ÇILIMI NÄDIP GOÝMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Çilimi goýmak  kynçylygy hem, edil başga zyýanly endiklerden  dynma  synanyşygy ýaly erkliligi, gaýratlylygy, wagty, çydamlylygy talap edýändir. Dermançylyk senagaty çilime (has takygy nikotine) bolan garaşlylykdan azat bolmaga kömek edýän derman serişdeleri (meselem, Nikorette serişdesi) öndürip hödürleýän bolsa-da, esasy gazanylmaly netije adamynyň  öz islegine baglydyr. Çilimi taşlamagyň usullary barada 5-6 sözlemde aýdyp geçmek mümkin däldir. Şonuň üçin bu babatda  hünärmenleriň peýdaly maslahatlaryny , saýtymyzda ýerleşdirilen "Nikotin "tussaglygyndan" azat boluň!", "Çilimkeşlik" atly  makalalaryndan alyp, peýdalanyp bilersiňiz. Size bu endikden üstün çykmagy arzuw edýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.