• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ HOWPLY TÄZE DÖREMELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ HOWPLY TÄZE DÖREMELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.54 (13 Ses)

Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri (ÝBHTD), jyns agzalarynyň täze döremeleriniň içinde iň kän duş gelýän görnüşidir. Onuň ýüze çykmagyna abortdan, dogrumdan soň ýatgynyň boýunjygynyň şikeslenmegi, raga getirýän keselleriň (ýatgy boýunjygynyň eroziýasy, leýkoplakiýa, polip, eritroplakiýa) wagtynga bejerilmezligi, abortdan soňky endokrin bozulmalar, jyns agzalaryň ýokançlyklary sebäp bolup biler.

Ýönekeý uçugyň wirusynyň we adamyň papilloma wirusynyň 10 we 16 görnüşleriniň ýatgy boýunjygynyň rak keseline getirip bilýänligi barada ylmy maglumatlar bardyr.

Soňky ýyllarda, dünýä boýunça kadaly geçirilýän öňüni alyş barlaglaryň we ýatgy boýunjygyndan alynýan çyrşagyň Papanikolau (pap-çyrşak) usuly bilen barlanmagy netijesinde, ýatgy boýunjygynyň HTD-i ir möhletde ýüze çykaryp, netijeli bejergi geçirmek gazanyldy.

Ýatgy boýunjygynyň HTD-niň kliniki we gistologiki häsiýetnamasyna esaslanyp, ony birnäçe döwürlere bölýärler.

Rak keseli näçe ir döwürde anyklanylsa, bejergi çäreleri şonça-da şowly bolup, sagalma ähtimallygy  ýokarlanar.

Preinwaziw rak (ýaýramadyk görnüşi) – örtüji dokuma rak öýjüklerinden tapawutlanmaýan öýjüklerden ybaratdyr. Ýöne rak töwerekdäki dokumalara we agzalara ýaýramaýar. 40 ýaşa çenli aýallarda boýunjygyň jynshana bölegi, 45 ýaşdan soň bolsa, serwikal kanaly zeperlenýär. Kesele umumy alamatlar mahsusdyr. Aýallaryň ýarysy, gasygynda agyryny, jynshanadan nemiň, gan gatyşykly nemiň gelmegini belläp  geçýärler.

Ragyň bu görnüşini anyklamak üçin çäreler toplumyny geçirmek möhümdir. Oňa sitologiýa, kolposkopiýa, ýatgy boýunjygyndan alnan bölejigi gistologiki barlagdan geçirmek ýaly anyklaýyş çäreleri degişlidir.

Bejergi usuly, zeperlenmäniň ýerleşýän ýerine, bar bolan ginekologiki keselleriň geçiş ýagdaýyna baglylykda saýlanyp alynýandyr. Boýunjygyň jynshana böleginde ýa-da serwikal kanalynda ýerleşýän rak zeperlenmesinde, boýunjygy aýyrmak (amputasiýa) operasiýasyny geçirilýär. Bu ýagdaýda köplenç, konus şekilli diatermoekssiziýa ýa-da konizasiýa usuly hem ulanylýar. Ginekologiki keselleri bolan (ýatgynyň miomasy, salpingooforit) näsaglara ýa-da preinwaziw ragyň gaýtalanýan ýagdaýynda, jynshananyň ýokarky manžety (zolagy)  bilen ýatgynyň ekstirpasiýa (ýatgyny boýunjygy bilen aýyrmak) operasiýasyny geçirilýär.

 

Mikroinwaziw rak (ragyň 3 mm-e çenli galyňlykda ýaýramagy).

Näsaglaryň 40%-i jynshanadan suwuk nemiň gelmegini, jynsy gatnaşykdan soň ganly bölünip çykmalary belleýärler. Anyklama üçin sitologiki we gistologiýa barlaglaryň netijeleri möhümdir. Ragyň bu görnüşinde, jynshananyň ýokary zolagy (manžetasy)bilen ýatgynyň ekstirpasiýasyny geçirilýär. Ýaş aýallarda ýumurtgalyklar aýrylman goýulýar.

Inwaziw (ýaýran) rak – ginekologiki kesellere mahsus bolan üç alamat hem ýüze çykýar – agyry, gan akma we jynshanadan bölünip çykmalar. Agyrylar garnyň aşagynda, bilde, göni içegede ýüze çykyp biler. Ragyň ýaýrap, çanaklyk limja düwünleriniň zeperlenmegi netijesinde, butlarda hem agyry döräp biler.

Jynshanadan hem gan akmalar dürli häsiýete eýe bolup biler. Olar jynsy gatnaşykdan, täret edilenden soň, ginekologiki barlagdan soň ýa-da agyr ýük göterme netijesinde döräp biler. Olaryň ýüze çykmagy, ragyň gowşak, port damarlarynyň şikeslenmegi bilen düşündirilýär.

Jynshana bölünip çykmalary hem suwuklyk ýa-da gan gatyşykly bolup, dürli ýokançlyklar netijesinde ýaramaz ysly bolup bilerler. Olaryň ýüze çykmagy, limfa düwünleriň şikeslenmegi netijesinde bolýar.

Ýatgy boýunjygynyň ragynyň peşew haltasyna geçen ýagdaýynda, näsagda ýygy-ýygydan buşukma ýüze çykýar. Peşew akarlaryň gysylmagy netijesinde, peşewiň çykyşy kynlaşyp, böwrekleriň işine zeper ýetip biler.

Ragyň göni içegä geçen ýagdaýynda, içiň gatamagy, täretde nemiň ýa-da ganyň görünmegi, göni içegäniň diwarlarynyň zeperlenmegi netijesinde, göni içege bilen jynshananyň arasynda fistulanyň (swişler) döremegi bolup biler.

Ýatgy boýunjygynyň ragyny anyklamakda gistologiki barlagyň netijesi möhüm orny eýeleýändir.

Bejergi usuly, keseliň kliniki aýratynlygyna, ýaýraýyş derejesine, näsagyn umumy ýagdaýyna, ginekologiki we beden kesellerine  baglylykda saýlanyp alynýar. Bejergi geçirlende hirurgiki, şöhle, himiýa serişdeleri bilen bejermek usullaryň utgaşmasy peýdalanylýar. Bejergini diňe onkolog lukman geçirmelidir.

Ýatgynyň boýunjygynyň ragyna getirýän keselleri wagtynda anyklamak we bejermek, ragyň öňüni almagyň ygtybarly usulydyr. Saglyk öýleriniň serediş otaglarynda geçirilýän öňüni alyş çäreler toplumynyň we sitologiki barlaglaryň ahmiýeti uludyr.

  • 8518 gezek okalan