• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • ÄGÄ BOLUŇ: DÜMEW

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÄGÄ BOLUŇ: DÜMEW

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Dümew – agyr wirus ýokançlygy. Ol adamyň ýaşyna ýa-da jynsyna garamazdan, hemmelere ýokup bilýär. Bu ýiti kesel duýdansyz başlanýan rinit, burnuň bitmegi, bronhlary şikeslendirýän üsgülewügiň ýüze çykmagy bilen tapawutlanýar.

Her ýylyň sowuk paslynda dümewiň epidemiýasy ýer togalagynyň ilatynyň 15%-ni şikeslendirýär. Dümew we ýiti respirator wirus ýokançlygy ýokanç keselleriň umumy göwrüminiň  95%-ni tutýar. Her ýyl  dünýäde 500 million adam  dümewläp, olaryň 2 million töweregi aradan çykýar. Dümew we ýiti respirator keseli ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň  kadaly durmuşymyzyň 1 ýyla barabar döwrüni eýeleýär. Şol bir ýylyň dowamynda adam gyzdyrmadan, wirus beloklary zerarly bedeniniň zäherlenmesinden, kellagyrydan, ysgynsyzlykdan, umumy gowşaklykdan ejir çekip, ygtyýarsyz ýagdaýda ýatýar. Dümew agyr geçende, ýürek-damar ulgamyny, dem alyş agzalaryny, merkezi nerw ulgamyny  şikeslendirilip, agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar. Bu bolsa öz gezeginde  ýürek-damar keselleriniň, dem alyş ýollarynyň we öýken sowuklamasynyň, beýniniň we onuň bardalarynyň (meningoensefalit) zeperlenmeginiň döremegine sebäp bolup biler.

Dümew baradaky ilkinji maglumatlar  köp asyr mundan öň Gippokrat tarapyndan bellenilipdir. Köp adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan dümewiň pandemiýasy (keseliň köp ýurtlara ýaýramagy) ilkinji gezek 1580-nji ýylda resmi taýdan bellenilýär. "Ispanka" diýlip atlandyrylan  pandemiýa 1918-1920 ýyllarda 20 million adamyň aradan çykmagyna sebäp bolýar.

Keseli döredýän dümew wirusy 1931-nji  ýylda açyldy. Dümewiň A wirusy Angliýada 1933-nji ýylda, B wirusy 1947-nji ýylda, C wirusy bolsa 1947-nji ýylda açyldy.

Dümewiň A wirusy keseliň ortaça we agyr görnüşlerini döredýär. Hut A wirusy zerarly pandemiýa döreýär. Ol adamlary we haýwanlary şikeslendirýär.

Dümewiň B wirusy pandemiýany döretmeýär. Wirusyň bu görnüşi köplenç çagalary keselledýär.

Dümewiň C wirusy heniz doly öwrenilmedikdir. Keseliň alamatlary asla bildirmeýär ýa-da gowşak ýüze çykýar. Ol diňe adamy şikeslendirýär.

Dümewiň wirusy örän aňsat ýokuşýar. Ol köplenç howa-damja ýoly arkaly geçýär. Ol gündeki durmuşda ulanylýan zatlar arkaly hem ýokuşyp bilýär. Adam asgyranda, üsgürende, gürlände, onuň burnundan we bokurdagyndan  ýokançlykly we dümew wirusly  tüýkülik, nem, gakylyk syçraýar. Näsagyň  töwereginde  ýokançlyk meýdany emele gelýär. Ýokançlyklar we wiruslar adatça 2-3 metrden daşa ýaýramaýar.

Dümew köplenç ýiti görnüşinde geçýär. Inkubasion döwri  2-5 gün dowam edýär. Soňra keseliň ýiti kliniki döwri başlanýar. Keseliň agyrlygy  syrkawlanyň umumy saglyk ýagdaýyna, ýaşyna,  wirusyň bu görnüşi bilen  öň keselländigine ýa-da kesellemändigine  baglydyr. Şu görkezijilere baglylykda näsagda dümewiň  agyr, ortaça agyr we agyr zäherleýji görnüşi ýüze çykyp biler.

Dümewiň ýeňil görnüşinde bedeniň gyzgyny 38ºС ýokarlanmaýar. Ýokançlyk zäherlenmäniň alamatlary gowşak bolýar ýa-da düýbünden bolmaýar.

Dümewiň ortaça agyr görnüşinde bedeniň gyzgyny 38,5-39,5 ºС ýetýär. Keseliň adaty alamatlary ýüzi çykýar.

Dümewiň agyr görnüşinde  bedeniň gyzgyny 40-40,5 ºС çenli ýokarlanýar. Esasy alamatlara tutgaýlar, gallýusinasiýalar (göze zat görünme), burundan gan akmalar, gaýtarma  goşulýar.

Dümew gaýra üzülmese, gyzdyrma döwri 2-4 gün dowam edýär we adam keselden 5-10 günüň içinde saplanýar.  Dümew geçenden soň, 2-3 hepdäniň dowamynda gowşaklyk, kellagyry, ukusyzlyk, gaharjaňlyk ýaly ýagdaýlar saklanyp biler.

Dümewiň, ýiti respirator keseliň we ýiti respirator wirus  ýokançlygy  ýüze çykanda, olaryň alamatlary meňzeşräk  bolýar. Olaryň hemmesi dem alnanda bedene düşýän wiruslar zerarly döreýär. Ýöne bu keselleriň ählisine dümew diýmek bolmaýar. Dümew gönüden-göni dümew wirusy zerarly döreýär. Ol wirus ortomiksowiruslar maşgalasyna degişlidir.

Ilkinji alamatlar ýüze çykanda, aşakdakylary berjaý etmek maslahat berilýär:

  • köp suwuklyk içmek (gyzgyn çaý, miwe şiresi, boržomi bilen garylan süýt);
  • gyzgyny peseldýän derman serişdelerini içmek (parasetamol, panadol, koldreks). 16 ýaşa ýetmedik çagalara aspirin (asetilsalisil turşulygy) bermekden saklanyň, sebäbi  ýaş çagalarda Reýýeniň sindromy ýüze çykyp bilýär (aşa köp gaýtarmak huşsuzlyga eltýär);
  • burundan dem almagy ýeňilleşdirmek üçin, ýerli damar daraldyjy serişdeleri ulanmak;
  • gakylygy ýumşatmak we çykarmak üçin mukaltin, buýan köki  ýaly serişdeleri ulanmak;
  • üsgülewüge garşy serişdeleri ulanmak (pertussin, bronholitin, bromgeksin);
  • keseliň ilkinji günlerinde çopantelpegiň, narpyzyň, bidenegiň (şalfeý), sosna pyntyklarynyň demlemesinden bug arkaly dem almak (ingalýasiýa);
  • askorbin turşulygy, poliwitaminleri kabul etmek;
  • antigistamin serişdeleri (tawegil, suprastin) ulanmak;
  • keseliň ilkinji günlerinde bedeniň kesellere garşy bolan durnuklylygyny berkidiji tebigy serişdeleri ulanmaly (interferon, aflubin).

Wiruslaryň antibiotiklere durnuklydygy sebäpli, gaýraüzülmeler ýüze çykmadyk ýagdaýynda olary ulanmak esassyz hasaplanýar.

Dümewlemäniň öňüni almak üçin  berilýän maslahatlar:

  1. Wirusa garşy sanjym etdirmek;
  2. Maşgalada näsaglan bar bolsa, dümewlemezlik üçin köp gatly hasa daňyny ulanmak (agzy we burny ýapmak üçin). Otaglary ýygy-ýygy ýelejiredip durmak;
  3. Askorbin turşulygyndan we poliwitaminlerden başga-da,  C witaminine baý önümleri iýmek (limon, duzlanan kelem, kiwi, pyrtykal, zirk);
  4. Dümew epidemiýasy döwründe keseliň ýokuşmazlygy üçin, günde 2-3 diş sarymsak iýmek. Onuň düzümindäki fitonsidler agyz boşlugyny bakteriýalardan doly arassalaýar. Şol döwürde sogan iýmek hem örän peýdalydyr.

Kesel hapa ellerden aňsatlyk bilen ýokuşýar. Şol sebäpli hem  keselläniňizde ýa-da kesellä seredeniňizde, elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň.

Dümewlän adam bilen galtaşmakdan gaça duruň. Bu esasanam çagalara degişlidir. Syrkawlan çagany beýleki çagalardan aýry ýerde saklamaly, arassa howada köpräk gezdirmeli. Arassa howada dümewleme töwekgelligi peselýär.

Dümewlän wagtyňyz jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmajak boluň, myhmançylyga gitmekden hem saklanyň. Şeýle etseňiz, siz hem özüňizi, hem töweregiňizdäkileri   gorap bilersiňiz.

Häzirki döwürde dümewe garşy dermanlaryň sanawy örän uludyr. Şeýle bolsa-da, olaryň hiç birini-de özbaşdak saýlamak maslahat berilmeýär, bu babatda lukmanyň görkezmelerine eýerjek boluň.

  • 9029 gezek okalan