• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yayran sklerozÝaýraň skleroz (rus. – рассеянный склероз) – merkezi nerw ulgamynyň dowamly keseli bolup, onuň esasynda nerw süýümlerini gurşap alýan miýelin gabygynyň zeperlenmesi ýatýar. Kesel autoimmun häsiýetli bolup, immun ulgamy käbir itergi beriji sebäpleriň täsiri bilen bedeniň özüni, has takygy nerwleriň miýelin gabygyny üýtgedip başlaýar. Zeperlenme netijesinde miýeliniň dargamasy we onuň ýeriniň birleşdiriji dokuma bilen (şonuň üçin hem "skleroz" termini ulanylýar) tutulmasy bolup geçýär. Netijede, birleşdiriji dokumaly (sklerozirlenen) bölek beýniden gelýän elektriki impslary geçirmeýär. "Ýaýraň" sözi bolsa zeperlenmäniň göwrümini aňladyp, şeýle zeperlenmeleriň nerw ulgamynyň dürli ýerlerinde bolýandygyny düşündirýär. 

Dowamy

  • 249 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kandidozJynshananyň kömelekli (kandidozly) zeperlenmesi – daşky jyns agzalarynda we jynshanada kömelekleriň täsiri bilen döreýän sowuklama hadysasydyr. Bu görnüşli zeperlenme jyns gatnaşygy arkaly geçýän (weneriki) kesellere degişli edilmeýär.

Kömelekli kolpiti tebigatda köp ýaýran, Candida maşgalasyna degişli bolan kömelekler döredýärler. Bu kömelekler aýallaryň 30%-niň jynshanasynyň kadaly mikroflorasynyň düzüminde bolup, belli ýaramaz şertleriň täsiri bilen sowuklama hadysasyny döredýärler. Aýallaryň 40-50%-de keseliň gaýtalanmasy bolup geçse, 5%-de gaýtalanyp duran dowamly görnüşe geçýär.

Dowamy

  • 302 gezek okalan

AUTOIMMUN KESELLERI: ESASY BILMELI MAGLUMATLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

autoimmun keselleriAutoimmun keselleri – özbaşdak keseller toplumy bolup, immun ulgamynyň kadasyz işjeňligi sebäpli beden dokumalarynyň we agzalarynyň zeperlenmegidir. Bu keselleriň hemmesinde hem beden immun ulgamynyň kada bolmadyk işjeňligi bedeniň sag öýjükleriniň dargamagyna we agzanyň işiniň bozulmagyna getirýär.

Epidimiologiki barlaglara görä, autoimmun keselleri seýrek duş gelýän kesellere degişli edilip, bu keseller adamlaryň 3-5%-nde duş gelýändir. Olaryň içinde iň ýygy duş gelýänleri dowamly autoimmun tireoidit we I tip süýjüli diabet keselleridir.

Dowamy

  • 298 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

thrombosisGanyň lagtalanma ukyby bedeni goraýjy häsiýet bolup, onsuz iň ujypsyz şikesler hem adam üçin howply bolardy we ganyň ýitirilmegi netijesinde ölüm bilen gutarardy. Ýöne ganyň kadasyz lagtalanmagy hem beden üçin howply bolup, dürli agzalaryň işiniň bozulmalaryna we ölüme getirip bilýändir.

Ýürekde ýa-da gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromb) döremegine tromboz diýilýär. Gan lagtasynyň bir böleginiň ýolnup, gan damarlarynyň üsti bilen başga agzalara äkidilmegi (emboliýa) bu hadysanyň has hem howply tarapydyr. Meselem, aýaklaryň çuň ýerleşýän wenalarynyň trombozy netijesinde aýrylan lagtanyň bir bölegi öýken arteriýasyny we beýniniň damarlaryny dykyp bilýändir. Gan lagtasy bilen damarlaryň bölekleýin ýapylmagy agzanyň iýmitlenme ýetmezçiligine getirýän bolsa, doly ýapylmagy ölüme getirip bilýändir.

Dowamy

  • 754 gezek okalan

PODAGRA KESELI NÄHILI DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

podagraPodagra (aýagyň bogunagyry keseli) – agyr ulgamlaýyn kesel bolup, bedende alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy netijesinde bogunlarda peşew turşylygyň kristallarynyň toplanmagy bilen häsiýetlenýär. Bu keselde bedeniň hemme bogunlary (dyz, tirsek, baldyr-daban, barmaklar) zeperlenýän bolsa hem, esasy şikeslenmä aýaklaryň barmaklary sezewar bolýar. Alamatlaryň meňzeşligi sebäpli onuň bogunlaryň başga keselleri bilen çalşylmagy netijeli bejerginiň gijikdirilmeginiň sebäbi bolýar. Bedende peşew turşylygynyň toplanmagy beden agzalarynyň işiniň bozulmagyna we howply gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Dowamy

  • 1199 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yatgy boyn rak keseli"Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseli zerarly ummasyz azaplaryň soňuna çykmak üçin her ýurtda netijeli we elýeterli ýatgynyň skrining we bejeriş programmalary bolmalydygy gürrüňsizdir. BSGG-nyň bu täze goldanmasy jemgyýetçilik saglygyny goraýyş üçin has köp anyklaýyş gurallaryna maýa goýmaga, güýçli bejerişleri amala aşyrmaga, skrining görnüşleriniň köp aýallara elýeterli bolmagyna we ençeme jany halas etmäge ugrukdurýan görkezijidir" – Dr. Prinsess Nono Simelela, Ileri tutulýan ugurlar boýunça Strategik programmanyň: Ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini ýok etmek boýunça baş direktoryň kömekçisi.

2020-nji ýylda ýarym milliondan gowrak zenan ýatgynyň boýunjygyň ragy bilen keselledi we ol sebäpli takmynan 342,000 aýal öldi. Olaryň aglabasy garyp ýurtlardandyr. Ýatgynyň keselleri bolan her bir zenanyň zerur bejergini almagy hem-de ölümçiligiň öňüni almak üçin çalt we takyk skrining meýilnamalaryň bolmagy möhümdir.

Dowamy

  • 1791 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

spina bifidaOňurganyň bölünmegi (spina bifida) – oňurga sütüniniň ýapylmagynyň doga defektidir. Käbir çagalarda az alamatly geçse-de, beýlekilerde zeperlenen ýeriň aşagyndan agyr newrologiki alamatlar döreýändir. Bu doga zeperlenme esasan oňurganyň döş bölüminiň aşaky böleginde, bil we türre böleginde döräp, adatça 3-6 oňurga segmentini öz içine alýandyr.

Dowamy

  • 1350 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

simfizitSimfiz – bu ýörite lukmançylyk sözi bolup, "çat" ýa-da "çatalba" manysyny berýär. Kadada çat hereketsiz bolýar. Ýöne göwrelilik döwründe käbir aýallarda çat süňklerde çişginlilik döräp, aralary açylyp başlaýar. Bu göwrelilikde döreýän simfizit keseliniň alamaty bolup, esasan göwreliligiň 20 hepdesinden soň ýüze çykýar.

Simfizitiň sebäpleri entek doly öwrenilmedik bolsa-da, amaly lukmançylykda oňa getirýän käbir faktorlar anyklanandyr:

Dowamy

  • 1305 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (6 Ses)

otyryer sowuklamagyOtyrýer nerwiniň (rus. sedalişşnyý nerw) sowuklamagy (işias) – sowuklama hadysasyny we otyrýer nerwiniň gysylmagy bilen häsiýetlendirilýän alamatlar toplumyny düzýändir.

Işias dürli keselleriň gaýraüzülmesi höküminde ýüze çyksa-da, esasan bil-türre osteohondrozynda ýa-da şol ýerde çykýan ingide döräp bilýändir. Esasan bu kesel gartaşan adamlarda we fiziki agramly işlerde işleýän adamlarda ýygy ýüze çykyp bilýär.

Işias göwrelilik döwründe hem ýüze çykyp bilýär. Göwrelilik ýagdaýynyň oňurga agram salmagy, oňurgalaryň biraz üýtgemegine we otyrýer nerwiniň gysylmagyna getirip bilýändir.

Dowamy

  • 1927 gezek okalan