• Kampaniýalar
  • Jynsy terbiýe näme?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY TERBIÝE NÄME?

  • Lukman

Saglyk.org türkmenistanly ýaşlaryň jynsy terbiýesi ugrunda 10 ýyl bäri yzygiderli iş alyp barýar. Okyjylardan gelýän soraglaryň ýüzlerçesine jogap ýazyldy we ýazylýar. Biziň jogaplarymyz medisina, ylma we döwrebap jynsy terbiýäň standartlaryna esaslanýar. Ähli jogaplary saýtyň "gözleg bölüminden" gözläp, tapyp bilersiňiz.

Jynsy terbiýe näme?

Jynsy terbiýe adam seksuallygy barada hemmetaraplaýyn bilim bolup, ol diňe anatomiýa we kontrasepsiýa degişli maglumatlar bilen çäklenmeýär. Hemmetaraplaýyn bilime adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ukyplary hem degişlidir. Bu sapaklarda okuwça adamyň seksual we önelgelik saglygy barada doly we dogry maglumatlar berilýär. Maglumatlar okuwçynyň ýaşyna görä düzülip hödürlenilýär. Meselem, Niderlandiýada şeýle gürrüňdeşlikler çaga 3-4 ýaşanda başlanylýar. Bu 4 ýaşly çaga "jynsy gatnaşygyň" geçirilişi düşündirilýär diýmek däldir. Gürrüňdeşliklerde duýgularyňy beýan etmäge, söýgä, dostluga, garşydaş jynsa bolan garaýyşlara üns çekilýär. Gynansakda, ýerlikli bilim ýetmezçiligi sebäpli jemgyýetimizde köpler jynslaryň arasyndaky bilim diňe jynsy gatnaşyk barada diýip hasaplaýarlar.

Mekdepde berilýän maglumatlar, sapaklar ylmy, lukmançylyk jähtinden dogry bolup, aşakdakylary öz içine almalydyr:

↪ Jynsy taýdan erjeşme, jynsy zorluk, jynsy gaçakçylyk (adamy tenini satmana mejbur etmek)

↪ Ýakyn ýoldaşlaryň we jübütleriň arasynda ýüze çykyp biljek fiziki zorluk, ruhy we emosional zulum. Onuň alamatlary we çözgütleri.

↪ Adam seksuallygy we onuň çylşyrymlylygy.

↪ Jynslaryň deňligi.

↪ Gyz, oglan, zenanlyk, erkeklik barada giňden ýaýran emma nädogry düşünjeler.

↪ Sagdyn gatnaşyklar we psihologiýa: söýgi, dostluk.

↪ Gürrüňdeş bolmak medeniýeti.

↪ Jynsy gatnaşyklara "razyçylyk" bermek medeniýeti we kyn ýagdaýlarda (zorluk hüjüminde, gabanjaňlykda) çykalga tapyp bilmek.

↪ AIW-iň, jynsy gatnaşyklar arkaly ýaýraýan ýokanç keselleriň öňüni almak, barlagdan geçmek.

↪ Göwreliligiň öňüni almak, ene-ata bolmak.

↪ Abort barada ylmy maglumatlar.

Bilermenleriň bellemegine görä netijeli, täsirli mekdep bilimi şeýle çemeleşmelerden düzülen bolmaly:

1. Çagalaryň, ýetginjekleriň ýaşyna, akyl düşünjesine göra işlenilip taýýarlanylan maglumatlar.

2. Okuwçylar sapaklara özlerini arkaýyn duýup gatnaşmaly. Okuwçylary masgaralamaga, aýyplamaga, utandyrmaga çemeleşmek netijesiz we zyýanlydyr.

3. Ýaş adamlaryň, ýetginjekleriň, çagalaryň gönüden-göni gatnaşmagynda, olar bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlanan maglumatlar we sapaklar geçirilmeli.

4. Ýaşlara özleriniň maşgaladaky, ýaşaýan jemgyýetindäki gymmatlyklaryna düşünmäne, seljermäne pursat döredilmeli.

5. Ýaşlar söhbetdeş bolmagy, "ýok" diýip bilmegi, jedelleşip pikir alyşmagy öwrenmeli.

6. Sapaklarda durmuşda bolýan, durmuşdan alnan wakalara, ýagdaýlara esaslanan oýunlar ulanylmaly. 18-nji asyryň ahlak meseleleri galdyrylman, şu döwürde, ýaş adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary mysal alynmaly. Sapaklar interaktiw görnüşde geçirilmeli. Okuwçylaryň soraglaryna, gyzyklanmalaryna jogaplar gözlenilmeli.

Adam seksuallygybu giň manyly termin adamyň jynsy agzalaryndan we gylyk-häsiýetinden daşary hem onuň özi we başgalar bilen gatnaşyklary duýuşyny, öz jynsyny we jynsy şahsyýetini kabul edişini, şeýle-de beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklaýşyny öz içine alýar. Adam seksuallygyna biologik, psihologik, sosial, ykdysady, syýasy, medeni, kanuny, taryhy, dini, we ruhy faktorlar täsir edýär.

Seksual saglyk – bu adamyň öz seksuallygyna bolan fiziki, ruhy we sosial taýdan sagdyn gatnaşygydyr. Seksual saglyk seksuallyga zorlanmadan, deňsizlikden, zalymlykdan azat bolan lezzetli we howpsuz seksual gatnaşyklara pozitiw, hormat bilen garamagy talap edýär.

ÝETGINJEKLERE:

Ene-ataňdan, mugallymyňdan soramana utanýan 100 sany soragyňa jogaplar! Bu çeşmeden ene-atalar we mugallymlar haýsy bir temadan ýetginjek bilen gürrüň açamak üçin peýdanyp bilerler.

Men name üçin özgerýärin?

Bu seniň çözgüdiň bolmaly!

Aýbaşy barada bilinmeli maglumatlar

Gyzlar stereotipleri & göreldeli gyzlar

Razyçylyk 101: hemmelere gollanma

Gyzlaryň şahsy arassaçylygy barada peýdaly maslahatlar

Dili ýaragly awçylar we seniň saglygyň

Prezerwatiwi nähili ulanmaly?

Eldegrilmesizlik medeniýeti

"Gözel bolmak" oglanlara zerurmy?

Gyzlara lak atmak: zenan mertebesi haçan kemsidilýär?

Jynsy gatnaşyklary barada bilimiňi artyrmagyň dört sany dogry ýoly

ENE-ATALARA:

"Çaga bu barada soranda..."

Jynsy terbiýe haçan başlanmaly?

Çagalara jyns agzalarynyň atlaryny öwretme wajyplygynyň 5 sebäbi

Ýetginjeklik döwri: uly üýtgeşmeleriň başlangyjy

Ata-babalarymyzyň öwretmedik zatlary baradaky bilimi nähili bolmaly?

Islenilmedik ýetginjeklik göwreliligi

Jynsy terbiýe: bilene maza, bilmedige jeza

Jynsy terbiýe – türkmen okuwçylarynyň gӧzi bilen

Jynsy isleg-arzuwlar we ahlak terbiýesi

Oglanlar aglamaýar

Porno: gadagançylykmy ýa-da döwrebap düşündiriş?

Mähirsiz söýgisiz terbiýämiz

Sekstiň we internetdäki howpsuzlyk

Pollýusiýa ýa-da "şeýtan oýnama" näme?

Näme üçin ýetginjek oglanlaryň sesi üýtgeýär?

Masturbasiýa haçan bejerilmeli?

Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?

Çaga gygyrsaň bir günlük terbiýelärsiň, düşündirseň – ömürlik

Aýallara we çagalara garşy öýdäki zorluk: düşündiriş maglumatlary ...

Munuň ady emosional zorluk ...

Maşgala zorlugyndan nädip goranmaly: ýuristiň maslahaty

Gyzlyk perdesi: zenan syrlylygymy ýa-da adatylyk? ...

Halkara guramalary “gyzlyk perdäniň barlagynyň” geçirilmegini bes etmäge çagyrýar ...

Çaga her ýaşda öwredilmeli jynsy terbiýe

MUGALLYMLARA:

Ýetginjekler dünýäsi: daşky keşbiň üýtgemegi

Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr.

Türkmenistanda abort we kontrasepsiýa barada biz näme bilýäris?

Ýaşaýyş durmuş esaslary: uly ýaşly mekdep okuwçylaryna abort baradaky maglumatlar nädip berilmeli?

Abort – çykalga däl

Maşgala meýilleşdirme

Göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri: toslamalar we hakykat

Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontrasepsiýa) barada näme bilmeli?

"Urýarmy, diýmek söýmeýär!" çagalara garşy zorluk. näme bilmeli we näme etmeli?

Zenanlaryň özleri barada bilmeli 10 möhüm maglumaty

Erkek prezerwatiwleri baradaky faktlar we toslamalar

Çaga garaşylan bolmalydyr! ...

Mugallym we okuwçy ...

Çaga terbiýesiniň köne kanunlary

"Nowça güller solmasyn!"

Pornografiýa we türkmen ýaşlary

Türkmen maşgalasyndaky göze görünmeýän zorluk ...

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

Maşgala zorlugyndan dynmak isleýärmiň? onda ilki zulumkeşleri öwren!

Maşgaladaky zulumlyk barada käbir faktlar

"Gyzlyk perdesi" barada pikir ýöretme ...

Aýal masturbasiýasy: faktlar we toslamalar

Bir gezek geçirlen jynsy gatnaşyk aiw-iň ýokuşmagyna sezewar edip bilermi?

  • 14438 gezek okalan