TRAMADOL NÄHILI DERMAN?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.11 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Tramadol çalt we dowamly agyrsyzlandyryjy täsirli serişde bolup, esasan dowamly agyrylarda, operasiýadan soňky döwürde, şikeslenmelerde, täze döremelerden ejir çekýän näsaglarda ulanylýar. Serişdäniň wena, myşsanyň içine goýberilýän, gerdejik we göni içegä goýulýan şem görnüşleri bardyr.

Tramodolyň adaty mukdarda çynlakaý ýaramaz täsirleri ýüze çykmaýan bolsa hem, ol ýürek bulanma, gaýtarma, başyň aýlanmagy, derlegenlik ýaly alamatlary döredip biler.

Tramadoly alkogol serişdeleri bilen zäherlenen näsaglara, narkotiki agyrsyzlandyryjylara duýgurlylygy bolan adamlara, göwrelilere, 1 ýaşdan kiçi çagalara ulanma maslahat berilmeýär.

Oňa öwrenişme ýa-da täsiriniň peselip bilme häsiýetiniň barlylygy sebäpli tramadoly uzak wagt ulanmak bolmaýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.