Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN: ÖÝDÄKI ZORLUGYŇ SOŇUNA ÇYKMAGA BIZE-DE WAGT BOLMADYMY?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

okyjydan hatÖýdäki zorluk her bir ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem düýpli ornaşan meseledir. Hökümetimiz bu meseläni ünsden düşürse-de, ençeme döwletler öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrdy ýa-da onuň öňüni almak üçin çäreler görmäge başlady.

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Özbegistanyň parlamenti öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrmagy tassyklady. Ýurduň Jenaýat we Administratiw kanunyna giriziljek täze üýtgetmeler öýdäki zorlugy jenaýat hasaplar hem-de aýallary we çagalary goramak üçin goşmaça gorag mehanizmleri bilen üpjün eder. Bu üýtgetmeler prezident tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer. Özbegistan Merkezi Aziýada Gyrgyzystandan soň öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyran ikinji döwletdir.

Özbegistanda diňe 2021-nji ýylyň ýanwar – noýabr aralygynda aýal-gyzlara garşy 36.000 töweregi zorluk, şol sanda 12.000-den gowrak fiziki zorluk hadysasy hasaba alyndy. Öýdäki zorluk hadysalarynyň 85%-i maşgalanyň içinde bolup geçdi. Ýurtda maşgala agzybirligi aýallary goramakdan ileri tutulýar.

Biziň ýurdumyzda öýdäki zorluk

Syn edip görseňiz, biziň jemgyýetimizde hem öýdäki zorluk hadysalarynyň aglabasy maşgalada bolup geçýär we oňa maşgala syry ýaly garalyp, il arasynda açyk gürrüň edilmeýär. Jemgyýetimizde köp adamlaryň aňyna siňen patriarhal, köneçil, däp-dessurlara esaslanýan düşünjeler zerarly öýdäki zorluga "adaty zat" hökmünde garaýanlar hem kän. Şol sebäpli, aýal-gyzlarymyz ýüzlerçe ýyl bäri öýdäki zorluga sezewar bolup gelýärler. Şonuň üçin, ýurdumyzda öýdäki zorluklaryň sany iň bolmanda Özbegistandaky görkezijileriň ýarysyna deňeçermikä diýýärin.

Türkmenistanda öýdäki zorlugy jenaýat hasaplaýan kanun ýokdur. Ýurdumyzda hatda öýdäki zorluk hadysalary barada ne döwlet mediýasynda habar berilýär ne-de resmi hasabatlar ýöredilýär. Elbetde, UNFPA-nyň 2022-nji ýylda "Türkmenistanda zenanyň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy" atly hasabaty çap etmegi netijesinde, Türkmenistanyň hökümeti öýdäki zorlugyň ýurtda barlygyny ilkinji gezek boýun aldy. Emma, bu ýeterlik däldir. Hökümetiň bu meselä garşy düýpli göreşmezligi zenanlarymyzyň asyrlar boýy sezewar bolan zorlugyna biperwaý garaýşyny aňladýar. Şol sanda, aýal-gyzlarymyzyň jemgyýetde we maşgalada ezilmegine ýol berýär. Zenanlarymyz hem jemgyýetde hem maşgalada özüniň goralýandygyny we howpsuzdygyny duýmaga mynasypdyr. Munuň üçin bolsa hökümetimiz şol howpsuzlygy we goragy üpjün etmeli.

Meniň pikirimçe, goňşy Özbegistandan nusga alyp, Türkmenistan hem öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrmaly. Ýöne, käbir gözlegçileriň bellemegine görä, Özbegistanda fiziki zorlugyň jenaýatlaşdyrylmagyna garamazdan, ykdysady we psihologik zorluk meselesi çözülmän galypdyr. Şonuň üçin, goňşy ýurtdan tapawutlylykda, Türkmenistan fiziki zorlugyň ýetiren ykdysady we psihologik zyýanlarynyň hem öwezini dolmak we/ýa-da olar üçin hem jogapkärçilige çekmegi öz içine aljak inklýuziw kanuny kabul etmelidir. Şeýle hem, öýdäki zorlugy maşgala meselesi ýa-da adatylyk hasaplaman, raýat jemgyýetleri, adam hukuklaryny goraýjylar we umumy halk bolup oňa garşy göreşmelidiris.

  • 395 gezek okalan