• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • TÜRKMENISTANDA AIW EPIDEMIÝASY BARADA SOŇKY HABAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA AIW EPIDEMIÝASY BARADA SOŇKY HABAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

2011-nji ýylyň ahyrynda TürkmenistanWHO logo BSGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça edarasyna we AIDS-iň öňüni alyş we gözegçilik merkezine (ECDC) şeýle hasabat berdi: ýurtda jemi iki adama AIW ýokuşdy (bir erkek we bir aýal) we olaryň birinde kesel AIDS-e öwrülip, ýogaldy.

Ýurtda alty sany saglyk öýi ilata AIW barlagy we maslahat hyzmatlaryny hödürleýär. AIW ýagdaýy barada mundan başga maglumat ýok diýen ýaly. Ýurdumyzyň Owganystan bilen araçäkleşýändigini we tirýek serişdeleriniň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýändigini göz öňünde tutsak, ilatyň neşe serişdelerini sanjym arkaly kabul edýän bölegi AIW ýokuşma howpy astynda galýar.

BSGG, ÝUNISEF, we beýleki guramalaryň goldamagynda ýurtda giňişleýin öňüni alyş maksatnamalary geçirildi. Emma munuň bilen çäklenmän, gözegçilik ulgamyny işläp düzmek hem zerurdyr. Çünki, resmi däl habarlara görä, ýurtda ýokuşmalaryň we bejerilmedik hadysalaryň sany gitdigiçe artýar.

  • 2991 gezek okalan