• Makalalar
  • Ruhy keseller
  • Umumy
  • ÖZ-ÖZÜŇE KAST ETMÄGE MEÝLIŇ DÖRÄNDIGINDEN HABAR BERÝÄN 11 ALAMAT

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖZ-ÖZÜŇE KAST ETMÄGE MEÝLIŇ DÖRÄNDIGINDEN HABAR BERÝÄN 11 ALAMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (31 Ses)

Ömür adama bir gezek berilýär. Ony göwnejaý, hemme meýilleriňi amala aşyryp, uly abraý we kanagatlanma bilen ýaşap geçme her bir ynsana berlen uly peşgeş, şonuň bilen birlikde uly synag bolup durýar. Şol synagy biziň hemmämiz geçip bilýärismi?...

Hiç haçan gaýtalanyp bilme mümkinçiliksiz, öz-özüňe kast etme synanşyklary (suisid) köplenç adamyň lapykeç ýagdaýynda bolup geçýär.

SANLAR WE DELILLER

► Erkekler bilen deňeşdirlende, suisid synanşyklary aýallaryň arasynda üç esse ýygy duş gelýän bolsa-da, erkek adamlar tarapyndan özlerini öldürme dört esse köp syn edilýändir.

► Ýaragdan özüňi atma – günbatar ýurtlarynda erkekler üçin ömür bilen hoşlaşmagyň esasy "usuly" bolup durýar.

► Özüne kast etmäge meýilli adamlaryň 10-dan 8-si öz meýli barada daş-töweregindäkileri habarly edýändir. Şonuň üçin hem, gylyk-häsiýetinde üýtgemeler duýulýan her bir adam uly ünse mätäçdir.

► Bahar aýlary suisid synanşyklaryň has ýygy duş gelýän wagtydyr. Bu ýagdaý Gün energiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär.

► Üç ölümiň biri arakhorluk keseli sebäpli ýüze çykýar.

► Öz-özüňe kast etme ykdysady taýdan ösen ýurtlarda has ýygy duş gelýär. Meselem, Latin Amerikada we Braziliýada iň pes görkezijiler bolsa, Russiýada, Ýaponiýada we Fransiýada bu pajygaly ýagdaýlaryň derejesi ýokarydyr.

► 20 suisid synanşyklarynyň diňe biri başa barýandyr.

► Öz janyna kast etmeleriň ýokary derejesi, köp adamlar üçin dartgynly geçýän duşenbe gününe gabat gelýändir.

Ýöne ýakyn adamlaryň şeýle howply meýillerini aňsat ýüze çykarma juda çylşyrymly bolup durýar. Psihologlar şeýle meýilleriň döränliginden habar berip, ünsi talap edýän 11 sany alamaty tapawutlandyrýarlar:

→ Adama mahsus bolan, adaty işjeňligiň bolmazlygy – hemişelik lapykeçlik we ýadawlylyk düýgusy bilen ýüze çykýar.

→ Ukynyň we işdäniň dowamly bozulmasy – ukyda gorkunç hadysalar ýa-da öz ölümiňi, ýakyn adamlaryň ölümini görme bilen döreýän düýşler. Işdäň peselmegi ýa-da onuň düýbünden bolmazlygy.

→ Özüňi hemişe günäkär duýma, öz-özüňi tankytlama – özüňe bolan ynamsyzlyk, utanmak, jemgyýetde öz ornuňy tapyp bilmezlik duýgusy bilen döreýär.

→ Gorky, howsalalyk we gazaplylyk – depressiw ýagdaýlar öň adama mahsus bolmadyk howsalalyk, ukysyzlyk, kanagatsyzlyk bilen ýüze çykyp, nerw ulgamy tapdan düşürýär. Adam wagtyň geçmegi bilen "ýaşamadan ýadaýar".

→ Saglyk bilen bagly dowamly kynçylyklar – beden saglygyny we garaşsyzlygy ýitirme, görmeden we eşitmeden mahrum bolma adamlarda öz jebir-jepalaryndan halas bolma islegi döredip biler.

→ Gamgynlylyk ýagdaýy – suisida getirýän esasy sebäp bolup durýar. Gamgynlylygyň derejesi ýokary boldugyça, durmuşda çykalga tapyp, ýaşamaga bolan höwes peselýär. Bu ýagdaýyň esasy alamatlary – keýpsizlik, lapykeçlik, öňki durmuşy gyzyklanmalara höwesiň ýitmegi.

→ Öz-özüne kast etme barada gürrüňleri etme – adam ol barada häli-çindi gürrüň edip, hemişe gyzyklanma bildirýär.

→ Öz-özüne kast etme üçin serişdeleri gözleme we satyn alma – iň aýdyň alamatdyr. Meselem, öýde atyjy ýaragyň saklanmagy, suisidiň döreme töwekgelçiligini 10 esse ýokarlandyrýandyr.

→ Suisid barada maglumat gözleme  – göwniçökgün halda ýaşaýan ýakynyňyzyň gyzyklanmalaryna üns beriň. Onuň okaýan kitaplary, görýän kinofilmleri, Internet ulgamynda girýän saýtlary adam barada köp zatlary mälim edip biler.

→ Alkogol içgilerine we neşe serişdelerine ýykgyn etme – ýakyn adamyňyzyň birden alkogol içgilerinden ýeňillik gözlemegi we neşe serişdeleriň kömegi bilen keýpini göterme isleginiň döremegi sizi howatyrlanmalydyr.

→ Öz-özüňe kast etme synanşyklaryň öň bolup geçmegi ýa-da "nesil yzarlama" häsiýetliligi – meselem, agzalary gamgynlylyk ýagdaýyndan ejir çekýän maşgaladan çykan adamlarda suisid ileginiň döreme mümkinçiligi 11% ýokarlanýandyr.

ÜNSLI BOLUŇ!

Eger siz ýakyn adamyňyzyň özüni alyp barşynda, ýokarda bellenen alamatlaryň iň bolmanda birnäçesini duýan bolsaňyz, ünsli bolmaga esasyň bardygyny ýatda saklamalydyr.

Adama artyk üns berip, kömek etme, goldama hyýalyňyzyň bardygyny mälim etmeden çekinmäň. Ony öz aladaňyz bilen gurşap, onuň içki dünýäsine aralaşjak boluň. Adamyny alada göýýan sebäbi anyklap, oňa düşünjek boluň, kömek ediň. Zerurlyk ýüze çykanda, özwagtynda psihiatr lukmanyna ýüz tutuň.

  • 8933 gezek okalan