• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • MEN ÝOLDAŞYMA PREZERWATIW GEÝMEGIŇ WAJYPDYGYNY NÄDIP DÜŞÜNDIRIP BILERIN?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN ÝOLDAŞYMA PREZERWATIW GEÝMEGIŇ WAJYPDYGYNY NÄDIP DÜŞÜNDIRIP BILERIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

jynsy terbiyeJynsy gatnaşygyň öňýanynda gorag serişdesiniň görnüşi we ulanma düzgüni barada maslahatlaşmak peýdaly bolup, siziň biri-biriňize düşünýandigiňiziň alamaty bolup biler.

Köp erkek adamlar (ýaş oglanlar hem) prezerwatiwiň geýilmeginiň, gatnaşykda düýgurlylygyň peselmegine getirýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Bu pikire garşy sen häzirki öndürilýän prezerwatiwleriň has ýuka görnüşde bolup, duýgurlylyga täsir etmeýändigi baradaky maglumaty orta atyp bilersiň. Onsoňam, göwreliligiň galyp, sen abort ýaly howply lukmançylyk çäresini başdan geçirme ähtimallygynyň prezerwatiw geýmeden has agyr gelýänini bellemeli we düşündirmeli.

"Prezerwatiw jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden hem goraýar" diýen pikiriňize ýoldaşyňyz "Men kesel däl, diýýäniň näme?" diýip, geň galmagy hem mümkin. Siz entek biri-biriňizi ýakyndan tanamaýan bolsaňyz, goraglylyk çäresini geçirmek has hem zerurdyr. Jynsy gatnaşyk arkaly geçýän köp keselleriň alamatlaryny adamynyň daşky keşbinden anyklap bolmaýandygyny ýatda saklamalydyr.

Onsoňam, seni sylaýan we sen bilen gatnaşyklara çynlakaý seredýän oglan hemişe seniň saglygyňy gorap we arkaýynlygyňy üpjün edip, seniň saýlan çözgüdiňi sylap başarar. Eger gatnaşyklaryň howpsuzlygy (şonuň bilen bilelikde prezerwatiw geýmek) oglany ol diýen pikirlendirmeýän bolsa, belki-de ol öz keýpini hemme zatdan ýokary goýýan ýa-da jogapkärçiliksiz adamdyr? Prezerwatiw geýmäge we seniň howpsuzlygyňyzy berjaý etmäge razy bolmadyk ýoldaş bilen sen gatnaşyk saklamaga razymy?

  • 85 gezek okalan