• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • "GÖZEL BOLMAK" OGLANLARA ZERURMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"GÖZEL BOLMAK" OGLANLARA ZERURMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (10 Ses)

oglan kesbiÖz daş keşbini, görküni daş-töweregindäki adamlaryň kabul edişi, garaýyşlary barada diňe gyzlar aladalanýarlarmy?

Ýok! Mediada, kitap-jurnallarda gyzlar hakda kän gürrüň edilsede, oglanlar hem öz görki, boý-syratlaryna degişli düşünjeler, basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Jemgyýetde gyzlardan we oglanlardan edilýän talaplar tapawutlanýarlar. Şeýle düşünjeler her bir jemgyýetde ornaşan stereotiplere (zyýanly düşünjelere), erkek we aýal bedeniniň "bolmaly standartlaryna" esaslanýar.

Bedeniň imeji – adamyň öz görkine bolan garaýşyny, pikirlerini we başga adamlaryň oňuň bedenine bolan garaýyşlaryny içine alýar. Her bir adamyň öz bedeniniň imejine adamyň owadan görki, sypaty dälde, onuň özüňe bolan hormaty we ynamy täsir edýändir.

Gyzlar gaty hor, inçesagt bolmaly diýen ýazylmadyk talap bar. Oglanlar bolsa muskullaryny ösdürmeli diýen düşünje bar. Şeýle diýilmegi ýaş oglanlaryň sportzala kiçi ýaşdan gatnap agyr ýük galdyryp türgenleşmegine eltýär. 14-15 ýaşdan öň başlanan agyr türgenleşik ösüp barýan ýaş oglanyň muskullarynyň, söbük damarlarynyň, suňkleriniň zeperlenmegine eltip, bejerip bolmajak keselleriň sebäbine öwrülip bilýar.

Kähalatlarda oglanlar uly we güýçli bolmak üçin steroidleri we howply maddalary kabul edip başlaýalar. Steroidleri we saglyga düýpli howply maddalary ulanmakdan saklanmaly.

Oglanlar hem saçlarynyň, derisiniň, ujydynyň ýagdaýy, görmegöýligi barada alada bildirýärler. Ýöne jemgyýetdäki medeniýet bu barada açyk söz açmaga ýol berenok.

Öz keşbi, görki we başga adamlaryň oňa bolan garaýşy barada biynjalyk edýän ýaş adam ene-atasy ýa-da başga hormat goýýan, ynamdar, özünden uly adam bilen söhbetdeş bolmaly. Meselem mugallymlar, garyndaş adam, lukman. Ýaş adamyň ösüşiniň dürli döwründe ýüze çykýan, alada goýýan pikirler adaty soraglar bolup ýörite çemeleşmäni talap edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

  • 1367 gezek okalan

Teswirler (5)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

salam lukman. jyndy erkek.21 yasymda. jogap bermeginizi hayys edyan. menin elimde ak tegmiller peyda bolup baslady. kyn gormeseniz sebabini bejergisini aydyp berayseniz. onunden minnetdarlygymy bildiryarin.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Oran dusnukli yazylypdyr dogry aydylan zatlar hemesem !!!!!!

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bize ilki bilen Ruhumyzyn kalwymyzyn gozelligi gerekdir.Adamlar ozine uly yada kici esik geyman ozine ylayyk yarasyan ykjam esik geyseler owadan gorner.Gozel bolmak ucin ozini kosemek zerurlygy yok bizin hemmamiz gozeldiris.Sewap biz oz...

Bize ilki bilen Ruhumyzyn kalwymyzyn gozelligi gerekdir.Adamlar ozine uly yada kici esik geyman ozine ylayyk yarasyan ykjam esik geyseler owadan gorner.Gozel bolmak ucin ozini kosemek zerurlygy yok bizin hemmamiz gozeldiris.Sewap biz oz yakynlarmyza enemize atamyza we yoldasymgza gelsiksiz diyip bilmeris aydanada garsy cykarys .

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogrudan hem, diňe ýigitler däl, eýsem dürli ýaşdaky erkek adamlar hem öz fiziki durkuna, ebtine, beden tämizligine üns berseler ýakymly bolardy. Saçyny haçan aldyrany belli däl, garny ýerde sallanýan,balagy ýygyrt, elem-ebtat geýnüwli, agzyndan...

Dogrudan hem, diňe ýigitler däl, eýsem dürli ýaşdaky erkek adamlar hem öz fiziki durkuna, ebtine, beden tämizligine üns berseler ýakymly bolardy. Saçyny haçan aldyrany belli däl, garny ýerde sallanýan,balagy ýygyrt, elem-ebtat geýnüwli, agzyndan düýn iýlen sarymsagyň ýsy gelip duran erkek adamlary göreniňde gaçasyň gelýär. Has hem awtobusda barýakaň olara syn edip bolýar. Şeýle terbiýäni çagalykda ene we ata, uly aýal doganlary, ululykda düzedişleri aýaly berip durmaly. Ýöne häzirki wagtda öz akyllarynyň mukdaryna üns bermän, bedenine, geýimine çendenaşa üns berýän ýaş oglanlara hem duşma bolýar.Olara "metroseksuallar" diýilýär. Hemme zat ýerbe-ýer bolmaly.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bedeni sagdyn hemem sport zalda taplanan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşaýan, tämiz, gelşikli geýnen, ýanynda duranyňda kiriň, deriň ysy gelmeýän her bir ýaş ýigitleriň, galybersede, erkek adamlaryň hemmesi gözeldir...

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location