Men öz lukmanym bilen meni gyzyklandyrýan jynsy gatnaşyklara degişli soraglarym barada gepleşsem, ol meniň ene-atama aýdarmy?
Seni köpden bäri tanaýan lukmanyň (tapawudy ýok-ol maşgala lukmany bolsun ýa-da ginekolog, urolog) seni gyzyklandyrýan soraglaryňa hemişe jogap berip biler. Sen lukmana beden we seksual saglygyňa degişli islendik soragyňy berip bilersiň. Meselem, jyns agzalarynda döreýän agyrylar, aýbaşy bozulmalary, barlag geçirmek soraglary, gyzlyk perdesi barada, göwreliligiň öňüni alyş usullary we jynsy gatnaşyklar barada we başgalar.
Seniň ýaşyňa, milletiňe, dini uýmalaryňa garamazdan, lukman saňa degişli maglumatlary başga adamlara-ene-ataňa, garyndaşyňa, tanşyňa, goňşyňa habar bermeli däldir. "Lukmançylyk syry" diýen düşünjä her bir lukman öz hünärmenlik işinde dogry çemeleşýändir. Eger bardy-geldi, seniň özüň jynsy gatnaşyklary başlamagy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriň görnüşini kabul etmegi ýüregiňe düwen bolsaň-da, lukman saňa dogry maslahatlar bermäge borçludyr we ene-ataňa aýtmakdan saklanmalydyr.
Dowamy
Anal jynsy gatnaşygy hem, edil oral jynsy gatnaşygy ýaly jynsy gatnaşyklaryň adaty däl görnüşine degişli edilýändir. Bu gatnaşyk ujyt artbujaga (anusa) salnyp geçirilýändir. Bu gatnaşyk kä jübütler üçin üýtgeşik bolup görünse hem, saglyk üçin howply taraplary barada habardar bolmaly. Göni içegäniň adaty bolmagyk ýokançlyklary erkek jyns agzalaryna düşüp, dürli sowuklama kesellerini döredip bilseler, gödek geçirlen jynsy gatnaşyk artbujagyň nemli gatlagyny şikeslendirip, proktit (göni içegäniň alawlama hadysasy) keselini döredip biler. Bu gatnaşyklar netijesinde hem jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň, şol sanda AIW-iň ýokuşma howpy saklanýandyr. Prezerwatiwi ulanmak goraglylygyň ýeke-täk usulydyr.
Saglygyň synlary we okyjylar bilen pikir alyşmalary, Türkmenistanyň mekdeplerinde esasan nika çenli "jynsy gatnaşykdan saklanmak" barada gürrüň edilýändigini görkezýär. Emma okuwçylara göwreliligiň öňüni alyş usullary (kontrasepsiýa), jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we sagdyn we jogapkärçilikli durmuş endikleri barada bilim berilmeýär ýa-da berilýän bilim ylmy taýdan nädogry bolup, döwrebap standartlaryna esaslananok. Türkmenistanda ýetginjek göwreliligi we ýetginjekleriň seksual we önellgelik (reproduksiýa) saglygy barada sanlar we maglumat ýok. Meselem, Gazagystan 15-19 ýaşdaly ýetginjek gyzlaryň irki göwrelilik sanlaryny welaýat boýunça çap edýar.
Dowamy
Oral jynsy gatnaşygy erkeklik ujydynyň agza alynyp gyjyndyrylmagy arkaly geçirilýändir. Şeýle gatnaşyk ýokançlyklaryň geçmegi bilen howpludyr. Eger agyzda bakteriýalary saklaýan çüýrük, kariýesli dişler bolsa, olar erkeklik peşew ýollarynyň sowuklama kesellerine getirip bilerler. Erkeklik jyns agzalaryndaky ýokançlyklar döl bilen agza düşende merezýeli, AIW, uçugy, wirusly gepatitleri, sitomegalowirusy ýokuşdyryp biler. Adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy bolsa bokurgadyň rak keseline getirip bilýändir. Ýokuşma howpy agyz boşlugynda kiçijik ýarajyklar, sypjyryklar, jaýryklar bolanda has hem ýokarlanyp bilýär.
Oral jynsy gatnaşyklarda howpsuzlyk çäresini berjaý etmek üçin prezerwatiwleri ulanmak hökmanydyr.
Kunnilingus düşünjesi – jynsy gatnaşyklarda aýalyň daşky jyns agzalaryny diliň, dodaklaryň, burnuň kömegi bilen gyjyndyrma hereketini aňladýandyr. Kunnilingusy jynsy gatnaşyklarynda ulanýan jübütler biri-birine arassaçylyk çäreleri babatda ynamly bolmalydyr. Çunki onuň üsti bilen uçuk wirusy, gepatitler, sitomegalowirusy, merezýel, sözenek keseli ýokuşyp bilýändir. Doly goraglylygy berjaý etmek üçin kunnilingus geçirlende ýörite prezerwatiwleri ulanmak ýa-da adaty prezerwatiwy ortasyndan kesip jyns agzalaryň üstüne goýup ulanma maslahat berilýändir.
Ýaşyna garamazdan, jynsy agzalary bilen bagly kynçylyklar ýüze çykanda gyzlar ginekolog lukmanyna ýüz tutýarlar. Oglanlar hem, ýaşyna garamazdan erkeklik jyns agzalarynyň keselleri dörände urolog lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Aslynda hem gyzlar, hem oglanlar diňe bir kesel dörände däl-de, ýylda bir gezek keselleriň öňüni alyş barlaglary geçmelidir.
Soňky ýyllarda urolog lukmanyndan başga-da, erkek adamlara seredýän androlog lukmany taýynlanyp başlandy. Bu lukmanlar diňe bir erkeklik agzalarynyň saglygy däl-de, seksual saglygy, seksual işjeňligi meseleleri babatda hem bejergi geçirýärler. Bu lukmanlaryň maslahatyny siz özüňiziň degişli Saglyk Öýleriňize, Bejeriş we Sagaldyş merkezlerine ýüz tutup alyp bilersiňiz.
Elbetde, seksual saglygyňa degişli soraglar seni gyzyklandyryp, sen oňa degişli soraglaryňa dogry jogap tapasyň geler. Ýöne başga tarapdan, beýle soraglar başgalardan tapawutlanýarlar we olar barada sen her kimden sorap bilmersiň. Aslynda, diňe bir seksual saglygyňa degişli däl, hemme soraglary hem sen ene-ataňa, uly doganlaryňa berip, açyk jogaby, düşündirişleri almak gowy çykalga bolup durýar. Ýöne köp ýetginjekler bu soraglary maşgala agzalaryna berip, söhbetdeş bolmakdan çekinýärler.
Dowamy
Oglanyň jynsy gatnaşygy geçirmändigini, ýagny onuň boý oglandygyny görkezýän, subut edýän alamat ýokdur. Oglanlaryň gatnaşyklarda bolandygyny görkezýän anatomiki alamat bolmaýar. Dogry, oglanyň ýygra, utanjaň bolmagy, gyz bilen aňsat gürrüň açyp bilmezligi, söýgi ýa-da jynsy gatnaşyklar barada gürrüň açylanda gyzaryp utanmagy onuň tejribesiz, boý oglanlygyndan habar berip biler. Ýöne başga tarapdan, kä ýaş ýigitler entek jynsy gatnaşygy geçirmedik bolsa-da, özlerini bu ugurdan bilermen, tejribeli görkezmäge çalşyp bilerler. Görşümiz ýaly, oglanyň gatnaşyklarda tejribelidigini ýa-da tejribesizdigini diňe ondan sorap ýa-da özüniň boýun almalaryndan anyklap bolýandyr. Şonuň üçin hem jübütleriň biri-birine ynanyp, pikir alyşmagy, gönümel, açyk gürrüňdeşligi alyp barmagy özara gyzyklanmalar, seniň taýyň öňki tejribesi, islegleri barada peýdaly boljak maglumatlary berip biler.
Ilkinji gezek jynsy gatnaşygy geçirendigiňi daş-töweregiňdäki adamlar duýup, anyklap bilmeýär. Sebäbi seniň daşky keşbiňde jynsy gatnaşygy geçirendigiňi aýan edip biljek hiç hili alamat bolmaýar. Şeýle hem ýaýran ýalňyş düşünjelere görä, gyzyň göwüsleriniň, ýanbaşynyň ýa-da butlarynyň görnüşlerinden hem jynsy gatnaşygy geçirip-geçirmändigi barada bilip bolmaýar.
G-nokady barada maglumata belki sen Internet ulgamynda duşansyň. G-nokady – jynshananyň öňki diwarynda, onuň girelgesinden 5-6 sm. daşlykda ýerleşýän duýgur nokat bolup durýandyr. Bu nokadyň gyjyndyrylmagy aýal maşgala lezzetlilik bermäge ukyplydyr.