TÜRKMENISTANDA RAK KESELINE DEGIŞLI ÇAKLAMALAR NÄMELERI AÝAN EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tkm rak keseline caklamalarBütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) 2022-nji ýylda täzelenen hasabatlar ýygyndysy dünýäniň dürli ýurtlarynda rak bilen baglanyşykly möhüm sanlary aýan edýär. Hasabatda Türkmenistanda rak kesellerine degişli çeşmeleriň ýokdugy bellenilip, berlen sanlaryň çaklamalara we goňşy ýurtlaryň görkezijilerine esaslanýandygy aýdylýar.

↪ 2022-nji ýylda ýurtda 6807 sany täze rak keseliniň we 4456 sany rak ölüminiň hadysasy bellige alyndy.

Göwüs ragy aýallarda hem erkeklerde hem ragyň iň köp ýaýran görnüşi bolup, ähli hadysalaryň 14.7%-ini düzýär.

↪ Aýallarda ikinji iň köp ýaýran ragyň görnüşi ýatgynyň boýunjygynyň ragy (12%).

↪ Erkeklerde ikinji iň köp ýaýran ragyň görnüşi öýkeniň rak keseli (12.2%).

↪ Aşgazanyň we gyzylödegiň rak keselleri hem sanawyň ýokarsynda ýer alýar.

↪ Raýatlaryň 75 ýaşdan öň rak bilen keselleme töwekgelçiligi 12.9%.

Dünýäde ölümçiligiň iň esasy sebäbi bolan rak keseli bedeniň islendik böleginde döräp bilýär. Ragyň iň uly aýratynlygy anomal öýjükleriň tiz depginde ösüp köpelmesidir. Şeýdip bu öýjükler töweregine ýaýrap, beýleki organlara hem hüjüm edip bilýär. Keseliň bu derejede ötüşmegine metastaz diýilýär. Ötüşen metastaz rak ölümleriniň esasy sebäbidir.

Pasiýentlere rak keselleriniň töwekgelçilik faktorlaryna we duýduryjy alamatlaryna düşünmäge kömek etmekde saglyk işgärleriniň wajyp roly bar.

Rak keseliniň ýüze çykmagyna genetiki faktorlardan başlap, birnäçe daşky faktorlar itergi berip bilýär:

Fiziki rak döredijiler: Ultramelewşe we ionlaşdyryjy radiasiýa;

Himiki rak döredijiler: Asbest, temmäki tüssesindäki serişdeler, alkogol, aflatoksin we myşýak.

Biologiki rak döredijiler: Belli wiruslaryň, bakteriýalaryň ýa-da parazitleriň ýokuşmagy.

Adamyň rak keseline ýolukma ähtimallygy çilim çekmek, akogol içmek, ýokumsyz iýmitleri iýmek we günüň dowamynda hereketsizlik ýaly endikler hem-de hapa howadan dem almak we ýokanç däl keselleriň döremegi bilen ýokarlanýar. Rakdan ölümçilik haçanda kesel ir anyklanylanda we bejerilende azalýar. Şonuň üçin hem BSGG hökümetlere ragyň öňüni almagy we ony gözegçilikde saklamagy syýasy borja öwürmekligi maslahat berýär.

  • 177 gezek okalan