BEZZAT ÇAGA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

► Çaga garaşylan, onuň dünýä inmegi meýilleşdirilen bolmalydyr.

► Çagany ruhy şikeslenmelerden azat etmak üçin mylakatly gylyk-häsiýetli ene-ata, ýaramly ýaşaýyş şertleri gerekdir.

► Çaganyň ömrüniň birinji iki ýylynda ol ynjamaz ýaly terbiýelemeli. Bu ýaşda oňa güýç bilen kada-düzgüni, tertipliligi öwretmegiň geregi ýokdur, ýöne çendenaşa ugruna hem goýbermeli däldir.

Bu döwürde ene bilen çaga bir bitewiligi düzýändirler. 2,5-3 ýaş bolsa terbiýäni berip başlamagyň wagtydyr.

Çaganyň hemme diýeni bilen bolup bolmaýar, ýöne onuň şahsyýet hökmünde özüni görkezme synanyşygyna badak atmaly däldir. Bu ýaşda çaga ilkinji kiçijik kynçylyklara sezewar bolup, olary ýeňip geçmäge synanyşýar. Şol synanyşyklarda oňa goltgy berip, öwgüli sözleri aýtma, ony öwmek peýdalydyr.

6-7 ýaşdan çagany  durmuş  gymmatlyklaryna imrikdirmäge başlamalydyr. Islendik ene-ata hem öz çagasynyň ejesiniň, kakasynyň, öýüniň, maşgalasynyň gadyryny bilmegini isleýärler.

Ýöne çaga hem, edil uly adamlar kimin "bar zadynyň gadyryny bilmeýär" ahyryn.

Şu düzgüni bilip-de, köp ene-atalar çagany wagtlaýyn öýden daşlaşdyrmaga dözmeýärler.

Elbetde, şäherde ýaşap çagany köçä kowup bolmaz. Ýöne oba şertlerinde çagany hammama ýa-da howluda gurlan başga jaýa wagtlaýyn ugradyp, öýüň gapysyny öňünde ýapyp, öýde ýaşamagyň lezzetini bildirip bolar.

► Çagalara ene hemişe ýakyn, "elýeterli" bolsa-da, ata hemişe "elýeter" bolmaly däldir. Ata bilen çaganyň arasynda biraz "araçäk" bolmalydyr. Daşky (atanyň aýratyn otagy) hem-de içki (öz terbiýeçilik prinsiplerine gyşarnyksyz eýermek) araçäk, ata bilen gatnaşygy baýramçylyga öwrer, onuň her sözüni diňlemäge isleg döreder.

► 6-7 ýaşdan çaga ene-atanyň söýgüsini, ünsüni, oýnawaçlaryny öz gowy hereketleri bilen gazanmalydygyny düşündirmelidir. Bu döwürde çagany zähmete imrikdirme çärelerini başlamak dogry bolar. Esasy öňe sürmeli şygar – "Işlemedik-dişlemez".

► Çaga terbiýesinde iň nädogry hereket-ony bezzatlygy üçin urmakdyr. Bu hereket bilen çaganyň ene-atasyna bolan sylagyny ýitirip bolar. Tersine, çagany daşky gurşaw "urup", köçeden ýa-da mekdepden gelip öz hereketlerine seljerme berende, Siz öz maslahatyňyz bilen kömek etseňiz, bu Siziň has ysnyşmagyňyza getirip biler.

► Çagalar bilen gezmek, maşgala çärelerini gurnamak, oýunlary oýnamak, olary diňläp, pikir alyşmak, Siz bilen ýakynlaşmaga, ynamlylyga ýol açmaga kömek edip biler. Çagalaryňyz bilen hemişe ynamdar gatnaşykda boluň.

Çaga terbiýesi babatda aýdara zat köp, onuň dürli aýratynlyklary hakynda köp pikir alyşmalary beýan etse bolar. Esasy wezipe: 22 ýaşyň çäginde adamyň ösüşiniň esasy görkezijisi – onuň belli maksadynyň bolmagy, onuň esasy ýol görkezijisiniň bolsa-öz-özüne ynamlylygy, häsiýetiniň esasy tarapy bolsa – hemmelerden hemme zady öwrenmeklik endiginiň gazanylmagydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.