• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (18 Ses)

Dükana baryp şöhlatlaryň, konditer önümleriniň, çipsleriň ýa-da  batyrmalaryň daşyndaky etiketkalary okanymyzda, önümiň düzümine girýän birgiden düşnüksiz sözlere gabat gelýäris. Olar iýmit önümlerini däl-de, himiki zawodyň önümlerini ýatladýar. "E" belgili garyndy alyjyny has iňkise goýup, howatyrlanmaga mejbur edýär. Mysal üçin E 412, E 260 we şoňa meňzeş belgiler. "E" belgiler nämekä we olar şeýle howplumyka?

E harp garyndynyň  diňe Ýewropa san ulgamyndaky tertibini aňladýar. Biz üçin adaty önüm bolan sirke (E 330), askorbin turşulygy (E300), gazlandyrylan içgilerdäki kömürturşy gaz (E290) hem belgilidir. Bu belgi iýmit garyndynyň nämä niýetlenendigine baglylykda berilýär.

E100-182: reňkler-önümiň reňkini güýçlendirýärler ýa-da onuň hakyky reňkine meňzedýärler, daşky görnüşini  has özüne çekiji görnüşe getirýärler.

E200-299: konserwantlar- önümiň zaýalanmagynyň öňüni alýarlar we saklanyş  möhletini  uzaldýarlar.

E300-399: antioksidantlar (okislenme ahwalatynyň öňüni alýan serişdeler)- konserwantlar ýaly önümiň saklanyş möhletini uzaldýarlar, ýöne olardan tapawutlylykda bakteriýalary ýok etmän, iýmit önümlerinde olaryň öz-özünden turşamagyny haýalladýarlar.

E400-499: stabilizatorlarlar (sazlaýjylar) we goýaldyjylarönümiň dykyzlygyny we şepbeşikligini ýokarlandyrýarlar, onuň goýulyk derejesini artdyrýarlar.

E500-599: emulgatorlar—suw bilen ýag ýaly garyşmaýan maddalaryň garyşmagyny gazanyp, birmeňzeş garyndyny emele getirmäge kömek edýärler. Hut emulgatorlar kökäniň seçelenip durmagyny we doňdurmanyň digirsiz bolmagyny üpjün edýär.

E600-699: tagamy we ysy güýçlendirijiler.

E900-999: köpürjik bolmagyň öňüni alyjylar, süýjümtik tagam berijiler, ýumşadyjylar, turşulygy sazlaýjylar we beýlekiler.

Aslynda iýmit garyndylar gerekmikä? Şöhlatyň owadan gyzylymtyl reňkli bolmagy  we işbiliň bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanmagy üçin iýmit galyndylarynyň ulanylmagy zerur. Elbetde, zaýalanan iýmit zerarly zäherlenme, iýmite belli mukdarda goşulýan  konserwantlar bilen zäherlenmekden  has  howpludyr. Şeýle bolsa-da, biziň näme  we näçe iýýändigimizden habarly bolmagymyz hökmandyr.

Belli bolşy ýaly, iýmit garyndylaryna hiç bir iýmit gymmaty bolmadyk we özbaşdak iýmit önümi hökmünde ulanyp bolmaýan tebigy we sintezirlenen maddalar degişlidir. Olar iýmit taýarlananda, onuň haýsydyr bir alamatlarynyň gowulandyrylmagy üçin ulanylýar. Duz, şeker, wanilin, sirke, želatin, soda ýaly garyndylary hiç bir gorkusyz öňden bäri ulanýarys. Häzirki zaman azyk senagatynda emeli sintezirlenen garyndylar has ýygy-ýygydan ulanylýp başlandy.

Olaryň käbiri biraz mukdarda biziň saglygymyz üçin howpsuzdyr. Emma garyndylaryň arasynda adam saglygy üçin howplularynyň bardygy subut edildi.

Häzirki wagta çenli Russiýada E 121 (gyzyl sitrus reňkleýji), E 123 (reňkleýji amarant) we E 240 (formaldegid konserwanty) belgili garyndylar gadagan edildi. Bu garyndylaryň üçüsi hem howply çişleriň döremegine sebäp bolup bilýär. 2005-nji ýylda bu sanawa E 216 we E 217 belgili konserwantlar, soňra E128 belgili reňkleýji goşuldy. E 173, E924 a, E 924 b belgili  garyndylar hem howply hasaplanylýar.

Ulanylmaga rugsat edilen konserwantlaryň arasynda  hem saglygymyz üçin howplulary  bar. Gök önümleri arassalamak üçin ulanylýan E 230, E 231, E 232 belgili konserwantlar fenollardyr. Fenolyň az mukdary-da onkologik keselleriň döremegine itergi berip bilýär. Köp mukdarda bolsa ol zähere barabardyr. Bu konserwantlar gök önümler daşalanda, olaryň zaýalanmazlygy üçin diňe gabyklaryna çalynýar. Ony mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmak bolýar. Hut şol sebäpli ähli gök önümleri, hatda banany hem iýmezden öň, hökman ýuwmalydyr. Çagaly öýde bolsa  gök önümleri satyn alyp gelen badyňyza ýuwmalydyr.

Süýji tagamly gazlandyrylan içgileriň düzüminde benzolyň ýokary derejesiniň bardygyny hem ene-atalar unutmaly däldir. Benzol- onkologik keselleri döredip biljek howply kanserogendir.

Nähili hem bolsa, ulanylmaga rugsat edilen iýmit garyndylary lukmanlary şübhelendirýär.

E 131, E 132, E160b, E210, E214, E230, E231, E232, E239, E 311-313 belgili konserwantlar allergiki täsirleri döredip bilýär.

E 102, E 107, E 122-124, E 155, E 211-214, E 221-227 demgysmaly näsaglar üçin howpludyr.

E 107, E 110, E 122-124, E 155, E 214 aspirine duýgurlygy bolan adamlara zyýan ýetirip bilýär.

E103, E105, E121, E123, E125, E126, E130, E131, E142 , E152, E153, E210-215, E230-233, E924a, E924b howply çişleriň döremegine eltip biler.

E127 galkan görnüşli mäziň işiniň bozulmagyna eltýär.

E171-173, E220, E302, E302-322, E510, E518 bagyr we böwrek keselleriniň döremegine eltip biler.

E338, E407, E450-454, E461-466 iýmit siňdirişi bozup biler.

E233 göwredäki çaganyň ösüşi üçin howpludyr.

E249, E262, E296, E310-312, E320, E514, E620, E621, E623, E626-635 belgili konserwantlary bäbeklere üçin ulanmak gadagandyr. Kiçi ýaşly çagalar üçin hem ulanmak maslahat berilmeýär.

E320-321 ganyň düzüminde holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýär.

E220-226 aşgazan-içege ulgamynyň keselleriniň döremegine eltip bilýär.

E102, E104, E110, E122, E124, E129, E211 britan lukmanlarynyň pikirine görä, çagalaryň  gaharjaňlygynyň sebäbi bolup, olaryn nerw ulgamyny aşa oýandyrýarlar  we pikiriniň dagnyk bolmagyna getirýärler.

Gynansak-da, zyýanly we howply garyndylaryň sanawynyň biri-de doly we gutarnykly däl. Her bir garyndynyň mazaly barlaglardan geçirilýändigine garamazdan, bu maddalaryň adam bedenine ýetirýän täsirleriniň ählisini göz öňünde tutmak mümkin däl. Täze maglumatlar bolsa biziň ol ýa-da beýleki garynda bolan garaýşymyzy üýtgedip biler. Howsala düşmegiň hajaty ýok. Garyndylar diňe aşa köp mukdarda ulanylanda, bedene zyýanly täsir edýärler. Azyk önümçiliginde adam  üçin howpsuz mukdardaky garyndylaryň ýüzden bir böleginiň ulanylmagyna  rugsat edilýär.

Saçagyňyzda zyýanly iýmit garyndylaryň bolmazlygyny isleseňiz, aşa ýiti reňkli, saklanyş möhleti  uzak bolan iýmit önümlrini satyn almaň. Doňdurylan gök önümleriniň deregine ter miweleri alyň. Gaýtadan işlenilen we konserwirlenen et önümlerini iýmegi çäklendiriň. Dogrusy, bazardan et alanyňyzda-da, aldanmagyňyz mümkin, sebäbi  etiň reňkiniň has ýakymly bolmagy, uzak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanylmagy  üçin , hlortetrasiklin antibiotigi ulanýlýar.

Tiz taýýarlanylýan önümleri (pyure, aş we ş.m.), çipsleri, hotdoglary, süýji tagamly gazlandyrylan içgileri  ulanmakdan hem gaça duruň. Olaryň düzüminde iýmit garyndylary aşa köp bolýar.

Nitratsyz bakja we miwe önümlerini nadip saýlamaly

Biziň tebigy şertlerimiz dükanlarymyzy gök önümleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly bilen ýylyň dowamynda doldurmaga mümkinçilik berýär. Ýöne satyn alýan gök önümlerimiz peýdalymyka? Olaryň düzüminde miweleriň tiz ýetişmegi üçin ulanylýan nitratlaryň bolmagy mümkin. Şeýle usul bilen ýetişdirilen gök önümlerdäki witaminleriň mukdary gowrulan ýer almasyndakydan artyk däldir.

Elbetde, gök önümleriň düzümindäki bar bolan nitratlaryň we pestisidleriň  mukdaryny anyklamak üçin nitrat-testi ulanyp bolar. Bu enjam elýeter bolmasa, onda käbir alamatlara üns bermek gerek.

Gök önümleriň düzüminde nitratlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak

Düzüminde köp mukdarda nitratlar bar bolan hyýaryň gabygy goýy ýaşyl reňkli, gabygyndaky tüýjagazlar bolsa ýiti we gaty bolýar. Hyýaryň daşy ýylmanak bolsa, ol gowy hasaplanylýar. Hyýaryň miwe sapagynyň töweregi ýumşak bolsa, ol önümiň ter däldiginiň we onda witaminleriň azdygynyň alamatydyr.

Galyň gabykly pomidoryň düzüminde hem nitratlar köp bolýar. Mundan başga-da, nitratlaryň köp mukdarynyň bardygyny pomidoryň açyk mämişi reňki hem alamatlandyrýar. Pomidoryň içindäki we daşyndaky ýiti gyzyl reňkli  zolaklar onuň düzüminde örän köp mukdarda himikatlaryň bardygyny aňladýar. Içi we daşy goýy gyzyl reňkli pomidoryň düzüminde nitratlaryň mukdary kadaly hasaplanylýar.

Köp nitratly kelemiň ýapraklarynda garamtyl nokatlar we tegmiller bolýar. Olar kömelejiklerdir.

Ýer almanyň gowusyny saýlamak isleseňiz, onuň gabygyna dyrnagyňyz bilen basyp görüň. Himikatly ýer almanyň gabygy ýumşak bolýar, ol kitirdemeýär. Ýer almanyň gabygynda ýaşyl tegmiller  hem  bolmaly däl, sebäbi olar ýer alma nädogry saklananda döreýän zäherli madda bolan solaniniň alamatydyr.

Nitratsyz käşiriň daşynda sary we ýaşyl tegmiller bolmaly däldir. Alma saýlanyňyzda bolsa, onuň gabygy şepbeşik bolmaly däldir. Şeýle almalaryň daşyna difenil çalýarlar. Ony diňe sabynly suw bilen arassalap bolýar.

Göz çeni bilen radiasiýany kesgitlemek mümkin däl. Satyn alýan önümleriňiziň radiasiýa şöhleleri bilen şikeslenmedigine doly göz ýetirmek isleseňiz, öý şertlerinde ulanylýan dozimetr edinmegiňiz hökmandyr. Ol witaminleriň radiasiýa bilen şikeslenenlerini anyklamaga kömek eder.

Gök önümleri nädip saýlamalydygyny bilseňiz, siz zyýanly önümleriň täsirinden gaça durarsyňyz we saglygyňyzy gorarsyňyz.

  • 4584 gezek okalan