Ençeme ýyllardan bäri geçirilýän ylmy barlaglar bäbege ene süýdüni bermegiň diňe bir enäniň we bäbegiň saglygyna däl, eýsem ýurduň ykdysadyýetine hem juda uly peýdalarynyň bardygyny görkezýär. ÝUNISEF-iň 2025-nji ýylyň awgustynda çykaran hasabatyna görä, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde her 3 bäbekden diňe biri, ýagny bäbekleriň diňe 30%-i ömrüniň ilkinji 6 aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Dünýä boýunça welin bu san 50% deňdir.
Eger sebitde her çaga ene süýdi berilsedi, onda 3.5 million bäbek içgeçmesi, 35 müňden köp pnewmoniýa we 70 müň çagada aşa semizlik hadysalarynyň öňi alnardy. Şeýle-de, enelerde göwüs ragy hadysalary 10 müňe çenli, ýumurtgalyk ragynyň keseli 3 müňe çenli we 2 tipli süýjüli diabet 50 müňe çenli azalardy.
Ýürek-damar keselleri, insult, rak we süýjülik ýaly ýokanç däl keseller dünýäniň ýurtlarynyň aglabasynda adam ölümleriniň sebäpleriniň başyny çekýär. Eger aýgytly çäreler görülmese, indiki on ýylyň içinde 150 million adam ýokanç däl kesellerden ýogalar. Munuň ykdysady ýüki hem örän agyr bolup, diňe 2022-nji ýylyň özünde dünýäde 9.8 trillion ABŞ dollary ýokanç däl keselleriň bejergisine harçlanyldy. Bu global krisiz esasan-da pes we orta-girdejili ýurtlara agram salýar – ol ýurtlarda her 10 adamyň 8 sanysy ýokanç däl keseller sebäpli wagtyndan ir ölýärler.
Dünýä ýüzünde iň köp ulanylýan himioterapiýa dermanlary hil barlaglaryndan geçmedi. Bu nämäni aňladýar? Dünýäniň 100-den köp ýurdunda rak keselli syrkawlar bejergileriň netije bermezlik ýa-da ölüm howply gaýraüzülmelere eltmek howpy astynda ýaşaýarlar.
Bu barlagdan geçirilen dermanlar köp duş gelýän raklaryň (göwüs ragy, ýumurtgalygyň rak keseli, leýkemiýa ýa-da leýkoz) ençemesini bejermekde möhüm rol oýnaýarlar. Dermanlaryň käbirinde içinde bolmaly esasy ingrediýentler şeýle az möçberde ekeni welin, olary syrkawlara bereniň bilen bermäniň tapawut etmejekdigini hünärmenler aýdýarlar. Käbir dermanlaryň düzüminde bolsa işjeň ingrediýentler aşa köp mukdarda bolup, olar syrkawa organ zaýalanma ýa-da ölüm howpuny salýarlar.
Biziň Saglykda iň bir ähmiýetli we barha göwrümi giňeýän proýektimiz bolan BILIM mobil priloženiýesi 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gelin-gyzlaryň biliminiň we özynamlylygynyň artmagyna goşant goşup gelýär. Bu türkmen dilinde çykarylan ilkinji we ýeketäk aýbaşy kalendary bolup, gelin-gyzlara aýbaşy halkasyna, owulýasiýasyna, gündelik endiklerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär we olaryň saglygy hem-de hukuklary barada maglumat hödürleýär.
Eger ulanyş üçin tassyklanylsa, eýýäm aýallarda peşew ýollarynyň ýokançlygyny bejermekde ulanylýan bu derman serişdesi soňky 20 ýylyň içinde jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere garşy ilkinji täze antibiotik bolar.
GSK farmasewtik kompaniýasy tarapyndan oýlanylyp tapylan tabletka ylmy barlaglarda sözenegi (gonoreýa) bejermekde netijelilik görkezdi. "Blujepa" ady bilen satylýan bu tabletka mart aýynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy tarapyndan 12 ýaşdan uly aýal-gyzlarda peşew ýollarynyň ötüşmedik ýokançlyklaryny bejermek üçin tassyklanylypdy.
2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikde aýallarda we çagalarda milli mikroelementler barasyndaky geçiren pikirsoraşmanyň netijeleri çap edildi.
Pikirsoraşma ýurtdaky 6-59 aý aralyk çagalarda, 15-49 ýaş arasyndaky aýallarda we göwreli aýallarda ganazlygyň (anemiýa), demir kemçiliginiň we beýleki mikroelementleriň kemçiliginiň ýaýbaňlylygyny ölçedi.
Gyzamyk örän ýokanç wirusdyr. Bu ýaş çagalar üçin ölüm howply hem bolup bilýär. Dünýäniň ençeme ýerinde gyzamyk sanjymlarynyň ýeterlik berilmezligi bu wirusyň ýaýramasyna oňaýly şert döredýär.
Soňky 5 ýylyň dowamynda gyzamyk dünýäniň çagalarynyň 75%-iniň ýaşaýan ýerleri bolan 100-den köp ýurda ýaýrady. Emma biz bu wirusa bäs gelip bilýäris – gyzamyk waksinalary howpsuz we netijelidir. Çagalaryň gyzamyk bilen kesellemesiniň we ony başgalara ýaýratmasynyň öňüni almagyň iň gowy ýoly olary sanjym etdirmekdir. Gyzamyk barada her kimiň bilmeli 5 zady:
2024-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň parlamenti Maşgala kodeksine we Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler nika bozmagy kynlaşdyrdy. Şol sanda, bu üýtgeşmeler öýdäki zorlugyň pidalaryna hem zulum ediji ýanýoldaşlaryndan aýrylmagy has howply eder.
Klimaty hapalaýan maddalaryň az sanlysy – şol sanda howany hapalaýan gara uglerod, metan we ozon – häzire çenli hasaba alnan global maýylganlygyň tas ýaryna sebäpkärdir.
Bu hapalaýjylaryň ömri atmosferada bir asyrdan hem gowrak saklanýan kömürturşy gazy (CO2) bilen deňeşdireniňde has gysga hem bolsa, olaryň bölünip çykýan her tonnasynyň kömürturşy gazyndan 80-2000 esse köp howa maýladyjy güýji bolýar. Bu hapalaýjylaryň indiki asyrda hem klimaty kömürturşy gazyndan has beter maýlatmagy dowam etmesine garaşylýar.
Equality Now guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen hasabat 7 sany Ýewraziýa ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Russia, Täjigistan we Özbegistan) irki we mejbury çaga nikalarynyň ýaýbaňlylygyny we sebäplerini derňeýär. Bu hasabata Türkmenistan degişli däl hem bolsa, sebitimizdäki ýagdaýlar barada öwrenmek ýurdumyzdaky irki nikalara düşünmegimize saldamly goşant goşup biler.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.