BEDENDÄKI BIOTOK WE SAGLYK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden kesellerini we bozulmalaryny biologiki kuwwatlylygyň kömegi blen bejermegi bioenergoterapiýa diýip atlandyrýarlar. Iýmitden, daşky gurşawdan toplanýan kuwwatlylyk ulgamy bilen bedeniň fiziki gurluşy gönüden-göni baglanyşykda bolup, beden bozulmalary beden biotoklarynyň has pes ýygylykly, gowşak görnüşe geçmegine getirýär.

Tebipler ýa-da bioenergoterapewt lukmanlary aýratyn ruhy kämilligi gazanmak bilen, dine bir başga adamlaryň kuwwatlylyk ýagdaýynyň bozulmalaryny duýmagy başarman, eýsem öz bioenergetiki çeşmelerini üýtgedip, ol kuwwatlylyk akymyny näsaga gönükdirmäge ukyplydyrlar. Şeýlelikde, olar başga adamynyň kuwwatlylyk örtügine täsir edip, ony baýlaşdyrýarlar we güýçlendirýärler. Elbetde, tebip ýa-da bioenergoterapewt lukmany öz kuwwatlylyk çeşmesi bilen paýlaşyp, bedeniniň tapdan düşmegine sebäp bolup biler.

Amaly lukmançylykda bu ýagdaýlaryň tebigatyny öwrenýän barlaglar geçirilmeýär we bu barada dürli düşündirişler bolup biler. Eger Size başgalaryň kuwwatlylyk örtügine aralaşma we adamlara tarap öz peýdaly kuwwatlylyk çeşmäňizi gönükdirip "hüjüm etmek" kynçylyk döredýän bolsa, beýle aragatnaşykdan saklanyp, "ünsüňizi sowmagy" türgenleşdirmegiňizi maslahat berip bileris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.