1. Gyssagly we taýýarlyksyz daşary çykmak
Haçanda tomsuň ýylylyk tolkuny bedene birden uranda, beden şoka girip bilýär. Esasan-da ençe wagtlap içerde, kondisionerli ýerde oturyp birden birnäçe sagatlyk daşary çykmak maslahat berilmeýär. Eger-de yssy howada uzak wagtlap daşarda boljagyňy bilýän bolsaň, onda öňünden yzygiderli az wagtlyk daşary çykyp bedeniňi öwrenişdir. Esasan-da çagalaryň bedeni gyzgyna haýal öwrenişýär. Şonuň üçin, olary daşarda wagt geçirmäge taýýarlamak has köp sabyrlylyk talap edýär.
Dowamy
BPA we ftalatlar ýaly plastik himikatlar her bir adamyň diýen ýaly bedeninden tapylýarlar – olar ulanýan gündelik azyk önümlerimiziň plastik gaplaryndan, iýmit konteýnerlerinden/lançiklerden, hatda şampunlarymyzdan we gözellik kremlerimizden hem syzyp, ganymyza düşýärler. Bu himikatlar endokrin ulgamyny bozýarlar, ýagny gormonlarymyzyň işine zyýan berýärler, şeýle-de olar ýürek we metabolik keselleriniň döremesi bilen hem baglanyşdyrylýar. Gowy habar: Ýakynda Nature Medicine ylmy žurnalynda çap edilen synag işi bedeniňde bu himikatlary ýekeje hepdäniň içinde 60%-e çenli azaldyp boljakdygyny görkezdi.
Dowamy
2020-nji ýylyň aprelinde dünýä ýüzünde adamlar COVID-19 ýokançlygynyň ýaýramasynyň öňüni almak üçin girizilýän hereket çäklendirmelerine düşünmekde we öwrenişmekde kynçylyk çekýärdiler. Indi alty ýyl soňra welin, mekdepleriňdir edaralaryň ýapylmasy, maska geýmek ýa-da sosial aradaşlygy saklamak köne ýatlama bolup galdy. Çyndanam COVID indi geçmişde galan howpmy? Ýa-da diňe 2020-2021 ýyllaryň özünde takmynan 15 million adamyň janyna ýeten bu keselden henizem hüşgär bolmalymy? Hünärmenleriň köpüsiniň aýtmagyna görä, COVID ýokançlygyna sebäp bolýan SARS-COV-2 wirusy ilki ýüze çykanyndan bäri juda üýtgäp, indi jemgyýet köpçüligi üçin edil dümew we dem alyş ýollarynyň beýleki wiruslary ýaly ýokançlyga öwrüldi, emma welin käbir toparlar üçin ol heniz hem howply kesel bolup galýar.
Dowamy
Türkmenistanda howanyň hili we onuň ilat saglygyna ýetirýän täsiri barada henize çenli ylmy barlaglar geçirilmedi we degişli maglumatlary hökümet edaralary köpçülik bilen paýlaşmady. Maglumat ýetmezçiligi sebäpli IQAir (howanyň hili boýunça tehnologiýa kompaniýasy) 2025 Bütindünýä howa hili hasabatyna Türkmenistany goşmady we 2024-nji ýylda Türkmenistanyň iň hapa howaly 30 ýurduň sanawyna girendigini ýatlatdy. Halkara guramalar hapa howanyň dünýäde ölümçiligiň, şol sanda bäş ýaşdan kiçi çaga ölümleriniň ikinji sebäbidigini belleýärler. Hapalanan howanyň ýürek-damar, hroniki dem alyş ýollarynyň keselleri, wagtyndan ir ýogalma, göwrelilik gaýraüzülmeleri, çaga ölümçiligi bilen baglanyşyklydygyny ylmy barlaglar görkezýärler. Türkmenistan hem çaga ölümleri we ilatyň ömür dowamlylygy boýunça Merkezi Aziýada iň ýaramaz görkeziji ýurt bolup galýar. Türkmenistanyň ilatynyň dem alýan howasyny aşa uly mukdarly metan zyňyndylary we barha möwjeýän tozanly tupanlar hapalamasyny dowam edýär we ilat hapa howanyň öz janlaryna salýan töwekgelçiliklerinden bihabar galýar.
Dowamy
Bara-bara ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli telefonlarymyzyň guly bolup barmagymyz ýöne ýerden däl. Akylly telefonlar ýörite adamy özüne maýyl eder ýaly we özünde köp wagt geçirer ýaly edip dizaýn edilýärler. Şonuň üçin-de, telefonyny beýle köp ulanmak gerek bolmaýan ýa-da islemeýän adamlar hem özlerini saklamakda kynçylyk çekýärler.
Özüňi alyp baryş ylymlary, psihologiýa, tehnologiýa hünärmenleri telefonyň bilen araňda çäk goýmagyň netijeli ýollarynyň bardygyny aýdýarlar. Käbir adamlar muny diňe düşünjelilik we özlerine erk edip bilmek arkaly başaryp bilýärler, emma käbirlerimize biraz daşky kömek zerur bolýar.
Dowamy
Aşa gaýtadan işlenilen iýmitleriň (iň: ultra-processed foods) özüne bagly ediji we köp iýdiriji häsiýetleriniň ýokarydygy sebäli, ylmy barlagçylar olaryň edil temmäki önümleri ýaly düzgünleşdirilmelidigini aýdýarlar.
Aşa gaýtadan işlenilen iýmitler bütin dünýäde giňden ýaýran iýmit önümleri bolup, olar köplenç emulgatorlaryň, emeli reňkleriň we tagam berijileriň ulanylmagy bilen senagatlarda öndürilýär. Bu önümleriň içine şekerli içgiler we çipsiler hem-de kökeler ýaly, gaplanan garbanalgalar girýär. Garward, Duke we Miçigan uniwersitetleriniň ylmy barlagçylarynyň bilelikde ýakynda çap eden barlagyna görä, aşa gaýtadan işlenilýän iýmitleriň we temmäki önümleriniň öndürilişinde meňzeşlikler bar. Ýagny, aşa gaýtadan işlenilen iýmitleriň örän az gaýtadan işlenilen ýa-da tebigy gök-önümler bilen deňeşdireniňde, çilimlere meňzeýän ýerleri has kän. Çilimleriň hem, aşa gaýtadan işlenilýän iýmitleriň hem öndürijileri olaryň her bir "dozasynyň" adama iň köp mukdarda lezzet berip bilmesi üçin tagalla baryny edýärler.
Dowamy
GLP-1 terapiýalary näme?
GLP-1 (glýukagon ýaly peptid-1 reseptor agonistleri) – bular işdäni we gan şekerini kadalaşdyrmaga kömek edýän tebigy GLP-1 gormonyna öýkünýän derman serişdeleriniň klasydyr. Bu dermanlar ilkibaşda 2 tipli süýji keseli üçin ulanylýardy, emma häzirki günde ony aşa semizlik we horlanma bejergisinde hem ulanmaklyga rugsat berildi. GLP-1 dermanlarynyň käbiri infarktyň, insultyň, ýürek ýetmezçiliginiň, 2 tipli süýjüligiň, böwrek we bagyr keselleriniň döreme ähtimallygyny peseldýär.
Dowamy
Uky diňe bir dynçlyk bermän, eýsem seniň nähili uzak ýaşajakdygyň iň esasy görkezijileriniň biri bolup biler. Ýakynda ABŞ-daky ylmy barlagçylar uky ýetmezçiliginiň ömür ýyllaryňy azaltmakda nädogry iýmitlenmeden, hereketsizlikden we ýalňyzlykdan hem öňde durýandygynyň üstüni açdylar.
Dowamy
"Täze ýyl" diýlende esasy göz öňüne gelýän zatlaryň biri üsti doly täze ýyl saçagy bolsa gerek. Onuň ýany bilen hem oňa taýýarlanmagyň berýän howsalasy we ýadawlygy. Ýakynlaryňy sowgat bilen begendirmekden başlap, öý-içerleri arassalamak, saçakda goýuljak dürli nygmatlary taýýarlamak, belki-de çagalar bilen myhmançylyklarydyr syýahatlary planlamak ýa-da özüň öýde ençeme günläp myhman almak – baýramçylyk möwsüminiň başagaýlygy ýetik bolýar. Eger seni baýramçylyk "etsem-petsemleriň" sanawy ýa-da olaryň saljak gaýgy-aladasy howpurgadýan bolsa, ýadyňa sal: pikir edişiňden has köp zat seniň erkiňdedir. Nähili başagaý ýa-da uly maşgalaly kişi bolsaň hem, sanlyja usullaryň kömegi bilen, baýramçylygy rahat we lezzetli geçirip bilersiň.
Dowamy
Dünýäde
milliarddan köp adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär. Diňe 2021-nji ýylyň özünde dünýäde 727 müňe golaý adam öz janyna kast edipdir, janyňa kast etmek 15-29 ýaş aralykdaky ýaşlaryň ölümçiliginiň sebäpleriniň arasynda üçünji orny eýeläpdir we bu hadysalaryň 73% orta we pes girdejili ýurtlaryň paýyna düşüpdir.
Dowamy