Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Her ýyl ýüz müňlerçe migrant Merkezi Aziýadan Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana göçýär. Bu migrasiýa uly mümkinçilikleri hödürlese-de, onuň töwekgelçilikli tarapy hem bar. Migrantlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy töwekgelçilikleriniň biri hem AIW we inçekesel ýokuşma howpudyr. Sebitde AIW we inçekesel epidemiýa hökmünde ýaýramasyny dowam edýär we täze AIW hadysalarynyň 96%-i migrant adamlary we köp göçüş edýän adamlary öz içine alýan esasy toparlaryň we olaryň jynsy gatnaşyk edýän ýoldaşlarynyň içinden çykýar.
"Meniň Alýaskada önüp-ösen döwürlerimde hiç kim jynsy gatnaşyklar ýa-da geýler barada agzamaýardy. Maşgalamdakylar hem meniň geýdigimi bilseler-de, bu barada hiç haçan gürlemeýärdiler. Ýerli amerikan köpçüligi AIW/AIDS keselleriniň geýleriň keselidigine ynanýardylar. Bu keselleriň täsiri özlerine ýetmänsoň, olar hiç zat etmeli hem bolmaýardylar" diýip, Alýaskadaky Tlingit taýpasynyň agzasy Bill Hall gürrüň berýär.
Ilatynyň agramly bölegi musulman ýurtlarda AIW epidemiýasy ýokary töwekgelçilikli toparlarda, esasan hem neşe serişdelerini sançýan adamlarda, tenini satýan aýallarda we erkeklerde, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklerde duş gelýär. Bularyň yslamda gadagan edilen tejribelerdigi sebäpli AIW/AIDS biabraýçylyk saýylýar we bu mesele bilen ýüzleşmäge ýaýdanylýar. Töwekgelçilik toparyndaky adamlara iňňeli şprisleri we prezerwatiwleri üpjün etmek ýaly subutnama esaslanýan öňüni alyş programmalaryna hem köplenç garşylyk görkezilýär.
Dünýäde AIW epidemiýasy hemişe LGBT (lezbiýan, geý, biseksual, transgender) adamlara negatiw garalýan ýerlerde has köp ýüze çykyp gelýär. Esasan hem, erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän erkek adamlara (iňlisçe ‘MSM’ hem diýilýär) AIW we AIDS has güýçli täsir edýär.
Köp ýurtlarda AIW epidemiýasy başlanda, köplenç geý adamlar we erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän beýleki erkekler ýokuşmalara jogapkär hökmünde görülýär. Metbugat hem, özüne çekiji we kem-kemden gomofoblaşan habarlary bilen, bu garaýşyň möwjemegine goşant goşýar.
2011-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan BSGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça edarasyna we AIDS-iň öňüni alyş we gözegçilik merkezine (ECDC) şeýle hasabat berdi: ýurtda jemi iki adama AIW ýokuşdy (bir erkek we bir aýal) we olaryň birinde kesel AIDS-e öwrülip, ýogaldy.
Ýurtda alty sany saglyk öýi ilata AIW barlagy we maslahat hyzmatlaryny hödürleýär. AIW ýagdaýy barada mundan başga maglumat ýok diýen ýaly. Ýurdumyzyň Owganystan bilen araçäkleşýändigini we tirýek serişdeleriniň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýändigini göz öňünde tutsak, ilatyň neşe serişdelerini sanjym arkaly kabul edýän bölegi AIW ýokuşma howpy astynda galýar.
2019-njy ýylyň soňunda, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ortaça 1.7 million AIW bilen ýaşaýan adam hasaba alyndy. Bu dünýäde AIW epidemiýasynyň tiz ýaýrap barýan iki sebitiniň biridir. Bellenilen sebitlerde 2010-2018 ýyllar aralygynda AIW ýokuşmalarynyň sany 27% artdy.
Haçanda adam özüniň AIW-pozitiwdigini öwrenende, wirus ömrüne howp salmaýan hem bolsa, onuň stresi we depressiýany başdan geçirmegi örän mümkin.
Psihologlar bu döwürde bu täzeligi ýakynlaryňa ýetirmegi maslahat bermeýärler: ilki bilen muny seniň özüň kabul etmeli, muňa degişli ähli maglumatlary tapmaly we başgalary öňünden taýýarlamaly.
AIW bejergileriniň edil lukmanyň maslahat berişi ýaly alynmagyna berjaýlyk diýilýär. Meselem, dermany haçan, nähili ýygylykda we nädip içmek. Lukmanyň görkezmeleri doly we dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, dermana durnuklylyk döräp, bejergi netijesiz bolup bilýär. Esasan hem dermanlaryň arasyny üzmezlik wajypdyr. Çünki dermanlary kabul etmede arakesme bermek örän howpludyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda AIW (Adamyň Immunoýetmezçiliginiň Wirusy) ýokuşanlaryň diňe 79% wirusyň ýokuşandygyny bilýär. Diýmek, AIW pozitiw ilatyň 21%, ýagny dünýäde 8.1 million adam töweregi özüne AIW ýokuşandygyndan habarsyz.
UNAIDS – Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) AIDS-e (adamyň immunoýetmezçilik sindromyna) garşy programmasy bolup, onuň maksady 2030-njy ýyla çenli AIDS epidemiýasyny ýok etmekdir. Bu maksada ýetmek üçin, programma 90-90-90 maksatnamasyny işläp düzdi. Olar şulardan ybarat:
AIW (rus. ВИЧ) ýokançlygy ýokuşandan soň köp adamlar özlerini sagdyn duýýarlar. Oňa garamazdan, AIW ýokançlygynyň bardygyny kesgitläniňizden soň, şübhe ýa-da howsala bilen oturman, saglygyňyzy we ömrüňizi goramak üçin lukman bilen bilelikde bejergi çärelerini başlamalydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda lukmançylykda AIDS (rus. СПИД) öwrenme ugurda gazanylan üstünlikler, saglyk üçin howply keselleriň döremeginiň öňüni almaga, eneden göwredäki çaga ýokançlygyň geçme töwekgelçiligini peseltmäge mümkinçilik berýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.