• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1

yeke banka gazlandyrylan icgiDüzümi şekerli içgiler alkogol bilen baglanyşyksyz ýagly bagyr keseliniň döreme ähtimallygyny 50% artdyrýan bolsa, günde diňe ýekeje banka gazlandyrylan berhiz içgisiniň hem bu keseliň töwekgelçiligini 60% ýokarlandyrýandygyny heniz çap edilmedik ýakynda çykan barlag görkezýär.

Alkogol bilen baglanyşyksyz ýagly bagyr keseli haçanda alkogol içmeýän ýa-da örän az içýän adamlaryň bagrynda ýag ýygnansa döreýän keseldir. Bu kesel agyr alkogol içegen adamlaryň bagrynda döreýän ýag ýygnanma ýagdaýyna meňzeş bolup, soňy bilen bagyr serrozyna, bagryň zeperlenmegine we hatda bagyr ragyna hem ýazyp bilýär. Bu kesel bagyr ragynyň iň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.

Dowamy

  • 76 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

5 sany iymitlenme endigiEger has gowy uky almak isleýän bolsaň, onda iýmitlenişiňe üýtgeşme girizmeli bolmagyň mümkindigini uky hünärmenleri belleýär. Ýatmazdan öň ete we ýaga bol gutap bilen kola kabul etmek gijeki ukyňy bozup biler. Şol sanda, içi şekerli kökä derek bir käse ter ülje iýmek hem has rahat uky almaga kömek edip biler.

Dowamy

  • 187 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

garbanalga saglyga zyyansyzlaryErtirlik edineniňe 2-3 sagat geçipdir. Bir zatlar garbanmak isleýärsiň. Ýa-ha sumkaňda duran şokoladyňa el uzadarsyň ýa-da ýakynyňdaky dükandan şoňa meňzeş süýjüli, duzly tagamlardan ýa-da gazlandyrylan şekerli içgilerden alarsyň. Jemgyýetimizde hatda öýlerde we iş ýerlerinde hem çaýyň gapdalyndan süýji-köke iýmek däbe öwrülen. Endik bolup giden köp hereketleri çuňňur derňemeýäris we olaryň saglygymyza ýetirýän täsirlerini köplenç gözden salýarys.

Dowamy

  • 385 gezek okalan

"GÖRK AGYZDAN" EGER DOGRY IÝMITLENSEŇ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

iymitlenmek medeniyetiMen Türkmenistanyň tebigata we jan-saglyga biperwaý garamaýan ýaşaýjysy. Şonuň üçinem meni ilatymyzyň iýmit medeniýeti gyzyklandyrýar.

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Elbetde, her bir maşgalanyň iýýän zatlary olaryň gazanjyna bagly bolýar. Maşgalalar hususy ýa-da döwlet dükanlaryndan ýa bolmasa ýerli bazarlardan azyk satyn alýarlar. Miweleriň bahasynyň etiň bahasyna golaýlaşanlygy sebäpli, olary satyn almak hemme maşgala başartmaýar. Sygyr etiniň gymmat bolany üçin, ilatyň köp bölegi etiň ýerine hökümet dükanlaryndan broýler towuk ýa-da towuk aýagyny (lýaşga) alýarlar. Bu towuklary peýdaly iýmit hasaplap bolmaýar. Emma olaryň arzan bahasy adamlary özüne çekýär we olaryň saglyga ýetirjek zyýany hakynda adamlar pikir etmeýärler.

Dowamy

  • 3273 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (8 Ses)

et we rakTürkmen milli naharlarymyzyň aglaba böleginiň düzümi etden ybarat bolup, biz et we etden taýynlanan önümlersiz öz saçagymyzy göz öňüne hem getirip bilmeýäris. Onda-da dükanlarymyzda göreniňden işdäňi açýan dürli görnüşli we tagamly şöhlatlar, büzmeçler, kakadylan, duza ýatyrlan et önümleriniň ýanyndan olary satyn alman geçer ýalam däl. Dürli etlerden taýynlanýan çişlikler bolsa toý saçagynyň esasy tagamy bolup durýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy täzeden işlenen et önümleriniň, meselem, şöhlatlardyr, büzmeçleriň rak keselini döredip bilýändigini yglan etdi. Olar çilim, pestisidler bilen bir hatarda kanserogen önümlere degişli edildi. Şonuň bilen birlikde, gyzyl et, ýagny göle, goýun, doňuz we ýaby etleri hem belli bir görnüşlerde kanserogen önümlere degişli edildi. Şeýle netijelere Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi tarapyndan geçirlen 800 barlaglara seljerme bermek arkaly gelindi. Barlaglara 10 döwletden bolan 22 sany ekspertler gatnaşdylar. Şeýle hem, barlaglar netijesinde işlenilen et önümleriniň içegäniň rak keselini döredip bilýändigi barada anyk subutnamalar tapyldy.

Dowamy

  • 3753 gezek okalan

PAGTA ÝAGYNYŇ PEÝDASY WE ZYÝANLY TARAPLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (33 Ses)

Gündelik durmuşymyzda ýygy ulanylýan pagta ýagy, irki döwürlerden bäri Merkezi Aziýa sebitlerinde giňden peýdalanylyp gelinýär. Merkezi Aziýanyň esasy naharlarynyň biri bolan palowyň pagta ýagyna bişirilmegi nahara özboluşly tagam berýär. Bu ýaga bolan talap ABŞ we Ýewropa ýurtlarynda hem barha artýar. Bu ýurtlarda iýmitde günebakar, zeýtun, mekge ýaglary has köp peýdalanylýar.

Biziň günlerimizde pagta ýagynyň iki görnüşi satlyga çykarylýar: arassalanan we arassalanmadyk. Birinji görnüşi yzygiderli arassalanmak netijesinde açyk sary reňke eýe bolýar, yssyz diýen ýalydyr we biraz hozuň tagamyny berýär. Şu görkezijileriň esasynda bu görnüşli ýag aşhanada we kosmetologiýada ulanylýar.

Dowamy

  • 6439 gezek okalan

DOGRY IÝMITLENIP HORLANMAGYŇ SYRLARY

  • Yslam Weliýew - sport türgeni
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (38 Ses)

Horlanmak isleýaňizmi? Belki, Siz öz agramyňyzy artykmaç diýip pikir edýänsiňiz? "Näçe az iýip, sport maşklaryny ýerine ýetirsem-de, horlanyp bilemok" diýýän bolsaňyz, şu makalany okamagy dowam ediň.

Düzümi az uglewodly (karbogitratly) önümleri iýiň!

Ilki bilen bir giňden ýaýran toslamany ret etmäge synanşalyň. "Az kaloriýa iýsem we maşklary ýerine ýetirsem, men horlanmaly". Hakykatdan hem, biziň köpümiz şeýle pikir edýäris. Ýalnyş, sebäbi bu formulada ýatdan çykarylan zat- açlyk duýgusy. Ondan bir näçe wagtlap gaçyp bilersiňiz. Onsoň edil bombanyň partlaýşy ýaly, agzyňyzy suwjardan agyr-agyr, tagamly naharlary köp mukdarda iýmäge çalşarsyňyz.

Dowamy

  • 17485 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (20 Ses)

Täze ýyl baýramçylygy (dogrusyny aýtsak, diňe bir bu baýramçylykda hem däl) biziň bedenimiz üçin çynlakaý synag bolup durýar. Onuň hem sebäbi – biz alkogol içgilersiz şatlanyp bilmeýäris. Alkogol içgiler bilen birlikde nädip saglygyňa zyýan ýetirmän we başgalaryň keýpini bozman bolarka?

Biziň hemmämiz alkogolly içgileriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilýäris. Ýöne onuň seýrek we akylly-başly, çeni bilen kabul edilmegi onuň zäherleme täsirini peseldip biler.

Taýynlyk görýäris

Alkogol içgisinden soňky nähoşlugyň döremegi (rus. – pohmelnyý sindrom) – siziň öňýanyndaky gün alkogoly çendenaşa kabul edendigiňiziň alamaty bolup durýar. Ýöne bedeni taýynlap, geljekki "alkogol agramlylyga" döz gelip bolar.

Dowamy

  • 5420 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (21 Ses)

Esasy faktlar:

► Kadaly we dogry iýmitlenme ýaramaz iýmitlenme bilen baglanşykly kemçilikleriň we onuň beýleki ähli görnüşleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Şeýle hem aşa semizlik, diabet (süýji keseli), ýürek keselleri, beýni gan aýlanşygynyň bozulmasy we rak ýaly ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüni alýar.

► Ýaramaz iýmitlenme we ýeterliksiz fiziki işjeňlik – şular tutuş dünýäde saglyk üçin esasy zyýanly faktorlar bolup durýar.

► Kadaly we dogry iýmitlenme tertibi ýaşaýşyň iň başyndan başlaýar – ene süýdi bilen iýmitlendirmek has uzakmöhletleýin oňaýly netijeleri gazanyp bilýär, meselem, çagada çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda artykmaç agramlylyk we aşa semizlik howpuny azaldyp bilýär.

► Bedenimize (kaloriýalar görnüşinde) girýän energiýa sarp edilýän energiýa bilen deňleşdirilmeli. Maglumatlara görä, zyýanly agramy almazlyk üçin ýag bedenimize girýän ähli energiýanyň 30%-den geçmeli däl, bu bolsa doýgun (goýy) ýaglardan doýgun däl (suwuk) ýaglara geçmeklik bilen hem-de senagat transýaglaryny iýmitde ulanmazlyk arkaly amala aşyrylmalydyr.

► Kadaly we dogry iýmitlenmäni ýola goýmaklygyň bir usuly hem, sarp edilýän erkin gantlaryň möçberiniň umumy energiýanyň 10%-den az bolmagyny gazanmakdyr. Goşmaça sagaldyş täsirini gazanmak üçin bu görkezijini has hem peseltmek maslahat berilýär, meselem jemi kuwwatlylyk berme paýyny 5 %-den geçirmezlik.

► Günüň dowamynda sarp edilýän duzlaryň möçberini 5 grama çenli çäklendirmek gan basyşyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär we uly ýaşlylarda ýürek keselleri we beýnä gan inme howpuny azaldýar.

► Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agza döwletleri 2025-nji ýyla çenli adamzat tarapyndan nahar duzunyň ulanylşyny 30%-e çenli azaltmaklyk arkaly diabetiň we aşa semizligiň ösüşini togtatmak barada ylalaşyga geldiler.

Dowamy

  • 10273 gezek okalan