OKYJYMYZYŇ HAÝYŞY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Hormatly Dawid!

Siziň pikiriňizçe, jemgyýetdäki ýaramaz hadysalar, nogsanlyklar barada kim aýdyp, kim degerli çäreleri görmeli? Biziň özümiz öz kynçylyklarymyz barada aýdyp, bile peýdaly we göwnejaý netije çykarmasak, olary çözmek üçin çäreler görüp, "kelle döwmesek", biziň ýerimize ony kim ýerine ýetirsin?! Jemgyýetde gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan, ahlak gymmatlyklarynyň üýtgeýän döwründe adamlaryň, esasan hem ýaşlaryň pedofiller, lesbiýler, jelepçilik we başga sosial hem-de lukmançylyk jähtden kynçylyklar, olaryň şahsyýet üçin ýaramaz tarapy barada habarly bolmagy örän wajypdyr. Habarly adam-ýaramazlyga döz gelmäge ukyply, öz pikirli adamdyr. Düşünjeli, terbiýeli ýaşlaryň ak bilen garany saýgaryp biljegine ynamly bolup bolar. Meniň pikirimçe, esasy etmeli zat- ýaşlara elýeterli, dogry maglumat bermekdir.

Bu mesele babatda öz pikiriňizi äşgär edeniňiz üçin men Size minnetdar. Çünki bir mesele hemişe dürli tarapdan seredilse, çalt we dogry netije çykaryp bolýar. Belki bu mesele barada biziň beýleki okyjylarymyz hem öz pikirlerini mälim ederler!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.