SAÝTDAN DOGRY PEÝDALANMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIN!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.04 (51 Ses)

Salam lukman! Men Internetde bir gyzykly maglumat tapdym. Ýüzdäki yzlary şu usullar bilen aýryp bolýan ekeni:

"Лазерная шлифовка – способ, когда с помощью лазерного луча кожа делается более гладкой. Механический и химический пилинг. С помощью специальных средств отшелушивается верхний ороговевший слой кожи. Это стимулирует регенерацию кожи и придает ей эластичность. Инъекции коллагена. При этом методе в атрофические рубцы вводится коллаген, который заполняет впадины и корректирует внешний вид кожного покрова".

Menin soragym şeýle: şu usullar barada saýtda maslahat berilmedimikä? Bu usullar howpsuzmy? Düwürtikleriň yzlary doly aýrylýarmyka? Türkmenistanda şeýle düzgünleri ulanýarlarmyka?

Saýtyň okyjysy.

Salam Lukman! Men 19 ýaşymda. Yüzümde köp bolmadyk düwürtik hemem yzlary bardy. Käwagt ulyrak düwürtik çyksa, kabiri düwün ya-da içi ganly bolup calaja pökgerip duryady. Maňa kalsiý hlorid bilen gan çalyşma etdirsem peýda etjekdigini aýtdylar. Şony etdiremson düwürtigin gara-gyzyl agyryly yzlary köpeldi. Nirä, haýsy lukmana yüz tutamda ya-da nähili bejergi alamda peýdasy degjekdigini aýtsaňyz Sizden örän hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly lukman! Ýüzümdäki peýda bolan wesnuşkalar uzak wagtlap aýrylmaýar. Günüñ aşagyndada bolmaýaryn, emma wesnuşkalar ýüzümde bar. Wesnuşkalara garşy nähili çäreleri we haýsy dermanlary maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makalalar: "Ýetginjeklik düwürtikleri", "Ýüzdäki pigmentli menekleriň döremeginiň sebäpleri we olary aýyrmagyň usullary" hem-de "Düwürtikleri nädip aýyrmaly?" diýen soraga jogap ("sorag-jogap" bölüminde).

*****

Salam lukman! Men sizin saýtyňyzda berilýän habarlary uly höwes bilen okaýan. Men size şeýle sorag beresim gelýär. Jynsy gatnaşyk wagty meniň jynsy agzam ýatýar, ýagny işlemeýär. Bu ýagdaý meniň aýalymyň gaharyny getirýär. Bu oňaýsyzlygy aradan aýyrmak üçin men name etmeli?

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Jynsy gowşaklyk".

*****

Salam lukman! Soňky döwürlerde mende erbet hor çekme ýüze çykdy. Şol näme sebäpden bolýar? Oňa garşy näme etsem bolarka?. Sol barada aýdaýsaňyz.

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Siz ýuwaş ýatyp bilýärsiňizmi?".

*****

Salam hormatly lukman! Men 17 ýaşymda. Jynsym erkek. Meniñ çep ýumurtgamda damarlarym bir hili üýşüp dur. Arasynda ulalýp kiçelýär hem. Eýýäm 2,5ýyl bäri bar. Men hiç lukmana görnüp göremok. Men siziñ maslahatyñyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Warikosele: sebäpleri, alamatlary we bejergi usullaryň aýratynlyklary".

*****

Salam lukman! 1 ýyl ozal mende ganazlygyn (anemiyanyn) barlygyny we ýalňyşmaýan bolsam demrin yetmezçiligi sebapli dörändigini aýtdylar. Mana gök önümleri, miweleri, malyň bagryny... we başgada köpdürli iýmitleri iýmegi maslahat berdiler. Yöne eşidişime görä ysmanak we kädi hem ganazlyga peýdaly diýýärler. Eger peýdasy bar bolsa, bulary nähili usulda iýsem has gowy netije alaryn? Gaýnadypmy ya-da buga bişirip iýsem has tiz peyda ederka? Maslahatynyza garaşýan.

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Gan azlylyk: dogry iýmitlenmegiň düzgünleri we derman serişdeleri", "Demir ýetmezçilikli ganazlylyk".

*****

Hormatly lukman! Inçekesel we onuň ýaýraýşy barada güňişleýin gürrüň beräýseňiz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makalalar: "Inçekeseliň döremegine getirýän töwekgellik faktorlar", "Çaga inçekeseli: alamatlary, bejergisi, öňüni almak", "Süňk inçekeseli", "Aýal jyns agzalarynyň inçekeseli".

*****

Salam hormatly lukmanlar! Men 17 ýaşymda. Menin boýum 1m 40sm. Men boýumyň ösmegi üçin näme etmeli? Maslahat bermeginizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Boýy ösdürmegiň usullary barada peýdaly maslahatlar".

*****

Hormatly lukman! Gözümin aşagynyň garalmagynyn sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Gözüň aşagynda gök tegmilleriň we "haltajyklaryň" emele gelmeginiň sebäpleri".

*****

Salam hormatly lukman! Men her gün ýatyp turamda bilim agyryp turýaryn. Böwrekdendigini hen bilemok. Işim bilen bolup ýören wagtym welin hic hili agyranok. Men entek hic hili lukmana yüz tutamok. Şeýle ýagdaýda menin näme etmelidigim barada maslahat beräýseniz!

Saýtyň okyjysy.

Saýtda ýerleşdirilen makala: "Bilde döreýän agyrylaryň sebäpleri we alamatlary".

Hormat bilen, saýtyň lukmany.