Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
Doglan gün biziň her birimiziň hökmany belleýän baýramymyzdyr. Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň hem, maddy ýagdaýlaryna görä, doglan gün belleýişleri dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, ýubileý senesini belleýän käbir adamlar dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen restoranlara ýa-da kafelere gidýärler, emma ilatyň esasy bölegi ýaş toýlaryny öz öýlerinde kiçiräk edip belleýärler. Işleýän adamlaryň arasynda, iş ýerlerinde işdeşleri bilen tort bilen çaý içmek hem giňden ýaýran. Doglan günleriň bellenilişi her tüýsli bolsa-da, olaryň ählisinde diýen ýaly sowgat bermek däbi hem bar.
Ýaşyň artdygyça beýle soraglaryň berilmesi ýygylaşýar. Bu soraglar gelip çykyşy boýunça dine we köne däp-dessurlara esaslanyp, jemgyýetimizde adaty sorag bolup galypdyr. Ýöne bu soraglaryň adamy utandyryp biljekdigini, emosional taýdan basyş ýa-da negatiw täsir edýändigini hiç kim aňşyrmaýana meňzeýär. Meniň pikirimçe, şeýle soraglar ýeke, taýsyz adamlary ýoldaş tapmaga ukypsyz ýaly görkezip, olaryň özüne ynamlylygyny peseldýär. Ýeke bolmak göýä aýyp zat ýaly görülýär. Hamala doly adam mertebesini, jemgyýetde belent statusy diňe durmuşa çykyp, öýlenip gazanyp bolýan ýaly.
Aral deňziniň guramagyndan aglabamyz habarly bolsakda, ýagdaýy tutuşlygyna göz öňüne getirip bilýärismi? We näme üçin bu barada söz açmak gerek? Aral deňziniň birnäçe ýyl mundan ozal dünýäniň dördünji uly süýji suw köli* bolandygyna ynanmak kyn, sebäbi häzirki wagtda onuň göwrümi 90% diýen ýaly kiçeldi. Bary-ýogy 40-50 ýylyň içinde onuň beýle ýagdaýa düşmegine näme sebäp boldyka?
Aral deňzi Merkezi Aziýanyň demirgazyk çöllük böleginde, Özbegistan we Gazagystanyň çäklerinde ýerleşýär. Emma köplenç Aral deňziniň zolagy diýlip atlandyrylýan sebite Özbegistanyň Garakalpakstan ýarym-awtonom respublikasy we Horezm oblasty, Gazagystanyň Gyzylorda oblasty we Türkmenistanyň demirgazyk-günbatary girýär. Aral deňzine Merkezi Aziýanyň iň uly iki derýasy – Amyderýa we Syrderýa gelip guýýar. Bu derýalar sebitde alty ýurduň (Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we Owganystan) çäginden akyp geçýän, esasy serhetara suw ýollarydyr.
Dostlaryňyzyň, maşgala agzalaryňyzyň ýa-da kärdeşleriňiziň biriniň kyn güni başdan geçirýändigini olaryň hereketlerinden, ýagny gysylan eginlerinden, aşak bakýan gözlerinden, jogapsyz hatlardan aňşyrmak kyn däl.
Kyn ýagdaýa düşen adama nädip göwünlik berjegiňizi bilmeýän halatyňyzda, aşakdaky ýollardan peýdalanyp bilersiňiz:
Türkmenistanda "iň eýjejik gyzjagaz" bäsleşigi däp bolup gidene meňzeýär. Geçen hepde, habarlarda 2021-nji ýylyň iň eýjejik gyzjagazyny saýlamak üçin täze bäsleşik yglan edildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan, 2-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
Habarda "Gyzjagazlar zehinini we ukyplaryny dürli usullar bilen görkezmeli bolarlar. Hususan-da, Watanymyzy, bagtly çagalygy, dostlugy we doganlygy wasp edýän goşgulary we aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmek, milli türkmen geýimleriniň we senetçilik ussatlygynyň gözelligini görkezmek ukyby" diýlip bellenilýär.
Jemgyýetimizde aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almakda dürli kynçylyklary başdan geçirýändiklerini eşitmek bolýar. Anyk sebäpler belli bolmasa-da, habarlaryň arasynda aýallar "seresaply sürüji" däl, olar "ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýarlar" ýaly gürrüňlere; sosial mediýada bolsa, dürli foto-wideo degişmelerine duşmak bolýar. Bu degişmelerde aýallar ýol hereket düzgünlerini bozýan, maşyn parkowka edip bilmeýän, umuman, erbet sürüji hökmünde görkezilýär. Bu garaýyşlaryň we degişmeleriň aňyrsynda hakykat ýatyrmy ýa-da bular aýallara göwnüýetmezçilik edýän, patriarhal jemgyýetiň könelişen düşünjelerimi?
Merkezi Aziýanyň sebit boýunça daşky gurşaw merkezi we CAMP4ASB sebit utgaşdyryjy topary bilelikde "Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegi" atly suratly beýany çap etdiler.
Şol beýana görä, Türkmenistanyň territoriýasy klimatyň üýtgemeginden ejir çekjek sebitlere degişli bolup durýar. Şeýle-de, şu asyryň ahyryna çenli, gurak günleriň 40% ýa-da ondan hem gowrak köpelmegine garaşylýar.
Endokrinolog, endokrin ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek we öňüni almak bilen meşgullanýan lukman bolup, onuň edýän işi gönüden-göni bedeniň gormonal kadalaşmasy we onuň funksiýasynyň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr.
Daşky gurşaw saglygy maglumatlar sahypasy, satylýan haýsy önümleriň saglyga zyýanlydygyny anyklamak maksady bilen, 22 sany endokrinolog bilen soraşma geçirýär. Endokrinologlaryň beren jogaplarynyň doly beýany:
Pandemiýa, karantin, we beýleki çäklendirmeler sebäpli, 2020-nji ýyl köp adam üçin, şol sanda ýokary okuw jaýlarynda okajaklar we okaýanlar üçin hem kyn we düşnüksiz ýyl boldy. Olaryň käbirleri okuwa giriş synaglaryny daşary ýurtda tabşyrmana gidip, yzyna gaýdyp bilmediler; Käbirleri okuwy gutaryp, okan ýerinde galmaly boldular; Ýene käbirleri hem, daşary ýurda okuwa kabul edilip, ýöne gidip bilmediler. Hatda, okuwa giriş synaglaryna gidip bilmedikler hem bar. Garaz, 2020 köpümiz üçin emosional taýdan hem, strese we depressiýa gurşaldy. Emma, Eýnşteýniň aýdyşy ýaly: "Durmuş bir tigir sürmek ýalydyr – deňagramlylygyňy saklamak üçin hereket etmeli".
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.