Zenanlar üçin ulanmaga niýetlenen prezerwatiwler edil erkek prezerwatiwleri ýaly lateksden ýa-da poliuretandan edilýändir. Aýal prezerwatiwleri iki gapdaly maýyşgak halkadan ybarat, jynshanany ýadyňa salýan rezin turbajyk görnüşli serişdedir. Onuň bir tarap halkasy ýapykdyr we ol tarapy ýatgynyň boýunjygyna geýdirilip, erkek öýjükleriniň ýatga düşmeginiň öňi alynýandyr. Beýleki tarapy bolsa jynshanadan daşyna çykarylýp, uly jyns dodaklaryň üstünde goýulýandyr. Aýal prezerwatiwlerini jynshana bir aýagyňyzy oturgyjyň üstünde goýup salmak oňaýly bolýandyr. Ol jynshana doly salnandan soň, ony barmak bilen barlap görmek gerekdir, çünki onuň jynshanada towlanmagy mümkin.
Dowamy
Jynsy gatnaşygyň öňýanynda gorag serişdesiniň görnüşi we ulanma düzgüni barada maslahatlaşmak peýdaly bolup, siziň biri-biriňize düşünýandigiňiziň alamaty bolup biler.
Köp erkek adamlar (ýaş oglanlar hem) prezerwatiwiň geýilmeginiň, gatnaşykda düýgurlylygyň peselmegine getirýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Bu pikire garşy sen häzirki öndürilýän prezerwatiwleriň has ýuka görnüşde bolup, duýgurlylyga täsir etmeýändigi baradaky maglumaty orta atyp bilersiň. Onsoňam, göwreliligiň galyp, sen abort ýaly howply lukmançylyk çäresini başdan geçirme ähtimallygynyň prezerwatiw geýmeden has agyr gelýänini bellemeli we düşündirmeli.
Dowamy
Prezerwatiwler jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän köp ýokançlyklardan (meselem, AIW, sözenek, hlamidioz, trihomoniaz we baş) gorap bilýändir. Ýöne jynsy agzalaryň daşyna ýaýrap, adaty galtaşmadan geçip biljek ýokançlyklardan we mugthorlardan gorap bilmeýär: gasyk biti, galtaşykly mollýusk, adamyň papilloma wirusy, gijilewük.
Dowamy
Keselleriň ýokuşma howplulygy oral jynsy gatnaşyklarda, adaty jynsy gatnaşyklardaky ýaly ýokary bolmasa-da, belli bir derejede howplylyk saklanýandyr. Eger agyz boşlugynyň nemli bardasynda ýaralar, kesikler bar bolsa, ýokuşma howpy has hem ýokarlanýandyr. Oral jynsy gatnaşyklarda merezýeliň (siflis), uçugyň, adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy ähtimaldyr.
Dowamy
Prezerwatiw kanun boýunça näçe ýaşdan berlip (satylyp) başlanýar?
Prezerwatiwler kanun boýunça dermanhanalarda 18 ýaşdan satylyp başlanýar. Ýöne käbir hususy dermanhanalardan, şeýle hem dükanlardan ony 14 ýaşdan satyn alyp bolýandyr.
Dowamy
Aýallaryň arasynda jynsy gatnaşykdan soň jynshananyň dürli suwuklyklar bilen ýuwulmagynyň, islenilmedik göwrelilikden alyp galjakdygy baradaky pikir ýaýran. Onuň üçin diňe bir ýönekeý arassa suw ulanylman, suwa aspirin gerdejigini, marganes turşusyny (margansowka), sabyn köpürjigini ýa-da ýörite spermisidleri (spermatozoidleri öldürýän himiki serişdeler) goşup hem jynshanany ýuwmaga çemeleşýärler.
Dowamy
Ýaşyna garamazdan, kontraseptiw serişdeleri jynsy gatnaşyklary başlanylan wagtdan ulanmak möhümdir. Lukmanlar gyzlara gormonal gerdejikleri aýbaşysy başlap, kadalaşandan soň (azyndan 3 aýbaşy geçmeli) kabul edip başlamagy maslahat berýärler. Ýöne gormon saklaýan gerdejikleriň jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklardan, şol sanda AIW ýokanjyndan goramaýandygyny bilmelidir.
Dowamy
Jynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, islenilmedik göwrelilikden goranmak üçin ulanylýan (kontraseptiw) serişdeler barada bilmek saňa köp kynçylyklaryň öňüni almaga kömek berip biler. Durmuşda köplenç ýetginjek ýaşlar jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy bilen islenilmedik göwreliligiň döremegi, saglyga zyýan ýetirjek abort (göwreliligi emeli aýyrmak) barada pikirlenmeýärler.
Häzirki wagtda kontraseptiw serişdeleriň dürli görnüşleri belli bolup, olaryň içinde ýetginjekler üçin zyýansyz görnüşleri hem maslahat berilýändir.
Dowamy
Näme üçin biziň jemgyýetimizde adam seksuallygy we jynsy gatnaşyklary barada ene dilimizde okamana kitap az? Adam seksuallygyna degişli maglumatlary nireden almaly, okamaly?
Dogrudan hem, döwürdeş ýaşlar, ýetginjekler jynsy gatnaşyklar we seksual saglygy barada okamana, tanyşmaga ene dilimizde kitaplaryň, gollanmalaryň ýokdugyny, tapdyrmaýandygyny belläp geçýärler.
Biziň jemgyýetimizde adat, milliligimiz, dini garaýyşlar jynsy gatnaşyklara we seksuallyga degişli soraglary ýapyk, ýaşlaryň terbiýesine zarba urujy, geplemesi gadagan soraglara degişli edýärler. "Adamlara, esasan hem ýaşlara bu soraglar barada gürrüň etsek, olar öwrenerler we azgynçylyk köpeler" diýen esasy düşünje ýöreýär.
Dowamy
Sen ýetginjek oglan bol, gyz bol, günleriň bir güni pikirlenmelerden soň halaýan adamyň bilen jynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, iru-giç sen bu barada ene-ataň bilen gepleşmeli bolarsyň.
"Men olardan çekinýän we gorkýaryn. Ejem (kakam) meni hiç haçan bagyşlamaz" diýmegiň mümkindir. Eneň we ataň seni dünýä indirip, ulaldan we terbiýelän adamlardyr hem-de şolardan başga seni hiç kim şeýle ýakyn tanaýan we çyn ýürekden söýýän däldir. "Ýok, meni halaýan gyzym (ýigidim) söýýär" diýmegiňiz mümkin. Ýöne ol başga söýgidir.
Dowamy