Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Köpümize mälim bolşy ýaly, maly gysga wagtda ulaltmak we semretmek maksady bilen daşary ýurtlarda onuň iýmitine ösüş gormonlaryny we başga-da şonuň ýaly derman serişdelerini goşýarlar. Daşary ýurtlardan getirilen (importirlenen) etiň bahasynyň, elin, ýerli et bilen deňeşdirlende arzan bolýandygy hemmämize hem bellidir. Eýsem, daşary ýurtdan getirilen et adamyň saglygyna nähili howp salyp bilýär?
Iýmitiň dogry kabul edilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy köpümize mälimdir. Iýmit kabul edilende önümiň diňe bir hiline, terligine, ýokumlylygyna üns berilmän, eýsem onuň kabul ediliş tertibine hem üns bermelidir. Iýmitiň tagamly bolma şertini berjaý etmekden başga-da, ony kabul etmegiň aşakda beýan edilen esasy düzgünlerine eýerme, iýmit siňdiriş agzalaryň işiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyna hem-de iýmitiň doly özleşmegine kömek edip biler.
Biz gen inženerçiligi barada nämeler bilýäris? Günde-günaşa bu ylmyň kömegi bilen döredilen iýmit önümlerini biz golaýymyzdaky dükanlardan, bazarlardan satyn alýarys. Genetik taýdan özgerdilen (modifisirlenen) iýmit önümleriniň täsiri şu günki güne çenli doly öwrenilmedikdir.
Bu önümler barada düşünjäni giňeltmek üçin, ilki bilen olaryň atlandyrylyşyna üns bereliň.
Pökgerip, tegelenip duran garyn diňe eýjejik körpejeleri we hamyla aýaly bezäp biler. Galan adamlary bedende peýda bolýan bu artykmaçlyk görksüz edýär. Käbir adamlar köp iýýär, az hereket edýär, kemsiz bedenli bolmak üçin hiç bir güýç sarp etmeýär. Ynha-da, günlerde bir gün görkden gaçan sudury gözüne ilýär we uzak wagtyň dowamynda aladasy edilmedik syratyny, az möhletiň dowamynda tertibe salmaň ugryna çykýar. Şular ýaly ýagdaýda, gözel-görkana bolmagyň ugruna çykanlar, bu dünýäde az möhlediň içinde şeýle gudraty berjaý edip bolmajakdygyny berk ýadynda saklamagy zerurdyr. Hiç haçan – "Üç günüň içinde ýeňillik bilen garyn salmakdan halas ederis", – diýen mahabatlanmalara ynanmaň. Bu maglumat köplenç hakykat bolmagyň deregine, beden üçin örän zyýanly bolýar. Garyn salmaklyk bilen köne barlanan usullar bilen göreşip başlaň, ilkinji netijeleri gazananyňyzdan soň bolsa, bu ugurdaky göreşiňizi taşlamaň.
Sagdyn iýmitlenmegiň biziň saglygymyz üçin näderejede wajypdygy her birimize bellidir. Käte iýmit bilen biziň bedenimize zyýanly maddalar hem aralaşýar. Şol zyýanly maddalara önümçilikde işlenilen azyk harytlaryň düzümindäki dürli garyndylar degişlidir. Umuman, biziň bedenimiz birgiden gerekmejek zatlardan özbaşdak saplanmaga ukyplydyr. Emma şol gerekmejek zyýanly maddalaryň sany aşa köp bolsa, adam bedenine agram düşýp, näsazlyklar ýüze çykyp başlaýar.
Öz saglygy barada alada edýän her bir adam ilkinji nobatda düzüminde zyýanly garyndylar bar bolan iýmit önümlerinden ýüz öwürmelidir ýa-da, iň bolmanda, şeýle önümleri ujypsyzja mukdarda ulanmalydyr.
Men näme üçin horkam, bedenimiň agramymy nädip ýokarlandyrsamkam? – diýen soragy berene, töweregindäki adamlaryň haýran galma bilen seretjegi düşnüklidir. Sebäbi mydama berhiz tutup, trenažor zallardan çykman beden agramyny kemeltmegi, biliniň bir santimetr hem bolsa inçelmegini arzuw edip, horlanmagyň dürli çärelerini gözläp ýörenler bu soraga hiç wagt düşünmezler.
Ýöne çensiz hor adamlarda semremek islegi diňe daş keşbine timar bermek üçin ýüze çykman, käbir ýagdaýlarda saglygy üçin zerur bolýar.
Et – örän tagamly we peýdaly önüm hasaplanylýar. Adam öz ömrüniň dowamynda dürli mallaryň we guşlarynyň etini gaýnadylan, gowrulan görnüşde, et önümleri görnüşinde kabul etmäge ymtylýar. Emma her bir adama saglyk ýagdaýyna baglylykda nähili et iýmelidigine üns bermek peýdaly bolsa gerek.
Wegetarianlar (et kabul etmäni ret edýänler) etiň zyýanlydygyny belleseler-de, onuň birgiden peýdaly taraplaryny aýdyp geçmek ýerliklidir.
Aýallaryň ählisi diýen ýaly görmegeý, hortap durkuny saklamak ýa-da horlanmak isleýär. Munuň üçin dürli berhizler tutulýar, işdäni peseltmegiň ýollary gözlenilýär, açlykdan ejir çekilýär we netijede stress ýagdaýlara sezewar bolunýar. Emma stress ýagdaýda kemeldilen kilogrammlar hökman iki esse bolup yzyna dolanýandygy subut edildi. Şol kilogrammlar bilen keýpsizlik, ynamsyzlyk, dünýädäki ähli zatlar biderek diýen pikir dolanyp gelýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, näme etmeli? Gözelligi we syraty nerw ulgamyna zyýan ýetirmän nädip saklamaly? Işdäni nädip çäklendirmeli?
Dükana baryp şöhlatlaryň, konditer önümleriniň, çipsleriň ýa-da batyrmalaryň daşyndaky etiketkalary okanymyzda, önümiň düzümine girýän birgiden düşnüksiz sözlere gabat gelýäris. Olar iýmit önümlerini däl-de, himiki zawodyň önümlerini ýatladýar. "E" belgili garyndy alyjyny has iňkise goýup, howatyrlanmaga mejbur edýär. Mysal üçin E 412, E 260 we şoňa meňzeş belgiler. "E" belgiler nämekä we olar şeýle howplumyka?
Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Günde hoz ýa-da maňyz iýýän adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.
Hoz
Hoz iň pedaly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar.
Hoz aterosklerozyň we ýokary gan basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr. Ol immun ulgama oňaýly täsir edýär, nerw bozulmalarda we ukusyzlykda kömek edýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.