• Home
  • Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • ETIŇ KÖP IÝILMEGI RAK KESELINIŇ DÖREMEGINE GETIRIP BILERMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ETIŇ KÖP IÝILMEGI RAK KESELINIŇ DÖREMEGINE GETIRIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

et we rakTürkmen milli naharlarymyzyň aglaba böleginiň düzümi etden ybarat bolup, biz et we etden taýynlanan önümlersiz öz saçagymyzy göz öňüne hem getirip bilmeýäris. Onda-da dükanlarymyzda göreniňden işdäňi açýan dürli görnüşli we tagamly şöhlatlar, büzmeçler, kakadylan, duza ýatyrlan et önümleriniň ýanyndan olary satyn alman geçer ýalam däl. Dürli etlerden taýynlanýan çişlikler bolsa toý saçagynyň esasy tagamy bolup durýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy täzeden işlenen et önümleriniň, meselem, şöhlatlardyr, büzmeçleriň rak keselini döredip bilýändigini yglan etdi. Olar çilim, pestisidler bilen bir hatarda kanserogen önümlere degişli edildi. Şonuň bilen birlikde, gyzyl et, ýagny göle, goýun, doňuz we ýaby etleri hem belli bir görnüşlerde kanserogen önümlere degişli edildi. Şeýle netijelere Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi tarapyndan geçirlen 800 barlaglara seljerme bermek arkaly gelindi. Barlaglara 10 döwletden bolan 22 sany ekspertler gatnaşdylar. Şeýle hem, barlaglar netijesinde işlenilen et önümleriniň içegäniň rak keselini döredip bilýändigi barada anyk subutnamalar tapyldy.

Içegäniň ragy we et önümleri

Aýdylanlar tagamly we halanylýan et önümlerinden hemişelik ýüz öwürmekligi aňladýarmy? Ilki bilen gürrüňiň duzlanyp, kakadylyp, guradylyp işlenilen et önümleri (büzmeçler, şöhlatlar, et konserwalary, batyrmalary, "bekon", "wetçina" ady bilen belli bolan et önümleri) baradadygyny bellemelidir. Seljermelere laýyklykda, her gün iýlen işlenilen et önümleriniň 50 gramy, içegäniň ragynyň döreme töwekgelçiligini 18% ýokarlandyrýandyr. Bu howp ýogyn içegäniň rak keseliniň döreme töwekgelçiligi 5%-i düzýändir. Işlenilen et önümleriniň natriniň we ýag turşylyklarynyň köp mukdaryny saklaýandygy sebäpli sagdyn iýmite degişli edilmeýändigi öňden hem belli fakt. Ýöne rak keselini olar nädip döredip biler?

Etdäki kanserogenler

Etiň gyzdyrylyp, işlenilýän wagty beden öýjüklerini zeperlendirip, üýtgedýän dürli kanserogen maddalar emele gelip bilýändir. Ekspertler bu zeperlenmeleriň mehanizmi barada indiki düşündirişleri öňe sürýärler:

1. Nitratlar we nitritler

Bu himiki maddalar, ýagny duzlar işlenilen et önümlerine olaryň uzak saklanylmagy üçin goşulýandyr. Bedende üýtgeme netijesinde bu maddalar nitrozaminlere öwrülýärler. Nirtozaminler bolsa öýjügiň DNK-ny üýtgetmäge ukyplydyrlar.

2. Ýokary temperatura

Işlenilen et önümleri gowurlanda ýa-da ýokary temperaturada bişirlende geterosikliki aminleri we polisikliki uglewodorodlary emele getirip bilýändir. Eti saçda gowurmak- ýokary temperaturanyň täsiriniň bardygy sebäpli taýynlamanyň iň zyýanly usuly bolup durýandyr.

3. Gemli demir

Bu himiki birleşme bedene demri getirmäge gatnaşýan molekuladyr. Etiň gemli demre baý bolmagy netijesinde, ýokary temperaturada bişirlende nitratlar we nitritler bilen bilelikde ol bedende howply birleşmeleri emele getirip bilýändir.

Mal etiniň ýerine towuk etini iýmek howpsyzmy?

Rak keseliniň döreme töwekgelçiligi hemme işlenilen et önümlerine degişli edilýän bolsa-da, ak et hasaplanýan guş etleri biraz howpsuz hasaplanýar. Çünki olar öz düzüminde gemli demriň ol diýen ýokary mukdaryny saklamaýar. Ýöne şu wagta çenli et önümleriniň rak keseline getirme mehanizmleri barada takyk faktlaryň ýoklugu sebäpli, guş etiniň hem howpsuzlygy barada anyk, dogry maglumatlary bermek kynçylyk döredýär.

Et: peýdasy we zyýany

Öňden belli bolşy ýaly, et belok, demir, sink ýaly peýdaly maddalaryň çeşmesi bolup durýandyr. Bellenilen ýakymsyz faktlara seretmezden, ekspertler eti gündelik iýmitiňizden doly aýyrmazlygy we ony uly bolmadyk mukdarda we ýygy iýmezligi maslahat berýärler. Şeýle hem ekspertler hökümetlere we halkara gözegçilik edaralaryna, iýmitlenme babatda dogry maslahatlary bermek üçin, eti iýmegiň zyýanyny we peýdasyny kadalaşdyrma soraglaryny öwrenmegi maslahat berdi.

Hünärmenler gyzyl eti we işlenilen et önümlerini iýmegi azaltmagy we günüň dowamynda onuň mukdaryny 70 grama we ondan hem aza ýetirmegy nygtaýarlar. Şeýle hem hünärmenler belogyň başga çeşmeleri bolan guş we balyk etine ýykgyn bolunmagyny we iýmite rakdan goraýan däneli, gök önümleriniň köp goşulmagyny maslahat berýärler.

  • 476 gezek okalan

Teswirler (2)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Spirtli icgileri icip we kop et iyan adamlardada nahili tasiri bolup biler .

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Baýbuw. Şöhlatlaryň rak döredip biljegini bilemokdym. Gowy görýän iýmitim bolsada ony azaltmaly boljak

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location