• Kampaniýalar
  • Maşgaladaky zulumlyga garşy

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MAŞGALADAKY ZULUMLYGA GARŞY

  • Lukman

dymma kampaniya

Mähriban dostlar we joralar,

Saglyk häzire çenli öýdäki zulum barada birnäçe blog we düşündiriş işini çap etdi. Biz gelin-gyzlara we çagalara garşy öýdäki zulum hakynda has köp informasion material döredip, köpdürli okyjylarymyza ýetirmek ugrunda zähmet çekýäris. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň zenana, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Emma bu barada entek hem edilmeli iş kän. Çünki gelin-gyzlar fiziki, emosional, we jynsy zulumy öz içine alýan yzaly başdan geçirmelerini biz bilen sosial mediada şahsyda paýlaşýarlar, ýöne internetde köpçülik bilen paýlaşmakdan çekinýärler. Käbir zenan "il näme diýer" düşünjesi bilen paýlaşmakdan çekinse, käbiri jemgyýetimizde heniz hem maşgala meselelerini kesekiler bilen paýlaşmagyň kada däldigi üçin dymýarlar.

Biz öýdäki zorlugyň adaty zat hökmünde kabul edilmeli däldigine, onuň ýaşyrylmaly we çydalmaly däldigine ynanýarys. Öýdäki zorluga öwrenilmeli we düşünilmeli mesele diýip çemeleşýäris. Biziň bu barada düşündiriş işimizi okamak üçin basyň: Aýallara we Çagalara Garşy Öýdäki Zorluk.

Türkmenistanly ildeşlerimizi çekinjeňligi, gorkyny bir gyra aýryp, maşgalalarymyzda ýüze çykýan bu wawwaly mesele barada medeniýetli gürrüňdeşlikleri geçirmäge çagyrýarys. Türkmenistandaky gelin-gyzlar şahsy hatlaryň üsti bilen bize öz başdan geçirenlerini ugradýarlar. Şundan ugur alyp, biz ähli zenanlarymyza öz hekaýalaryny hemmeler bilen atsyz paýlaşyp bilerler ýaly hem-de belki birek-birege kömek edip bilerler ýaly mümkinçilik döretmek isledik.

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

"Dymma" üçin atsyz hekaýalar.

#dymma #hekaýaňypaýlaş #maşgaladakyzulum #öýdäkizulum

Anonim şertde çap edilýän, atsyz hekaýalar

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we soсial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän zadyňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi

PAÝLAŞYŇ.

Biz şahsy hekaýalary türkmen we rus dillerinde kabul edýäris.

MAŞGALADAKY ZULUMLYGA GARŞY SAGLYK.ORG-da ÇAP EDILEN MAKALALAR

Aýallara we çagalara garşy öýdäki zorluk: düşündiriş maglumatlary

Maşgala zorlugyndan nädip goranmaly: ýuristiň maslahaty

Munuň ady emosional zorluk

Maşgaladaky zulumlyk barada käbir faktlar

"Urýarmy, diýmek söýmeýär!" çagalara garşy zorluk. näme bilmeli we näme etmeli?

Türkmen maşgalasyndaky göze görünmeýän zorluk

Oglanlar aglamaýar

Maşgala zorlugyndan dynmak isleýärmiň? onda ilki zulumkeşleri öwren!

Aýallara garşy zulumçylyk we "türkmençilik" – hukuk ýagdaýlary

Çagaňyza şarpyk çalmak zerurmy?

Hukugym bar!

Diliňe eýe çyk, jenap!

Öýdäki zorlukdan goranma: gazak tejribesi

Gyrgyzystan maşgaladaky zuluma garşy berk kanun kabul etdi, ýöne bu meseläni çözmedi

Öýdäki zulum barada maglumat kemçiligi nämäni aňladýar?

Mänspleýniň näme?

Gazlaýtiň näme we oňa nädip garşy durmaly?

Öýdäki zorlugyň pidasyna nädip kömek etmeli?

Öýdäki zorlugyň pidasy kömek soranda, etmeli däl zatlar

"Çydamly we geçirimli bol"

Goralýarsyňmy?

"Stalkiň" näme we ondan nädip goranmaly?

OKYJYLARDAN GELEN HEKAÝALAR

Анонимный рассказ от читателя

Sen şahsy çägiň barada näme bilýärsiň?

Näme üçin uly ýaşly erkekler öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler?

Özüniň ikinjisi bolmagymy teklip etdi

Halaýan ýigidim gyzdygymy barlamak isleýär

Gaty gorkdym

История о нежелаемом прикосновении и разрушенной психике

Домогательства в школе – неприемлимо!

Zulumkeş gaýyn atama nädip kömek edip bolar?

Erjeşme barada dymmaň

Köpçülikde şeýdýän bolsa, adam ýok ýerinde nämeler etjegi belli däl

"Gelejegimi gaýgy edýärin"

Okyjydan hat: gyzlar erkekleriň beýle hereketleri üçin günäkär däl

Ýoldaşym maşgala guralymyz bäri düzüwli öýe gelmeýär...

Aýalyna hem ikilik edýän, hem azar berýän adamlara nähili çäre görüp bolar?

Halaşmadyk gyz almak isleýänlere

Çagalarymyň, ene-atamyň abraýy üçin çydap gezip ýörün

Aýrylyşana durmuşa çyksammykam?

Aýrylyşan gelinler nähak kemsidilýärler

Her bir ene hormata mynasyp däl ekeni

Мне понадобилось найти психолога чтобы понять, что что-то произошло не так

  • 7797 gezek okalan