• Kampaniýalar
  • Inçekesele garşy

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ KAMPANIÝASYNYŇ MAKSATLARY WE ÖŇDE GOÝÝAN MESELELERI

  • Lukman

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da ýekeleýin habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Inçekesele garşy göreş kampaniýasynyň esasy maksady – bu keseliň ýüze çykyş sebäplerini, bejergi usullaryny, getirýän gaýraüzülmelerini, şahsyýet we jemgyýet derejesinde döredýän howpy barada doly maglumaty ýetirip, bu kesel babatda ilatda belli bir hüşgärligiň döremegini gazanmakdyr.

Inçekesel – inçekesel mikobakteriýasy arkaly ýüze çykýan we dürli agzalarda, ylaýtada öýkende (80-85% ýagdaýlarda) ýeke ýa-da birnäçe zeperlenme ojaklaryň döremegi bilen häsiýetlendirilip, dowamly geçýän ýokanç keseldir.

Keseliň ýokançlylygy 1882-nji ýylda nemes alymy Robert Kohuň keseli dörediji mikobakteriýany (oňa Kohuň taýajyklary hem diýilýär) açmagy bilen subut edildi. Ýöne bedene düşen mikobakteriýa hemişe keseliň döremegine getirmeýär. Adatça, adama öz ömründe "Kohuň taýajyklary" birnäçe gezek ýokuşyp biler. Tersine, gowşak, keseliň döremegine getirip bilmejek inçekesel taýajyklaryny biziň immunitetimizi inçekesele garşy  tijendirmek üçin ulanýarlar.

Immunlaşdyrma maksatlary üçin biziň bedenimize ýörite BSŽ ady bilen ýa-da Kalmeta-Cerena basillasy ady (BCG, ony açan basillo de Kalmette-Guerin) bilen belli gowşan mikobakteriýalary goýberip, kesele garşy durnuklylygy gazanýarlar.

Keseliň ýokuşmagy, onuň açyk görnüşi bilen kesellän näsagyň gepleşmegi, üsgürmegi ýa-da asgyrmagy arkaly daş-töwerege ýokançlygy ýaýradanda bolup biler.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, bejergi almaýan näsag her ýyl ortaça 40 adamyny inçekesel bilen ýokuşdyrmaga ukyply bolup, şolaryň 10-sy bu kesel bilen keselleýärler. Adam seýrek ýagdaýlarda keselli haýwanlaryň etini ýa-da olaryň süýdünden taýynlanan önümleri kabul edende hem ýokuşma sezewar bolup biler.

Keseliň döremegine ýaramaz sosial we ekologiki ýaşaýyş şertleri, iýmitlenmegiň ýetmezçiligi, bedeni tapdan düşürýän arakhorluk, çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly endikler, uzaga çekýän stress ýagdaýy, bedeniň dowamli keselleri (süýji keseli, AIDS, öýkeniň dowamly keselleri) ýaly sebäpler itergi berip bilýändir.

Ýokarda bellenişi ýaly, öýken inçekeselinden başda, süňkleriň, böwregiň, deriniň, içegeleriň, gözüň, beýniniň   inçekeseli hem ýüze çykyp biler.

Mälim bolşy ýaly, Ýer togalagynyň ilatynyň 75-80%-i inçekesel taýajyklary göteriji bolup, olaryň diňe 10-15%-inde dürli bellenen sebäpleriň täsir etmegi netijesinde kesel ýüze çykyp bilýändir.

Ýaramaz sosial şertleriň (adamlaryň köpçülikleýin bir ýerde ýaşamagy, ýaramaz kommunal şertler, sanitar kadalaryň bozulmagy, iýmit we derman serişdeleriň ýetmezçiligi), uruşlaryň, tussaghanalardaky ýaramaz şertleriň, ilat migrasiýasynyň köpelmeginiň hem inçekeseliň ýaýramagyna getirip biljekdigini bellemelidiris.

Soňky ýyllarda dermanlara durnukly inçekeseliň ýüze çykmagy hem uly kynçylygy döredip, geçirilýän göreş çäreleriniň üýtgedilmegine esas döretdi. Inçekeselli näsag bellenen dermanlary nädogry tertipde kabul edende ýa-da bejergini doly almadyk ýagdaýynda derman serişdelerine durnuklylyk döräp biler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bellemegine görä, her ýyl Ýewropa ýurtlarynda dermanlara durnukly inçekesel bilen 81 müňden gowrak adam keselleýär. Şunuň ýaly näsaglaryň özwagtlaýyn anyklanylman galýan halatlary hem bolýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýüze çykan kynçylygy aradan aýyrmak üçin, inçekeseliň başlangyç görnüşleriniň ylmy taýdan barlaglary geçen serişdeler bilen bejermek, bejergini tapgyrlaýyn alyp barmak hem-de sagalmany gazanmak üçin näsaglaryň öz jogapkärçiligini duýmagyny gazanmak wajyp ädimlerdir.

1993-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň inçekeseliň ýaýrama häsiýetini halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şol ýyl hem bu gurama resmi taýdan DOTS (Directly Observed  Treatmnt, Short-course) meýilnamasyny inçekesele garşy täze göreş usuly höküminde hödürledi.

DOTS – gözegçilik astynda himioserişdeleriň gysga tapgyry bilen bejergi geçirmekdir.

DOTS – inçekeseliň ýaýramagyna garşy gönükdirilen esasy çäre bolup, ol daş-töweregi üçin has howply bolan näsaglary anyklamaga we bejermäge ýardam berýär.

DOTS adalgalary hemme döwletler üçin hem umumy bolup, onuň bejergi syýasaty häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem  durmuşa geçirilýändir.

Biziň her birimiz, özümizi we ýakynlarymyzy inçekeselden goramak üçin degişli öňüni alyş çäreler toplumyny ünsden düşürmeli däldigini ýatda saklamalydyrys:

  • Öz saglyk ýagdaýymyza gözegçilik etmek (dogry we peýdaly iýmitlenme, ýaramaz endiklerden daşda durma, sport bilen meşgullanma, öz wagtynda öňüni alyş sanjymlary almak);
  • Sanitar-gigiýeniki  kada-düzgünleri berjaý etmek (ýaşaýan we işleýän otagyňyzy ýelejiretmek, şahsy arassaçylygy saklamak, üsgürýän adamlardan daşda durmak);
  • Maşgalaňyzda inçekesel bilen näsaglan bar bolsa, ony aýratyn otag, gap-gaç bilen üpjün edip, arassaçylyk çärelerini dogry geçirmek. Maşgala agzalarynyň barlag we öňüni alyş bejergi tapgyryny geçirmegini gazanmak;
  • Bejergini keseliň irki tapgyrlarynda, kadaly, bellenilen düzgün boýunça, lukmanyň gözegçiliginde almagy gazanmak.

Inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen saýtyň işgärleri bolan biz:

  • Inçekesel barada hemmetaraplaýyn maglumatlary berýän makalalary taýynlamagy göz öňünde tutýarys.
  • Daşary ýurt lukmançylygynda inçekeseli bejermekde ulanylýan usullar we bu ugurda toplanan tejribeler barada peýdaly maglumatlary Size ýetirmegi meýilleşdirýäris.
  • Inçekeseliň öňüni alyş çäreleri babatda, keseliň ýaýramagynda esas bolýan wajyp sebäpler barada saýtyň okyjylarynyň pikirini bilmek üçin şert döretmegi hem peýdaly hasaplaýarys.

Öz gezeginde, saýtyň okyjylary bolan Sizden:

  • Keseliň öňüni alyş çäreleri barada pikirleriňiz bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys.
  • Alan maglumatlaryňyzy özüňizi we ýakynlaryňyzy keselden goramaga ulanjakdygyňyza tama edýäris.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. INÇEKESEL

2. BRITANIÝANYŇ ALYMLARY INÇEKESELI ANYKLAMAGYŇ TÄZE USULYNY TEKLIP EDÝÄRLER

3. INÇEKESELDEN GORANYŇ!

4. ORSÝET DERMAN SERIŞDELERINE DURNUKLY BOLAN INÇEKESEL BOÝUNÇA BIRINJI ORNY EÝELEÝÄR

5. "BIZIŇ NESLIMIZ INÇEKESELI SAKLAMALYDYR"

6. GÖWRELILIK DÖWRÜNDE INÇEKESELIŇ GEÇIŞ AÝRATYNLYKLARY

7. ÇAGA INÇEKESELI: ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALMAK

8. INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR

  • 20806 gezek okalan