GÖBEK HALKASYNYŇ GOWŞAMAGY ÝA-DA GÖBEGIŇ ÇÖZÜLMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Göbek bagynyň çözülmegi diňe ýaňy doglan çagalarda duş gelýän we bitip barýan göbek halkasyndan ganyň akmagy bilen häsiýetlendirilýän örän howply gaýraüzülmedir. Uly ýaşly adamlarda agyr fiziki zähmetiň täsiri bilen, göbek halkasyny düzýän dokumalaryň açylyp, göbek ingisiniň döremegi üçin töwekgelçiligiň uludygyny belläsim gelýär. Eger lukman inginiň alamatlaryny kesgitlemedik bolsa, sizde döreýän agyrylar garnyň göni myşsasynyň süýnme alamatlaryny gümän etmäge esas döredýär. Biraz wagt sport türgenleşikleriňizi bes edip, agyrylaryň döreýşine syn ediň. Eger öň ýüz tutmadyk bolsaňyz, hirurg lukmanyň maslahatyny alyň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.