleşýän mäzlerden nemiň bölünip çykmagy ýokarlanýar. Adam çalt-çalt ýuwdunýar. Bu tapgyrda agyrsyzlanma has hem güýjeýär.

Narkoz serişdeleriniň täsiriniň güýçlenmegi netijesinde üçünji – hirurgiki narkoz tapgyry başlanyp, anesteziologiýada (agyrsyzlandyrma usullary öwrenýän ylym) ol 4 derejä bölünýär:

1. Ýüzleý narkoz – agyry we taktil duýgurlylyk ýitýär. Göreç daralýar. Dem alyş ritmiki, ses tarjagazlaryň gowşamagy netijesinde biraz hyžžyldyly. Gan basyşy kadalaşýar, ýürek urma ýygylaşýar. Beden myşsalary gowşamadyk. Artbujagyň büzüji myşsasynyň refleksi saklanyp galýar.

2. Ýeňil narkoz – Göreçler daralan we ýagtylyga duýgurlylyk ukyby ýitýär. Dem alyş we ýürek urma kadalaşan. Beden myşsalary bütinleý bolmasa-da gowşan. Garnyň ýylmanak perdesiniň çekilmegine duýujylyk ýiten.Bu tapgyrda  kiçi hirurgiki operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döreýär.

3. Doly göwrümli narkoz – dem alyş kadaly, ýüzleý.Gan basyşy peselýär. Beden agzalarynyň duýujylygy ýiten. Gözüň göreçleri giňäp başlaýar. Beden myşsalary gowşan. Şol sebäpli hem, eger dil ýörite saklanylmaýan bolsa, bokurdaga düşüp  dem alşa böwet bolup bilýär.Bu tapgyrda hirurgiki çäreleri doly göwrümdealyp barmaga mümkinçilik döreýär.

4. Aşa çuň narkoz – ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky ýagdaýdyr. Dem alyş ýüzleý. Ýürek urmalar gowşak. Gan aýlanyşy peselen. Nemli bardalar gögümtil reňkde. Göz almalary hereketlenmeýär, göreçler giňän, gözüň buýnuz gatlagy gury.

Ýaramaz täsirleri we gayraüzülmeler

Agyrsyzlandyrma (narkoz) çäreleri operasiýa wagty näsagyň bedeniniň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berýän bolsa hem, ol adaty bolmadyk ýagdaýlaryň we gaýraüzülmeleriň döremegine sebäp bolup biler.

Narkozyň getirip biljek gaýraüzülmelerini aşakdaky toparlara bölüp bolar:

♦ Juda ýygy duş gelýän gaýraüzülmeler – ýürek bulanma, bokurdakda agyry, sandyrama, baş aýlanma, kelleagyry, huşuň dury bolmazlygy, bilde we arkada döreýän agyrylar, myşsadaky agyrylar. Bu alamatlar 10 adamyň 1-de duş gelip biler.

♦ Ýygy duş gelmeýän gaýraüzülmeler – operasiýadan soňky öýken sowuklamasy, dişleriň, diliň, dodaklaryň şikeslenmesi, narkoz wagty oýanmak. Bu alamatlar her 1000 näsagyň 1-de duş gelip biler.

♦ Seýrek we örän seýrek duş gelýän gaýraüzülmeler – Umumy agyrsyzlandyrma ýa-da ýerli agyrsyzlandyrma netijesinde nerwleriň şikeslenmegi, allergiki täsirlilik (anafilaktiki şok), umumy agyrsyzlandyrma wagty gözüň şikeslenmegi, beýniniň şikeslenmegi ýa-da ölüm. Bu alamatlar 10000 adamyň 1-de, ölüm ýagdaýy bolsa her 100000 adamyň 1-de duş gelip biler. 

Narkoza garşy görkezmeler

Umumy agyrsyzlandyrmany geçirmäge garşy görkezmeler ýokdur hem-de näsaga ýaşaýyş üçin derwaýys görkezmeler esasynda operasiýa geçirmeli bolan ýagdaýynda, umumy agyrsyzlandyrma usuly ulanylýandyr.

Aşakdaky narkoza garşy görkezmeler ýerli agyrsyzlandyrma ýa-da umumy agyrsyzlandyrma ulanylyp, meýilnama boýunça geçirilýän operasiýalar üçin degişlidir:

Narkoz wagty näsagyň umumy ýagdaýyna gözegçiligi, gan basyşyny, ýürek urmasyny barlamak, elektrokardiografiýa barlagy, ganda kislorodyň derejesini anyklamak (ganyň barlagy, deriniň we nemli gatlagyň ýagdaýy), beden temperaturasyny ölçeme, göreçleriň ýagdaýy, peşew çykarylmagyň tizligi, ganyň biohimik barlaglary geçirmek esasynda alnyp barylýar.

Häzirki zaman narkoz beriji enjamlary öýkeni emeli ýelejiretmegiň dürli görkezijilerini gözegçilikde saklamaga, ýörite monitorlar bolsa dem almada girýän we çykýan howanyň düzümini (kislorod, kömürturşy gaz, azodyň zakisiýalyserişdeleriň bugy) anyklamaga mümkinçilik berýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.