Içgeçme her ýyl dünýäde 500 müňden köp bäş ýaşdan kiçi çaganyň ýogalmagyna sebäp bolýar. Bu ölümleriň aglabasynyň amatly we oňaýly bejergi bilen öňüni alyp bolýar. BSGG içgeçmä esasy çäreleriň biri hökmünde suwa garyp içilýän elektrolit paketlerini maslahat berýär. Elektrolitler bedeniň suw-duz sazlaşygyny dikeldip, içgeçme sebäpli döreýän howply suwsuzlygy bejerýärler. Emma welin, dünýädäki içgeçme hadysalarynyň ýarysyna golaýynda näsaga elektrolit garyndysy berilmeýär.
Dowamy
Ýakynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy barlag çilim çekmegiň adamyň immun ulgamynyň esasy böleginde uzak wagtlyk zyýanly täsirlerini görekezip, çilim çekmezlik üçin ýene bir uly sebäp hödürleýär.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) 2022-nji ýylda täzelenen hasabatlar ýygyndysy dünýäniň dürli ýurtlarynda rak bilen baglanyşykly möhüm sanlary aýan edýär. Hasabatda Türkmenistanda rak kesellerine degişli çeşmeleriň ýokdugy bellenilip, berlen sanlaryň çaklamalara we goňşy ýurtlaryň görkezijilerine esaslanýandygy aýdylýar.
Dowamy
Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň 87-nji mejlisi (29-njy ýanwar 2024 – 16-njy fewral 2024)
Türkmenistan
Ýanwar 29, 2024
Progres Fondunyň çykyşy
Mähriban hormatly agzalar, Biz Türkmenistandaky aýallaryň ýagdaýyny we döwletiň heniz hem aýallary zorlukdan hem-de diskriminasiýadan goramakda öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändigini ara alyp maslahatlaşmaga berlen bu mümkinçilik üçin Komitete minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu interwensiýada biz döwletiň uly kemçilikleriniň käbiriniň üstünde durup geçeris.
Dowamy
Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň 87-nji mejlisi (29-njy ýanwar 2024 – 16-njy fewral 2024)
Türkmenistan
Ýanwar 29, 2024
Center for Reproductive Rights guramasynyň çykyşy
Hanym başlyk we hormatly Komitetiň agzalary, Türkmenistanda aýallaryň aborta elýeterliliginden söz açmak mümkinçiligi üçin size minnetdarlygymy bildirýärin.
Dowamy
Gandaky belogyň derejesini ölçemekligiň Alsgeýmer keselini anyklamakda tas oňurgadan suwuklyk almak we beýnini surata düşürmek bilen deň netije berip biljekdigini soňky ylmy barlag görkezdi.
Ylmy barlagda ABŞ-dan, Kanadadan we Ispaniýadan jemi 786 gatnaşyjyny öz içine alan dürli synaglaryň derňewleri öwrenildi. P-tau217 belogynyň tapylmagy Alsgeýmeriň ýüze çykmagy bilen berk baglanyşdyrylýar. Bu belogyň gandaky möçberini ölçemek arkaly keseliň alamatlaryny anyk kesgitläp boljakdygyny ylmy barlagçylar bellediler.
Dowamy
Gyrgyzystanda palliatiw kömege mätäç adamlaryň anyk sany näbelli bolsa-da, ýurtda hasaba alnan 25 müňden gowrak rak keselli pasiýent bar. Emma palliatiw kömek diňe onkologik kesellilere däl, eýsem inçekesel, ýürek keselleri, AIDS, süýji keseli we adamyň ömrüniň soňuny kynlaşdyrýan başga-da birnäçe kesellerden ejir çekýänlere gerek bolup bilýär.
Palliatiw kömek bejerip bolmaýan ýa-da agyr geçýän kesellerden ejir çekýän adama, onuň ýagdaýyna baglylykda, ýaşaýşy üçin amatly şertleri döredýän çäreleriň toplumydyr. Palliatiw lukmançylygyň esasy wezipesi agyryny we başga bimaza ediji alamatlary ýeňletmek, ýokary hilli ideg, şol sanda pasiýente we onuň dogan-garyndaşlaryna sosial, psihologik we ruhy taýdan goldaw bermekdir.
Dowamy
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) ýürek-damar, dem alyş we newrologik keselleri bejermek üçin dermanlary gowşurdy. Dermanlaryň jemi bahasy 375,244.80 ABŞ dollaryna barabar bolup, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirildi.
Dowamy
Antibiotik serişdelerine bolan durnuklylyk – bu bakteriýalaryň, wiruslaryň, kömelekleriň (gribok), we parazitleriň dermanyň täsirine öwrenişmegidir. Bu hadysa köp duş gelýän ýokanç keselleriň bejergisini kynlaşdyryp, keseliň ýaýramagyna, agyrlaşmagyna we ölümçiligiň artmagyna eltip bilýär.
Ylmy barlagçylaryň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi bilen utgaşyp artjak antibiotiklere durnuklylyk dünýäniň ilatyna howp abandyrýar.
Howanyň üýtgemegi we antibiotiklere durnuklylyk döwrümiziň iň uly iki saglyk meselesidir.
Dowamy
Soňky ýyllarda garaşsyz çeşmeler Türkmenistanda tozanly tupanlaryň turýandygy barada ýygy-ýygydan habar berýärler. Sen şeýle ýagdaýy başdan geçirip gördüňmi? Tozanly howanyň saglygyňa täsirlerinden habaryň barmy?
Dowamy