Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Autizm spektriniň bozulmasy (ASB) – adamyň sosial, aragatnaşyk we özüni alyp barşynda kynçylyklara sebäp bolup bilýän ösüş bozulmasydyr. ASB-ly adamlar daşyndan başgalardan tapawutly görünmeseler-de, olaryň aragatnaşyk saklaýşy, özüni alyp barşy hem-de öwreniş ýollary beýleki adamlara seredeniňde başgaça bolup biler. ASB-ly adamlar üçin öwrenmek, pikirlenmek we mesele çözmek beýleki adamlaryňkydan has kyn bolup, olar gündelik durmuşda kömege juda mätäç bolýarlar.
8-nji sentýabr Bütindünýä Suisidiň Öňüni Alyş güni hökmünde bellenilýär. Munuň maksady dünýä ýüzünde suisidiň öňüni alyş çärelerini ýaýbaňlandyrmakdyr. Statistikalara görä, dünýäde her 40 sekuntda bir adam ölmegi meýil edinýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) her ýylda 800 müň töweregi adamyň janyna kast edýändigini habar berýär. 15-29 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda suisid ölümiň ýol heläkçiliginden soňra ikinji öňdebaryjy sebäbi bolup durýar.
Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.
Ol gün gyzymy mekdepden almaga baranymda gaty keýpsizdi. "Näme boldy?" diýip sorasam "Hiç zat." diýip jogap berdi. Ýol boýy gepleşmedi. Biraz soň klasdaşy we iň gowy jorasy Mähriniň ejesi jaň etdi:
- Aýgül, salam. Meniň gyzym bilen seniň gyzyň bu gün mekdebiň kafeteriýasyndan zat ogurlapdyrlar we tutulypdyrlar, - diýdi.
Amerikan alymlary onkologiýa keselli näsaglara düşünmäge, ony goldamaga, onuň bilen dogry, ýakyn aragatnaşygy saklamaga kömek etjek ylmyň täze ugruny – onkopsihologiýany döretdiler.
Amerikan lukmançylyk iş kadalaryna laýyklykda, lukman näsaga bu howply kesel barada habar bermek üçin 1 sagatdan 2 sagada çenli wagty sarp etmäge hukuklydyr. Dogrudan hem, rak keseliniň özüňde bardygyny bilmek gorkuly, howsalaly ýagdaýy döredýär. Şeýle pursatda näsaga ony kabul etmäge, köşeşmäge, düşünmäge, lukman bilen hemme bejergi usullary hem-de bar bolan mümkinçilikleri seljermäge wagt gerek.
Ençeme wagtdan bäri men Internetde, esasan hem "V-kontakte" sosial ulgamynda, "Syndicate", "Top-People-of-Turkmenistan" we "Exclusive Turkmenistan" atly toparlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip, ulaldyp, gözlerini çenden aşa gara sürmä boýap, uýat ýerlerini görkezýän köýnekleri geýip düşen suratlaryny Internetde paýlaşýarlar. Oglanlar bolsa, öz maşynlarynyň markasyny, gymmat köwüşlerini we sagatlaryny, nirelerde we nähili lezzet alýandyklaryny paýlaşýarlar. Bu suratlary görüp, "Adamlar näme üçin öz hususy durmuşlaryny Internet köpçüligine çykarýarlarka?!" diýenimi duýman galýaryn. Ýa-da bolmasa ýaşlarymyzyň özlerini tapawutly alyp baryşlary oňki gymmatlyklaryň çagşandygyny aňladyarmyka?! Eýsem özlerini haryt kimin alyp baryp, seksual pozalarda durup surata düşýän gelin-gyzlarymyz, öz maddy baýlyklaryny (maşyn, egin-eşik we ş. m.) güjeňläp surata düşýän ýigitlerimiz bu birtüýsli hereketlerinden bihabarmyka?!
Ruhy saglyk – bu diňe bir ruhy keselleriň bolmazlygyny aňlatman, eýsem adamyň öz mümkinçiliklerini görkezmäne, stres ýagdaýlary ýeňip geçmäge, öndürijilikli zähmet çekmäge we öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşyna öz goşandyny goşmaga mümkinçilik berýän ruhy we sosial abadançylyk ýagdaýydyr.
Adam öz maşgalasynyň we çagalarynyň aladasyny edip, olary durmuşa gönükdirmäge, durmuşdan lezzet alyp ýaşamaga we garrylyk döwründe döräp biljek ruhy bozulmalaryň öňüni almaga mümkinçiligi gazanmak üçin ruhy saglyga bütin ömrüniň dowamynda üns bermelidir. Ruhy saglyk hem, edil beden saglygyny goramak üçin geçirilýän çärelere meňzeş aladalary talap edýändir.
10-njy sentýabr – özüňe kast etmä garşy göreşmegiň Halkara günidir.
Adam durmuşy şeýle köptaraply we dürli öwüşginli bolup, ol dürli ýagdaýlaryň täsiri bilen üýtgäp durýar. Biz okaýarys, işleýäris, belli bir işleri meýilleşdirýäris, halaýarys, dotlaşýarys, söhbetdeş bolýarys, ýalňyşýarys... Adamyň durmuşy edil gije-gündiz ýaly, ýagty, şatlykly, üstünlige beslenen günler bilen, "garaňky", arassa howa kimin gerek bolan umydyň, arzuwlaryň bizi wagtlaýyn taşlap giden pursatlaryndan "dokalan" bolýar. Durmuşymyzda ýüze çykan şol pursatda alaçsyzlyga, gaýgy-hasrata, umytsyzlyga ten bermän, "gamgynlylyk kölünden" çykmak üçin adam gaýratlylyga, ýardamlylyga, ýakyn adamlaryň kömegine juda mätäç bolýar.
Ömür adama bir gezek berilýär. Ony göwnejaý, hemme meýilleriňi amala aşyryp, uly abraý we kanagatlanma bilen ýaşap geçme her bir ynsana berlen uly peşgeş, şonuň bilen birlikde uly synag bolup durýar. Şol synagy biziň hemmämiz geçip bilýärismi?...
Hiç haçan gaýtalanyp bilme mümkinçiliksiz, öz-özüňe kast etme synanşyklary (suisid) köplenç adamyň lapykeç ýagdaýynda bolup geçýär.
SANLAR WE DELILLER
► Erkekler bilen deňeşdirlende, suisid synanşyklary aýallaryň arasynda üç esse ýygy duş gelýän bolsa-da, erkek adamlar tarapyndan özlerini öldürme dört esse köp syn edilýändir.
Her bir adamyň özüne mahsus bolan üýtgeşik içki dünýäsi bar. Alymlar birnäçe psihiki alamatlara görä adamlary toparlara-temperamentlere bölýärler. Gippokrat ilkinji bolup temperamentleriň esasy höküminde adamyň fiziki we psihiki aýratynlyklaryny öňe sürdi. Ol adamlaryň özüni alyp barşyndaky aýratynlyklary, olaryň bedeninde haýsy hem bolsa bir suwuklygyň köp mukdarda bolmaklygy bilen häsiýetlendirdi:
Holerik – şeýle adamlaryň gyzgyn ganly, emosional häsiýetli bolmagy, bedenlerinde "sary ödüň" agdyklyk etmegi bilen;
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.