TUT KÖMELEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizi gyzyklandyrýan tut kömelegini kokos görnüşli poriýa, kokos görnüşli trutowik, hindi çöregi diýip hem atlandyrýarlar. Onuň esasy watany Hytaý, Ýaponiýa ýurtlary bolup, ol daglyk ýerlerde ösýän arçalaryň (tut agajy däl) çyg kökünde (ýeriň aşagynda) ösýändir. Bu kömelek özünde triterpen, pahim, glýukan turşulygyny, polisaharidleri saklaýandyr. Öz düzümine baglylykda, gandaky süýjüniň derejesini peseltmek ukybyndan başga-da, onuň öýjükleriň nädogry köpelmeginiň öňüni alma, buşukdyryjy, gany zäherlerden arassalaýjy, wiruslara garşy göreşiji, kalsiý mineralynyň ýitgisiniň öwezini dolujy häsiýetlerini hem tapawutlandyrýarlar. Ondan başga-da, bu kömelejigiň ýürek-damar ulgamyny tijendiriji, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy täsirleri bellidir.

Poriýa kömeleginiň gaýnatmasyny şeýle taýynlaýarlar: suwuň 250 ml-na 6-15 gr kömelegiň tozuny goşup, 5 minut gaýnadýarlar, 30 minut saklap, süzýärler. Günde 4 gezek 50 ml mukdarda kabul edýärler.

Poriýa kömeleginiň günde 15 gr-dan köp bolmadyk mukdaryny kabul etmek maslahat berilýär.

Kömelek gaýnatmasy bilen bejergi geçirmezden öň öz lukmanyňyz bilen maslahat etmek ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.