Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Ýurdumyzda dürli ýaşdaky erkek adamlar lukmana ýüz tutmakdan gorkýarlar. Aýallar öz saglygyna jogapkärli çemeleşip, çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar, emma erkekler barada beýle diýip bolmaýar. Olaryň aglabasyny lukmançylyk enjamlarydyr-gurallary gorkuzýan bolsa, köpüsi tötänleýin anyklanan keseliň öňünde ejizlemekden çekinýärler. Aslynda erkek adamlar hassahanada barlagdan geçmegi boş wagt ýitirme hasaplaýarlar. Şeýdip, wagtynda anyklananda doly bejerip boljak keseller dowamly görnüşe ýa-da gaýraüzülmeli ýagdaýa geçýärler we erkek adamyň durmuşynyň hilini peseldýärler.
"Salam hormatly lukmanlar! Mende şular ýaly ýagdaý bolýar. Birden-birden peşew gelýän ýaly bolýar, ýöne peşew gelenok. Içki eşik geýsem hem gyzyp biynjalyk edip dur. Erkekligimiň ujy gyzýar. Bu ýagdaý nämäniň alamatyka?"
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukman! Soňky wagtda mende jynsy gatnaşykdan soň agyry we jyns agzamdan bölüniň çykmalar peýda bolýar. Mahal-mahal gasykda agyry bolýar. Bu nämeden bolup biler?"
Saýtyň okyjysy.
"Hormatly lukman! Men lukmana barlaga gitjek bolýaryn. Ol öňünden peşew etmän gelmegimi tabşyrdy. Barlag geçmek üçin ýene nähili taýynlyk görmeli?"
"Oglanlar aglamaýar: sagdyn erkeklik" – bu "White Ribbon" guramasynyň Kanadadaky hem-de Awstraliýadaky şahamçalarynyň bilelikdäki sosial mediýa kampaniýasydyr. Terjimäniň asyl nusgasy.
Terjime eden Jumadurdy Rejebow
Doglan pursatymyzdan başlap, biz öz jynsymyza görä terbiýelenýäris. Hatda akyl ýetirmezden, belli bir jynsyň ösüş ýolundan ýöräp kemala gelýäris. Şol ýoldan çykaýsak welin, ýakymsyz netijeler garaşyp bilýär.
Adatça, dogumlylygy, syratlylygy, ähli şertlerde ýeňişe ymtylmagy, hiç haçan yza tesmezligi, güýçli erki, duýguçyl däldigi, we ulalandaky jynsy kuwwatlylygy üçin oglanlar "hakyky erkek" diýlip taryplanýar. Gyzlardan bolsa, ejizlemek, gerek bolanda kömek soramak, diýlene gulak asmak, belli kärleri saýlamak, we jynsy aýratynlygyny goramak talap edilýär.
Öz daş keşbini, görküni daş-töweregindäki adamlaryň kabul edişi, garaýyşlary barada diňe gyzlar aladalanýarlarmy?
Ýok! Mediada, kitap-jurnallarda gyzlar hakda kän gürrüň edilsede, oglanlar hem öz görki, boý-syratlaryna degişli düşünjeler, basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Jemgyýetde gyzlardan we oglanlardan edilýän talaplar tapawutlanýarlar. Şeýle düşünjeler her bir jemgyýetde ornaşan stereotiplere (zyýanly düşünjelere), erkek we aýal bedeniniň "bolmaly standartlaryna" esaslanýar.
"Erkekler ejizlemeýärler. Olar misli galaýy ýaly berk." diýýärler. Jemgyýet erkek adamlara hemişe örän berk talaplary bildirýär – ol maddy taýdan garaşsyz we jemgyýetde saldamly orny eýelemeli, maşgalabaşy bolmaly we gowşaklygy, ejizligi bildirme oňa hiç haçan rugsat berilmeýär.
Aýallar bilen deňeşdirlende, olaryň emosional taýdan has durnuklylygyna we nerw ulgamynyň başgaça işleýändigine garamazdan, erkeklerde hem emosional keşbiň peselmegi, ruhyçökgünligiň ýüze çykmagy ýaly ýagdaýlar döräp bilýändir.
Erkek seksuallygy haçan döreýär? Onuň emele gelmegine we kämilleşmegine aýal maşgala nähili täsirini ýetirýärkä? Elbetde, biz, aýallar garşydaş jynsdan hemişe mähirli bolmagy, ünsi, wepalylygy talap edýäris. Ýöne olar bilen gatnaşykda olaryň seksual aýratynlyklaryny nazara almazdan mäkäm maşgala birleşigini döredip bolmazmyka diýip pikir edýärin. Bu babatda anyk maglumatlary almak üçin seksopatolog lukmanlarynyň pikirini bilmek peýdalydyr.
Erkek jyns agzalarynyň şikeslenmeleri öz köpdürliligi bilen tapawutlanyp, olaryň içinde ujydyň pürçiginiň, ujydyň kellejiginiň we gowak görnüşli bedeniniň şikeslenmeleri aýralykda ýa-da ýumurtga haltajygynyň şikeslenmeleri bilen bilelikde ýygy duş gelýändir.
Şikeslenmeleriň görnüşleri
► Ujydyň uly bolmadyk şikeslenmeleriniň arasynda balagyň syrmasy bilen onuň derisiniň gysylmagy iň ýygy ýaýrandyr. Döreýän ýara uly bolmasa hem, ol güýçli agyrynyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Ýarany ulaltmaz ýaly, syrmanyň şikeslenen ýeriň aşagyndan açylar ýaly edip kesilmegi zerurdyr.
Bodybuilding ýada trenažor sözleri indi bize ol diýen nätanyş däl bolsa gerek. Sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlarymyzyň sany günsaýyn köpelýär. Beden şeklini gowulandyrmak, muskully bolmak her bir ýaş nesliň arzuwy. Emma olar beden şekilini gowulandyrmagyň uly sabyr we yzgiderlilik talap edýändiginden habarlymykalar? Ýa-da olar hem protein we steroidleriň şöhradyny eşdip geldilermikä?
Trenažor zalynda aşakdaky ýaly gürrüňdeşlige ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.
– Salam dost, men bu gün täze başladym. Sen haçandan bäri türgenleşýärsiň?
– Salam, aramyza hoş geldiň. Men eýýäm 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýärin.
– Tüweleme, bildirýär. Ýene bir zat sorasam bolarmy? Sen hem derman ulanyp gördüňmi?
Bu gepleşikde agzalan "derman" sözi nämäni aňladýar? Proteinmi ýa-da aminoturşylyklarmy? Ýok, proteinler köplenç tozga görnüşünde bolýar we olar aminoturşylyklar bilen birlikde trenažorlarda hem satylýar. Bu ýerde göz öňünde tutulýan derman anabolik steroidlerdir.
Wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýa (dölüň zyňylmagy) dünýäniň dürli ýurtlarynda has ýaýran bozulmalaryň biri bolup, dölüň bolmaly wagtyndan has ir zyňylmagy bilen alamatlandyrylýandyr. Erkek adam öz durmuşynda bir gezek hem bolsa ir dörän eýakulýasiýa ýagdaýyna sezewar bolandyr, ýöne bir gezek bolan şowsuzlyga üns beren hem däldir. Eger dölüň ir zyňylmagy kadaly ýagdaýda bolup geçýän bolsa, erkek adamyny alada goýup, ruhy gamgynlylygyň, özüňe ynamsyzlygyň döremegine getirip biler.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.