ERBET ÝATLAMALARY, HADYSALARY NÄDIP UNUDYP BOLAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Gynansak hem, biziň jogapkärçiliklidigimize, ünslüdigimize garamazdan, käwagt ýol-ulag heläkçiligine duçar bolýarys.

Bu ahwalat sürüjide güýçli gorky ýagdaýyny, howsalany döredip, maşyn sürmegi kynlaşdyryp biler.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda, psihologlar maşyna münmäge gyssanmaly däldigini ündeýärler. Eger maşyn sürme zerurlygy ýüze çykýan ýagdaýynda hem, uly, köp maşynly ýollara çykman, az hereketli, şäheriň çetindäki ýollarda ýöremegi, eger mümkinçilik bolsa, maşyny wagtlaýyn size ýakyn başga adamlaryňyzyň (ogluňyz, aýalyňyz, agaňyz) sürmegini maslahat berýärler.

Ýol-ulag wakasyny ýatdan çykarmak üçin "ýakymly assosiýasiýalar" usulyny hem ulanmak peýdaly bolup biler.

Ýaramaz ahwalata duçar bolan wagtyňyzdaky diňlän saz disklerini çalyşmak (başga halaýan sazyňyza), maşynyň içine başga ys beriji abzaly goýmak, maşynyň içine timar beriji zatlary Siz üçin ýakymly bolan başgalary bilen çalşyrmak hem peýdaly netijeleri berip biler. Siz öz hatyňyzda üç ýyl ozal bolan waka barada gürrüň edýärsiňiz. Elbetde, islendik ýaşaýyş tejribesini, hatda ol biz üçin ýakymsyz hem bolsa, biziň aňasty aňymyz "ýaryp alyp", ol barada bize ýatladyp durmaga (käwagtlar biziň islegimize seretmezden) çalyşýar. Şeýle etmek bilen ol bizi goraýar, biziň ýalňyş hereket etmegimiziň "öňüni alýar". Onsoň hem, Siz öz sürüjilik bilimiňiziň, tejribäňiziň bardygyny hem unutmaň. Eger Sizde çendenaşa howsalalyk duýgusy döräp, maşyn sürmäge böwet bolýan bolsa, onda wagtlaýyn maşyn sürmeden ýüz döndürip, psihoterapewt lukmanyna ýüz tutuň. Psihoterapewt Siz bilen özbaşdak psihologiki bejeriş çärelerini geçirip, bu ýagdaýdan dynmaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.