Ýoldaşyň bilen gatnaşyklaryňyzyň pugta we ynamly bolmagy hem-de jynsy gatnaşyklaryň saglyk üçin howpsuzlygyny berjaý etmek üçin jynsy ýokançlyklara barlanma meselesini çözmek wajypdyr.
Bu soragy biri-biriňe bermekde utançlyk bolmaly däldir. "Sen maňa ynanaňokmy?", "Sen meni utandyrjak bolýarmyň?" diýen soraglar aslynda hiç bir meseläni çözmeýär. Eger siziň özara duýgularyňyz çynlakaý, gatnaşyklaryňyz berk bolsa we siz pikirlenmelerden soň jynsy gatnaşyklary başlamagy meýilleşdiren bolsaňyz, biri-biriňiziň saglygyňyz barada hem aladalanarsyňyz. Bu soraga garaýşyňyz siziň biri-biriňize bolan duýgularyňyza synag bolup biler.
Dowamy
Eger dürli sebäplere görä, howpsuzlyk serişdelerini ulanmazdan (prezerwatiw, kontrasepsiýa) jynsy gatnaşyk geçirlen bolsa, degişli barlaglary geçirmek üçin tizden-tiz lukmana ýüz tutmalydyr. Lukman jyns agzalaryndan alnan çyrşagyň we gandan ýörite barlaglary geçirip, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň ýokuşma howpunyň bardygy ýa-da ýokdygy barada netije çykaryp biler.
Dowamy
Lukmançylygyň we derman senagatynyň ösmegi bilen häzir jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň ençemesini bejerip bolýar – sözenek, merezýel (sifilis), trihomoniaz, hlamidioz, kandidoz, gijilewik keseli, gasyk bitliligi. Ýöne bejerginiň netijeli bolmagy üçin özwagtynda lukmana ýüz tutmak, bellenilen dermanlary belli mukdarda we dowamlylykda kabul etmek, kadaly gözegçilikde saklanmak möhümdir. Bejergileriň az bolmadyk pul serişdesini talap edýändigini hem ýatda saklamalydyr. Şeýle hem, öz-özüňe bejergi bermek, halk emleri bilen bejergi geçirmek synanşygynyň keseliň dowamly görnüşe geçip, gaýraüzülmelere getirip biljekdigini bilmelisiň.
Dowamy
Jynsy gatnaşyk geçirilmedik bolsa, ol gatnaşyk sebäpli geçýän keseller hem ýokuşyp bilmeýär.
Oňa garamazdan, daşky jyns agzalaryň süýkelmegi, galtaşmagy (gyzlyk perde bar bolup) bilen geçirilýän gatnaşyk (oňa "petting" diýilýär) uçuk wirusynyň, adamyň papillomawirusynyň, gasyk bitiniň, gijilewik keseliniň ýokuşmagyna getirip bilýändir.
Salam Saglyk,
Şu "pedofil", "pederast" diýip bizde geýlere diýýärler welin şularyň ählisi bir zatmy?
Dowamy
Okyjydan sorag:
Salam. Men 19 ýaşymda (gyz). Men hiç wagt seksual oýanma duýmadym. Seksual duýgulary oýaraýmaly ýagdaýlar köp başymdan geçdi. Ýöne seksual oýanma ýok. Bu ýagdaý meniň akyl saglygyma we gatnaşygyma zyýan ýetirýär. Bu bir kadasyzlykmyka? Kömek edip bilersiňizmi?
Dowamy
Jynsy gatnaşyga giresiň gelmese ondan ýüz öwürmegiň iň ýönekeý ýoly "Ýok" diýmekdir. Bedeniň bilen bagly ähli zatlarda soňky karara özüň gelmelisiň. Eger öň jynsy gatnaşykda bolan bolsaňam, "bolýa" diýen bolsaňam, islendik wagtda pikiriňi üýtgedip, "dur" ýa "ýok" diýip bilersiň. Ýoldaşyň hem seniň kararyňa hormat goýmalydyr.
Dowamy
AIW-ýokançlygyna barlagy degişli Saglyk öýleriňiziň ginekologiýa we urologiýa otaglarynda, deri-weneriki merkezinde we ýaşaýan şäheriňiziň AIDS Merkezinde geçip bolýar.
AIW-ýokançlygy öpüşmek arkaly ýokuşyp bilmeýär. Çünki tüýkülikde onuň ujypsyz mukdary saklanyp, ol wirus göterijiligine getirip bilmeýär. Şeýle hem, tüýkülikde saklanýan ferment wirusy gowşatmaga kömek edýär.
AIW (adamynyň immunodefisit wirusy, rusca ВИЧ) – adama ýokuşanda AIW-ýokançlygy keseli ýüze çykýar.
AIDS (rusça СПИД) – bu AIW-ýokançlygynyň iň soňky tapgyrydyr. AIDS keselinde immun ulgamynyň bozulandygy we ýokançlyklara garşy göreşip bilmeýändigi üçin adam her dürli agyr ýokançly keseller bilen keselleýär.
Dowamy