• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • “BÜZMEÇDE ET, GATYKDA SÜÝT BOLMASA...”

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“BÜZMEÇDE ET, GATYKDA SÜÝT BOLMASA...”

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Gen inženerçiligi barha ýaýbaňlanýar

Biz gen inženerçiligi barada nämeler bilýäris? Günde-günaşa bu ylmyň kömegi bilen döredilen iýmit önümlerini biz golaýymyzdaky dükanlardan, bazarlardan satyn alýarys. Genetik taýdan özgerdilen (modifisirlenen)  iýmit önümleriniň täsiri  şu günki güne çenli doly öwrenilmedikdir.

Bu önümler barada düşünjäni giňeltmek üçin, ilki bilen olaryň atlandyrylyşyna üns bereliň.

Genetiki taýdan özgerdilen önüm näme?

Geliň, biraz mekdep ýyllaryny ýatlap, biologiýa sapagyna girişeliň. Ýadyňyza düşýän bolsa, her bir ösümligiň we jandaryň müňlerçe aýratynlyklary we alamatlary bolýar. Her bir takyk alamata  dezoksiribonuklein  turşulygynyň (rus. – DNK) molekulasynyň kiçiräk bir bölegi bolan  gen  jogap  berýär. Belli bir alamata jogap berýän gen ýok edilende, şol alamatyň özi  hem ýitip gidýär. Ösümlige täze bir gen goşulanda, tersine, onda täze alamatlar emele gelýär. Genetiki taýdan özgerdilen ösümlige mutant ýa-da genetiki taýdan özgerdilen organizm (önüm) diýilýär. Häzirki zaman ylmynyň ösen döwründe  birki sany geni aýyrmagyň ýa-da goşmagyň kynçylygy ýok. Şol sebäpli hem ösümlikleri we jandarlary özgertmek  giň gerime eýedir.

Kambala  bilen garyndaş  pomidor, içýan bilen dogan ýer almasy...

Pomidoryň näme sebäpli uzak wagt zaýalanman, tagamyny ýitirmän saklanýandygy barada pikirlenip gördüňizmi? Olara polýar kambala balygynyň sowuga durnuklylyk geni garylypdyr. Pomidor 12C⁰ gyzgynlykda uzak wagt göklügine durýar. Ýyly ýere salnanda bolsa, ol şol bada gyzarýar. Ýene-de bir mysal: ýer almasynyň ilkinji  ýagysy bolan  kolorad tomzagy hem indi bu ösümlik üçin howply däl. Ýer almasyna içýanyň geni garyldy! Genetiki taýdan özgerdilen fermentleriň çörege garylmagy onuň uzak wagt ýumşak bolmagyny üpjün edýär, temmäki bolsa zäherli himikatlara durnukly bolýar.

Gen inženerçiliginiň gazananlarynyň garşysyna çykmazdan ýa-da  tarapdary bolmazdan ozal, olary örän oňat öwrenmeli. Her bir ýagdaýyň iki tarapy bolýar  ahyry.

Genetiki taýdan özgerdilen önümler diňe ösmegini dowam etdirmän, eýsem beýleki görnüşleriň  howa şertleri sebäpli ýaşap bilmedik şertlerinde ýaşamagy başarýarlar. Olaryň ösmegine hiç bir doňaklyk ýa-da gurakçylyk päsgel berip bilmeýär. Ösümlikleriň käbiri köklerinde köp mukdarda çyglylyk saklamaga ukyply bolýar. Öň sowuga durnukly bolmadyk ösümlikler indi salkyn, sowuk şertlerde has gowy ösýärler we işjeň ýaz ösüşine öňküden ir girişýärler. Dänelik ekinleriň tiz ýetişýän täze görnüşleri döredildi.

Tarapdarlaryň  pikiri
    
Bu ylmy açyşlaryň  tarapdarlary gen derejesindäki özgertmeleriň oba hojalygynda, biologiýa ylmynda, galyberse-de dünýä ykdysadyýetinde uly öňe gidişlikleri üpjün edip biljekdigini nygtaýarlar. Bu üýtgetmeleriň aşakdaky möhüm meseleleri çözmäge ukyplydygyny belleýärler:

► zyýanly mör-möjeklere, sowuga durnukly ýokary hasyly almak;

► ýer ýüzüniň ilat sany gün-günden artýar. Genetiki taýdan özgerdilen önümler bolsa  Ýer togalagynyň ilatyny açlyk howpundan  halas edip biler;

► ýokary hasylly, özüni zyýanly mör-möjeklerden we haşal otlardan goramaga ukyply genetiki taýdan  özgerdilen önümleriň bahasynyň  elýeter bolmagy;

► zyýanly mör-möjeklere durnuklylygy üçin pestisidleriň az mukdarda ulanylmagyny üpjün etmek;

► wiruslara, bakteriýalara, kömelejiklere garşylyk görkezmäge ukyply ir-iýmişleri we gök önümleri döretmek;

► agaçlaryň käbir görnüşlerini ýörite howany arassalamak üçin ýetişdirmek.

Garşydaşlaryň  pikiri

Näme üçin genetiki taýdan özgerdilen önümleriň ulanylmagyna  garşy çykylýar?

► Ýurtlaryň köpüsinde genetiki taýdan özgerdilen önümleriň ulanylmagyny we öndürilmegini kadalaşdyrýan kanunlar ýok;

► Sarp edijiler näme satyn alýandygyndan we saglyklaryna nähili täsir edilýändiginden bihabar bolýarlar. Mysal üçin, ýer almasynyň kolorad tomzagyna durnukly bolmagy üçin oňa podsnežnigiň (gar erän dessine çykýan gül) geni garylýar. Ol öz gezeginde ösümlik lektinleriniň sanyny artdyrýar. Süýdemdirijiler üçin bolsa bu örän zyýanlydyr. Şeýle önümden immun ulgamy, içegeler şikeslenýär, böwrek, bagyr, kelle beýnisiniň keselleri döreýär;

► Önümlerdäki  beloklaryň üýtgedilmegi olaryň zäherleýji häsiýetini ýüze çykaryp biler;

► Antibiotik serişdelerine durnukly bakteriýalaryň ulanylmagy bilen alnan önümler, adamda iň ýokary netijeli antibiotik serişdelerine durnukly keselleriň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

► Köplenç etiketkalarda harydyň düzümine girýän maddalaryň atlary we olaryň mukdary görkezilmeýär.

► Ekologlar  genetiki taýdan özgerdilen ösümlikleriň ýabany tebigata düşmeginden howatyrlanýarlar. Olaryň köpelmegini gözegçilikde saklap bolmaz. Netijede, ekologik betbagtçylygy ýüze çykyp biler. Ekologik töwekgelliginden başga-da, käbir GÖ önümler allergiki täsirli bolýar. Mysal üçin, balygyň geni garylan pomidor balyga allergiki täsirliligi bolan adam üçin örän howpludyr.

GÖ önümleri, dükanlarymyza "hoş geldiňiz"?!

Hasaba alnan genetiki taýdan özgerdilen önümleriň köp bölegi soýa (kösükliler maşgalasyndan bolan ösümlik) degişlidir. Soýa ýaglaryň, margarinleriň, maýonezleriň, gaýnadylan şöhlatlaryň, aş önümleriniň, hatda, çaga iýmitiniň düzümine girýär. Emulgatorlar, goýaldyjylar hem soýadan alynýar.

Soýa önümlerinden başga-da, düzümi mekgejöwenli  önümleri hem genetiki taýdan özgerdilen hasaplanylýar.

Daşary ýurtlardan getirilýan, daşy ýylmanak we lowurdap duran ir-iýmişler, gök önümler hem GÖ önümlerine degişli hasaplanylýar. Ýetişen miweler etilen gazyny bölüp çykarýandygy sebäpli solýar. Emma GÖ önümleriniň düzüminde etilene durnuklylygy üpjün edýän gen  saklanylýar. Hut şol gen miweleri we gök önümleri uzak wagt ter saklaýar.

Biziň dükanlarymyzdaky GÖ önümleriniň ählisi diýen ýaly daşary ýurt önümleridir. Şol önümlerde hökman "GÖÖ" (ГМО) diýlen ýazgy bolmaly, sarp ediji bolsa, nähili önüm satyn alýandygyna hökman üns bermelidir.

  • 5347 gezek okalan