AHLAK NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.42 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Ahlaklylyk – haýyrlylyk, ýagşylyk nukdaýnazaryndan adamynyň öz gylyk-häsiýetine, hereketlerine berýän bahasydyr. Ahlaklylyk  her jemgyýetiň içinde belli bir kada-düzgünlerde jemlenen bolsa-da, bu düşünjä her kim öz ýaşaýan gurşawyna, terbiýesine, ýaşyna baglylykga her dürli manyda düşünip biler.

Näme "ahlakly" ýa-da "ahlaksyz" – kesgitlemek kyn. Nikadan öň jynsy gatnaşyklary geçirme – kadamy ýa-da ahlaksyzlyk? Erkek adam dört aýal saklap bilýärmi? Awtobusda, saçy çalaran garry mamanyň ýanynda iki ýaş juwanyň öpüşip oturmagy näme? Şahsyýet azatlygymy ýa-da ahlaksyzlyk? Bu soraglara her kim dürli-dürli jogap berip biler. Meniň pikirimçe, ahlakly adam – bu öz hereketleri, ýaşaýyş düzgüni bilen özüne hem, daşyndakylara hem zyýan ýetirmeýän şahsyýet bolmaly. Bu wajyp mesele babatda maňa başga adamlaryň, has hem ýaşlaryň pikirini bilme gyzykly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.