• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ERKEK ADAMLARDA DÖREÝÄN RUHY GAMGYNLYLYK WE ONUŇ BILEN GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEK ADAMLARDA DÖREÝÄN RUHY GAMGYNLYLYK WE ONUŇ BILEN GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (18 Ses)

erkek gamgynlygy"Erkekler ejizlemeýärler. Olar misli galaýy ýaly berk." diýýärler. Jemgyýet erkek adamlara hemişe örän berk talaplary bildirýär – ol maddy taýdan garaşsyz we jemgyýetde saldamly orny eýelemeli, maşgalabaşy bolmaly we gowşaklygy, ejizligi bildirme oňa hiç haçan rugsat berilmeýär.

Aýallar bilen deňeşdirlende, olaryň emosional taýdan has durnuklylygyna we nerw ulgamynyň başgaça işleýändigine garamazdan, erkeklerde hem emosional keşbiň peselmegi, ruhyçökgünligiň ýüze çykmagy ýaly ýagdaýlar döräp bilýändir.

Sebäpler we durmuşy ýagdaýlar

Durmuş akymynda duş gelýän dürli ýagdaýlar, kynçylyklar erkek adamynyň ruhy ýagdaýyna dürli hili täsir etmäge ukyplydyr.

Ýaşlyk döwri

Ýaş erkek adamlarda hem ruhy gamgynlylyk az ýüze çykmaýar. Ýaş oglan daş ýere gulluga ýa-da okamaga gidende hem gamgynlylyga sezewar bolup biler. Ýöne gullukdan ýa-da okuwdan soň hem hemişe belli bir üstünlikli we şowly durmuş ýoluny tapma hemmä başartmaýar. Köplenç erkek adam öz maşgalasyny hemme durmuşy serişdeler bilen üpjün etmäge synanyşýar, öý, ulag edinmek isleýär. Ýöne hemişe islegler ertekidäki ýaly hasyl bolmaýarlar.

Göräýmäge, adam ýokary bilimli, kellesi hem dürs pikir edýär, ol belli bir iş ýerini eýeleýär. Aýlyklar az, oňaýly iş ornuny tapmak kyn – erkek adamynyň talaplary bilen mümkinçilikleri deň gelmän başlaýar. Bu ýagdaý esasan döwlet edarasynda işleýän adamlarda köp duş gelýär. Işini täzelemäge hem çekinýär, birden oňaýlysy duş gelmese ýa-da aslynda iş tapyp bolmasa näme etmeli?
Üstesine hem, maşgaladaky düşünişmezlikler, aýrylşma hem öz-özüňe bolan ynamy peseldip biler.

"Maşgala gämisi darganda"

Gowy görýän zenany bilen aýrylşma hem erkek adamyny gamgynlylyga uçradyp biler. Ömrüniň şatlykly çaglaryny bu zenan bilen geçiren, oňa öz pynhan syrlaryny ynanan erkek adamda gatnaşyklaryň bozulmagy netijesinde döreýän gamgynlylyk ony arakhorluga, tertipsiz jynsy gatnaşyklara iterip biler.

Eger aýrylşma maşgalanyň dargamagyna getirýän bolsa, bu erkek adamda gamgynlylygyň agyr görnüşiniň döremegine getirip bilýändir. Erkek adam hojalygy aýaly tarapyndan dolandyrylýan we tersleşmeler bolsa-da, göwni göteriji, teselli beriji sözleri bilen hemdem beren maşgala gatnaşyklarynda ýaşamaga öwrenişen. Üstesine hem, nika bozulandan soň köplenç çagalar ejesi bilen ýaşamaly bolýarlar. Ýöne olary kakalary hem gowy görýär, olary göresi gelýär. Ol indi olary has seýrek görer, çagalary bilen ýakyn gantaşyk çäklener.

Erkek adam ýalňyz galýar we täze gatnaşyklary gurnamagy ýüregine düwýär. Eger ol başa barmasa nähili bolar?

Bu çözülmesi kyn soraglar erkek adamda göwnüçökgünlilik döredip, durmuşa bolan gyzyklanmany peseldip biler.

Orta ýaşyň kynçylygy

30 ýaşa çenli öýlenmeseň, 40 ýaşa çenli baýamasaň – hiç haçan hem başa barmaz...

Il içinde erkek adamlar barada şeýle diýýärler. Aýallar islendik durmuşy sepgitlerde hem özüne peýdaly işleri tapyp, şahsyýet höküminde ösmäge mümkinçilik tapýarlar – ene bolmak, öý hojalygyny alyp barmak, hünärmen höküminde ösmek, ylym bilen meşgullanmak. Erkek adamlarda bolsa hemme zat ýönekeý we çäkli: olaryň üstünliginiň esasy görkezijileri-eýeleýän iş orny we ýokary maddy üpjünçiligi.

Eger islenilýän üstünliklere ýetmek başa barmasa näme etmeli? 40 ýaşyň sepgidinde arzuw eden "Mersedes" maşynyňy satyn almak başarmadyk bolsa, aýratyn ojak edinip bilmedik bolsaň ýa-da maşgalaň dargap, ýalňyz galan bolsaň näme etmeli? Ine şulardan hem orta ýaşly erkek adamlaryň ruhy gamgynlylygy döreýär.

Genetiki sebäpler

Nesil yzarlaýan ruhy çökgünlilik diňe aýallarda döremän, eýsem ol erkek adamlar üçin hem mahsusdyr. Onuň sebäbi bolsa adamda ruhy gamgynlylyga getirýän aýratyn genleriň bolmagy bilen düşündirilýär. Bir pursat şeýle genler bedende ruhyçökgünlige getirýän biohimiki üýtgeşmeleri döredýärler.

Nesil yzarlaýjy ruhy çökgünlilik hemişe öz-özünden döreýär we hiç haçan oňa getirip biljek sebäpleri tapyp bolmaýar. Eger ol adamyň durmuşy, ýakyn garyndaşlary barada sorag eilse, hemişe olaryň arasynda şeýle ýagdaýa sezewar bolanlara duş gelip bolar.

Genetiki bozulmalar bilen döreýän erkek adamlaryň ruhy çökgünliligi hemişe möwsümleýin ýüze çykýar. Şol sebäpli hem, eger erkek adamda gaýtalanma häsiýetli, güýz paslynda ýüze çykýan gamgynlylyk duş gelse, onuň genetiki sebäpleriniň bardygy barada pikirlenip bolar.

Beden keselleri bilen bagly ruhy gamgynlylyk

Gamgynlylyk hemişe dowamly stres ýagdaýyň netijesinde döremeýär. Köplenç ol başga keselleriň gaýraüzülmesi höküminde ýüze çykýar. Meselem, galkan görnüşli mäziň işjeňliginiň ýokarlanmagy, insult, Parkinsonyň keseli, süýjüli diabet, AIDS, rak keseli ruhy bozulmalaryň döremegi bilen gaýraüzülip bilerler. Hatda has köp duş gelýän alkogolizm keseli hem alkogol gamgynlylygynyň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Erkek adamlarda ruhy gamgynlylyk nähili ýüze çykýar?

Erkek adamlarda döreýän gamgynlylygy esasan üç häsiýet alamatlandyrýar: keýpiň bozulmagy, işjeňligiň peselmegi we pikirlenme ukybynyň hem-de ünsiň erbetleşmegi.

Öňki gyzyklanmalaryna bolan ymtylyşyň ýitmegi, ukynyň bozulmagy, işdäniň peselmegi, horlanmak, öz-özüňi bahalandyrmagyň peselmegi, jynsy höwesiň peselmegi, özüňi günäli duýma duýgusy, öz-özüňe kast etme baradaky pikirler we synanşyklar ýaly alamatlar bolsa döreýän ruhy gamgynlylygyň goşmaça alamatlary bolup durýandyr.

Hähili kömek bermeli?

Ruhy gamgynlylygy ýeňip geçme we ony bejerme oňa getiren sebäpleri aradan aýyrmakdan başlanmalydyr:

↪ Siz öz işleýän işiňizden närazymy? Iş ýeriňizde işdeşleriňiz bilen düşünişmezlikler duýýaňyzmy? Siziň aýlyk hakyňyz azmy? Pikir edip görüň. Şu siziň ömrüňiziň dowamynda meşgullanmagy arzuw eden käriňizmi? Sizde ösüş bolup bilermi? 10, 20 ýyldan soň hem siz şu hünäriňiz bilen meşgullanmak isleýärsiňizmi? Ýok bolsa, onda biraz arakesme alyp, öz ukybyňyzy başga ýerde, edarada, firmada ösdürmek, täzeden başlamak Siz üçin oňaýly bolmazmy?

↪ Siziň maşgalaňyzda düşünişmezlikler barmy? Bu meselede iki tarapyň hem biri-birine düşünme, arkalyşyk, kömek etmek islegi bolmalydyr. Eger gatnaşyklarda hakykatdan hem duýgylar bar bolsa, iru-giç bu mesele çözülmelimikä diýip pikir edýärin.

↪ Elbetde, hemme meseleleri dilde çözme aňsat, ýöne durmuşda bu has kyn bolup durýar. Şeýle çykgynsyz ýagdaýlarda psihologyň ýa-da psihoterapewtiň maslahatyny, kömegini almak netijeli çäredir. "Öz maşgala gatnaşyklaryňa, içki dünýäňe başgany goşmak nämä gerek?" diýip bilersiňiz. Hünärmen siziň haýsy bolsa-da biriňiziň tarapyny almaz, ol iki tarapy hem kanagatlandyryp biljek çözgütleri tapmaga kömek berip biler.

Eger ruhy gamgynlylyk agyr derejede bolmasa, onda oňa getiren ýagdaý aradan aýrylansoň, erkek adamynyň psihiki ýagdaýy kadalaşmalydyr. Has agyr ýagdaýlarda derman serişdeleri ulanylmaga bellenilýär.

Bejergi

Derman serişdeleri bilen bejergi diňe psihoterapewt lukmanyň gözegçiliginde geçirilmelidir we bejergi adamynyň, ýagdaýyna, ýaşyna görä saýlanylmalydyr.

Bejergide esasan derman serişdeleriň aşakdaky toparlary ulanylýar:

⇒ Antidepressantlar – gamgynlylyk ýagdaýlary bejermek üçin ulanylýan dermanlaryň uly topary bolup, olar diňe bir keýpi gowlandyrman, howsalalygy aradan aýyrýarlar, ukyny, işdäni kadalaşdyrýarlar.

⇒ Trankwilizatorlar – bejerginiň başynda, antidepressantlaryň täsiri ýüze çykýança gysgamöhletleýin ulanylýar. Ukysyzlyk, howsalalyk ýaly alamatlary aýyrýar.

⇒ Keýpliligi sazlaýjy serişdeler – esasan ruhy keseller netijesinde döreýän gamgynlylygy aýyrmak üçin ulanylýar we keýpi bir durkunda saklamak maksady bilen bellenilýär.

⇒ Taplandyryjy serişdeler we witaminler – beden agzalaryň hemmesine gerek bolşy ýaly, nerw ulgamy hem minerallara we witaminlere, esasan hem B toparyň witaminlerine mätäçdir.

⇒ Eger ruhy gamgynlylyk başga beden keselleriniň täsiri bilen dörän bolsa, esasy kesele garşy bejergi degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

  • 3866 gezek okalan