• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SALMONELLA BAKTERIÝASY HER 4 IÇGEÇME HADYSASYNYŇ BIRINE SEBÄPKÄR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SALMONELLA BAKTERIÝASY HER 4 IÇGEÇME HADYSASYNYŇ BIRINE SEBÄPKÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

salmonella bakteriyasyEsasy faktlar:

↪ Salmonella bakteriýasy dünýäde içgeçme hadysalarynyň dörtden birine sebäpkärdir.

↪ Salmonella bakteriýasynyň döredýän keseline salmonellez diýilýär. Salmonellez hadysalarynyň köpüsi ýeňil geçýär, emma kä halatlarda ol ölüm howply hem bolup bilýär.

↪ Antibiotiklere durnuklylyk dünýäde uly saglyk meseleleriniň biri. Salmonellanyň hem käbir görnüşleri antibiotiklere durnuklylyk görkezip başlady.

↪ Iýmit bilen baglanyşykly arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek (meselem, nahary mazaly bişirmek) salmonelleziň öňüni almagyň bir usulydyr.

Salmonellez salmonella bakteriýasynyň döredýän keseli bolup, adatça gyzzyrma, garyn agyry, içgeçme, ýürek bulanma we käte gaýtarma ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň alamatlary salmonella bakteriýasy bedene düşeninden 6-72 sagat soňra ýüze çykyp başlaýar we kesel 2-7 güne çenli dowam edýär.

Salmonellez köplenç ýeňil geçýär we kesellän adam ýörite bejergi talap etmesiz aýaga galyp gidýär. Emma, käbir ýagdaýlarda, esasan-da çagalarda we gartaşan adamlarda bedeniň suw ýitirmesi ölüm howply derejelere baryp bilýär.

Nädip ýokuşýar?

↪ Salmonella bakteriýasy eldekileşdirilen haýwanlarda we ýabany haýwanlarda örän ýygy duş gelýär. Olar guşlar, doňuzlar we iri şahly mallar ýaly iýmit üçin ulanylýan haýwanlaryna, şol sanda pişikler, itler, guşlar we süýrenijiler ýaly öý haýwanlaryna giňden ýaýran.

↪ Adamlara salmonellez esasan bakteriýa düşen haýwan önümlerinden geçýär (ýumurtga, et we süýt).

↪ Kesel göteriji mallaryň ýa-da öý haýwanlarynyň ýakynynda bolmak arkaly hem adama kesel geçip bilýär. Köplenç keseli göterýän haýwanlarda keseliň alamatlary bolmaýar.

Bejergisi

Haçanda kesel agyr geçende elektrolitler (hloridiň, kaliýniň, natriýniň ionlary) we bedeniň ýitiren suwuklygyny dikeltmek bilen bejerilýär.

Salmonellezi ýeňil ýa-da orta agyrlykda geçirýän sagdyn adamlara antibiotikler berilmeýär. Çünki antibiotikleriň bakteriýany doly aýyrmazlygy we bakteriýanyň dermana durnukly görnüşiniň köpelmegine getirmegi ahmal – netijede ulanylýan dermanlaryň güýji gaçýar. Şeýle-de bolsa, ýaş çagalara, gartaşan adamlara we immuniteti pes kişilere salmonellezden gutulmak üçin antibiotik terapiýasy gerek bolup biler. Infeksiýanyň içegelerden bedeniň başga böleklerine ýaýran ýagdaýynda hem antibiotikleri ulanmaly bolýar. Dermanlara durnukly bakteriýalaryň dünýä ýüzünde köpelýändigi sebäpli, durnuklylyk görkezýän bakteriýalar yzygiderli hasaba alnyp, şoňa görä keseli bejeriş görkezmeleri wagtly-wagtynda täzelenilmeli.

Öňüni alyş ýollary

Öňüni alyş çäreleri iýmit zynjyrynyň ähli gatlaklaryny gözegçilikde saklamagy öz içine alýar. Iýmit öndürilende, işlenilende, gaplanylanda we satuwa taýýarlanylanda ähli zyýansyzlandyryş we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli.

Öýde salmonelladan goranmagyň ýollary bolsa beýleki iýmitden geçýän kesellerden goranmagyň usullary bilen meňzeşdir.

Iýmit önümleri bilen iş salyşýanlar üçin BSGG-nyň gollanmasy:

↪ Professional we öýde iýmit önümleri bilen iş salyşýanlar iýmit önümlerini taýýarlanlarynda örän ünsli bolup, iýmit taýýarlamagyň gigiýenik kadalaryny berjaý etmeli.

↪ Gyzzyrma, içgeçme, gaýtarma ýa-da deride ýaralar dörän ýagdaýynda professional iýmit işgärleri haýal etmän ýolbaşçylaryna duýdurmaly.

↪ BSGG-nyň iýmit önümleriniň howpsuzlygyny gazanmak üçin 5 maslahaty: arassaçyl bolmak; çyg bilen bişeni aýralamak; mazaly bişirmek; iýmiti howpsuz temperaturada saklamak; arassa suw we çig mallary ulanmak.

Salmonella bakteriýasyny göterip bilýän öý haýwanlarynyň (pişikler, itler, pyşdyllar) töwereginde bäbekleri we ýaş çagalary ýakyn gözegçilikde saklamaly.

Salmonelloz ýaly keselleri wagtynda anyklamak, irgözin çäresini görmek we olaryň ýaýramasynyň öňüni almak üçin milli we ýerli gözegçilik ulgamlarynyň bolmagy we işjeň hereket etmegi möhümdir.

Çeşme

  • 132 gezek okalan