GÖBEK GANYNY SAKLAÝAN BANK BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Soňky ýyllarda sütünli (stwolowoý) öýjükleriň ähmiýeti barada maglumatlary beýan edýän makalalara köp düş gelmek bolýar. Islendik beden agzasynyň başlangyjyny berip biljek sütünli öýjükleriň bu häsiýetini, geljekde genetiki keselleriň käbir görnüşlerini bejermekde, transplantalogiýada, onkologiýada, ganyň kesellerini bejermekde üstünlikli ulanyp bolar. Ýaňy doglan çaganyň göbek gany bu ýaş öýjükleriň köp mukdaryny saklaýandyr. Türkmenistanda göbek ganyny saklaýan bank ýok. Ýöne lukmançylyk üçin bu wajyp mesele bilen biziň hem alymlarymyzyň gyzyklanyp, şeýle bankyň döredilmegine talabyň ýüze çykjakdygyny belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.