Dowamy
Hindistanda tenini satmaga mejbur edilen iki sany özbegistanly gyz gorkuzmalara we zalymlyga sezewar bolandyklary barada BBC Hindi habarlar gullugyna gürrüň berdiler. Olar immigrasiýa jerimeleri sebäpli Hindistandan çykyp bilmeýän ençeme gyzlar bilen birlikde özlerini gapana düşen ýaly duýýarlar.
Dowamy
Adaty sowuklama ýa-da dümew üçin derman gözläniňizde dykylan burny açmagy, burnuň akmasyny duruzmagy we üsgülewügi aýyrmagy wada edýän birnäçe serişdelere duş gelip bilersiňiz.
Emma, lukmanlar şol dermanlaryň sowuklamany bejerýändigi barada ylmy subutnamalaryň ýetersizdigini aýdýarlar.
Dowamy
Gyzamyk örän ýokanç keseldir. Wirusa ýakynlaşan, emma zerur goranyşy bolmadyk 10 adamdan 9-syna gyzamyk wirusy ýokuşýar. Gyzamygyň möwjemesi sebitde habar berilýän hadysalaryň sany garaşylýan mukdardan köp bolanda yglan edilýär. Häzirki wagtda, gyzamyk hadysalary dünýäniň ähli sebitlerinde ýüze çykýar. 12,985 sany habar berlen hadysa bilen Gazagystan gyzamygyň iň köp ýaýran on ýurdunyň arasynda üçünji orunda durýar.
Dowamy
Gyrgyzystanda öýde we daşarda aýal-gyzlara garşy gender esasly zorluk giňden ýaýrandyr we onuň jemgyýetde adaty zat hökmünde kabul edilmegi çynlakaý alada döredýär.
Hökümet öýdäki zorluk barada maglumat ýygnasa-da, maglumatlarda belli ilat toparlary, şol sanda maýyplygy bolan aýallar we gyzlar kesgitlenilmeýär. Gender esasly zorluk, öýdäki zorluk, mejbury we çaga nikasynyň pidalary baradaky resmi statistika maýyplyk barada maglumatlary öz içine almaýar.
Dowamy
BSGG görä, dünýäde täze ene bolanlaryň 40 milliondan gowragy dogrumdan soň saglyk meselelerini başdan geçirýärler. Şol saglyk meseleleri ýeterlik derejede habar berilmeýär, ykrar edilmeýär we bejerilmeýär.
Dowamy
Ýewropada we Merkezi Aziýada ~11 million çaga maýyplygyň haýsydyr bir görnüşi bilen ýaşaýar. Dünýädäki her çaga ýaly, maýyplygy bolan çagalaryň hem her biriniň ýerlikli ideg we bilim bilen terbiýelenmäge we goldanylmaga, ýeterlikiýmitlenmäge, sosial goraglylyga, oýnamakdan we dynç almakdan lezzet almaga hukugy bardyr. Emma, bu hukuklar köplenç ret edilýär. Onuň sebäplerine stigma, hyzmatlaryň elýetersizligi, fiziki päsgelçilikler we beýlekiler degişlidir. 2023-nji ýylyň noýabrynda ÝUNISEF-iň çap eden "Ýewropada we Merkezi Aziýada maýyplygy bolan çagalar: Olaryň abadançylygyna statistiki syn" atly hasabaty sebitimizdäki 9 ýurtda (Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Belarussiýa, Serbiýa, Kosowa, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa) maýyplygy bolan çagalaryň aýratynlyklary we hal-ýagdaýy barada maglumatlar berýär.
Dowamy
28-nji noýabrda Gazagystanyň Saglyk ministri Ajar Giniýat Gazagystanda 17 müňden gowrak gyzamygyň hasaba alnandygyny, kesellänleriň 82%-den köpräginiň esasan waksina almadyk çagalardygyny habar berdi.
Häzirki wagta 2375 çaga keselhanada bolup, olaryň 30-sy agyr ýagdaýda reanimasiýa ýerleşdirildi. Olardan 15-si bir ýaşa ýetmedik çagalar. Ölümçilik entek hasaba alynmady.
Dowamy
Şu ýylyň noýabrynda Parižde geçirilen Öýken saglygy boýunça konferensiýada tanyşdyrylan ylmy barlag dermanlara durnukly inçekesel ştamlaryny gysga wagtda, agyzdan kabul edilýän dermanlar arkaly bejermäge uly umytlar berýär.
Dowamy
BSGG we Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) tarapyndan bilelikde taýýarlanan täze hasabata görä, çagalara gyzamyga garşy waksinanyň berlişiniň "howply derejede" peselenligi sebäpli dünýäde gyzamyk hadysalary ýokarlanýar.
Dowamy