AÝALYNA HEM IKILIK EDÝÄN, HEM AZAR BERÝÄN ADAMLARA NÄHILI ÇÄRE GÖRÜP BOLAR?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarSalam mähriban gelin gyzlar. Meniñ size aytmakçy bolan wakam gayyn enemiñ eltisi barada. Onun 4 cagasy bar, kiçi çagasy 4 yaşynda. Oñ äri özunden yaşy kiçi bolanson gelnine gowunyetmezçilik bilen garaya, "sen garry, yaşyň uly" diyip kemsidyar. Ol öz gelniniñ daşyndan başga biri bilen gezyadi. Muny hemme tohum tiji bilyadi, yone hiç kim aytmayady gelnine, gynanar diyip.

Bir gun eyleki gezyani bilen äri urşyada, gezyäni gelnine jaň edya "Men seň äriň bilen gezyän. Sen haram yaşayaň oň bilen. Meň bilen nikalaşdy ol, seň talagyňy beripdir" diyip, yuregini agyrdya. Gelin hem aglap, gygyryp ärinden soraya. Äri utanman kül edip heleyini urya. Bar eltileriniň oňunde, gayyn agalarynyň we çagalarynyň oňunde "sen kim, meň yuzume durar yaly?" diyip, gaty erbet derejede urya. Gelniň eli dowulya, ennam jany gom-gök bolya, yone gelin hiç hili sesini çykaranok, hiç zat edenok, gorkup ejelerinede gidip bilenok.

Şeyle gynanyan men şo genjeme. Äri ayby açylany üçin öz gunasini yapjak bolup bar gaharyny gelinden çykarya. Içip gelse gozi zat gorenok, yrsarap yone urup gun berenok. Bular yaly adamlara nadip dur diyip bolar?

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň! PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 625 gezek okalan