• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • BEDENIŇ AGRAMYNY NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEDENIŇ AGRAMYNY NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (69 Ses)

Men näme üçin horkam, bedenimiň agramymy nädip ýokarlandyrsamkam? – diýen soragy berene, töweregindäki adamlaryň haýran galma bilen seretjegi düşnüklidir. Sebäbi mydama berhiz tutup, trenažor zallardan çykman beden agramyny kemeltmegi, biliniň bir santimetr hem bolsa inçelmegini arzuw edip,  horlanmagyň dürli çärelerini gözläp ýörenler bu soraga hiç wagt düşünmezler. 

Ýöne çensiz hor adamlarda semremek islegi diňe daş keşbine timar bermek üçin ýüze çykman, käbir ýagdaýlarda saglygy üçin zerur bolýar.

Beden agramyny ýokarlandyrmak haçan peýdaly bolýar

Horlaryň durmuşda peýdalanýan artykmaçlyklaryny islän adam sanap berip biler.  Olar hiç bir sellýulitden, çykyp duran garyndan we başgada semizlikde peýda bolýan kemçiliklerden gorkman, arkaýyn, islän zadyny, islän wagty iýip bilýär. Ýöne bu ýagdaýyň hem ýetmezçiligi bar. Aýallarda beden agramyny ýitirmekligiň iň elhenç netijesi – önelgelilik ulgamynyň  bozulmagydyr. Ýönekeý dil bilen aýdanymyzda, eger 170 sm boýy bolan zenan maşgalanyň agramy 45 kileden az bolsa, ol aýbaşy bozulmalaryň dürli görnüşlerine sezewar bolup biler. Bu bolsa gönüden-göni önelgesizlige eltýän ýoldur. Köp ýetginjek oglanlary, beden agramynyň ýokarlandyrmak meselesi aladalandyrýar, bu olaryň ýetişmegi bilen ýüze çykýan bedenindäki gormonal üýtgeşmeler bilen baglydyr.

Adaty durmuş şertlerini alyp baryp, berhizleri berjaý etmezden we     wagtly-wagtyna dynç alynýan ýagdaýynda yzygiderli horlanmak, bedende düýpli  bozulma peýda bolanlygyny habar berýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamyndaky kemçiliklerden we allergiýadan başlap, endokrin bozulmalaryň we çiş keselleriniň ýüze çykmagynyň alamaty bolup biler. Şol sebäpli, eger siz gün-günden bedeniň agramyny ýitirip başlan bolsaňyz, haýal etmän  lukman bilen maslahatlaşmalydyr.

Beden agramyny nähilili ýokarlandyrmaly

Eger siz belli bir derejede semremegi isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňize dogry berhizi saýlap almaly. Diňe iýýän iýmitiňiziň mukdaryny köpeltmek bilen beden agramy ýokarlanmaýar, eger isläýeniňizde-de birbada iýmitiň mukdaryny köpeldip bilmersiňiz, onsoň hem artyk iýmekligiň saglygyňa-da peýdasy ýokdur. Beden agramyny ýokarlandyrmak üçin ilki bilen işdäňi açmalydyr we şoňa görä-de gündiz kabul etjek iýmitiň tertibini düzmeli. 

Işdäň ýok bolsa näme etmeli? Ilki bilen beden kuwwatlygyny sarp etmekligi ýokarlandyrmaly. Munuň üçin sport bilen meşgullanmak peýdalydyr. Ol biziň myşsalarymyzyň ösmegine ýardam edýär, şonuň bilen birlikde daşky görkümiz özgerýär. Gün tertibini berjaý ediň we wagtynda ukyňyzy alyň, arassa howada köpräk boluň.

Syn eden bolsaňyz, semiz adamlaryň arasynda çensiz gaharjaňlary seýrek duş gelýändir. Şonuň üçin kadaly iýmiti ýola goýup we  fiziki işjeňligi artdyrmaga synanyşyp, öz emosional ýagdaýyňyzy hem kadalaşdyrmaga çalşyň. Nerw ulgamyny öjükdiriji önümler bolan: alkogol içgilerini, kofeni, ajy çaýy, kuwwatly (tonizirleýän) içgileri içmekden, çilim çekmekden saklanyň.

Işdäňi ýokarlandyrmaga we iýmit siňdirmäni kadalaşdyrmak üçin ulanylýan  derman otlaryndan demlenen dürli içgiler horluga garşy göreşmekde uly ähmiýeti bar. Beden etini ýokarlandyrmak ugrundaky bejergileriň tejribesinde: ýorunja, sofora, lewzeýa, tozgajyk, ýowşan, boýbodran, krapiwa, koriandr we birnäçe başga derman ösümlikleri ulanylýar.

Güýçli bejergi iýmitlenmegi horlugyň derejesini we görnüşini göz öňüne tutmak bilen, lukman tarapyndan  bellenilýär. Ýöne sizde howply kesel anyklanylmadyk bolsa, beden agramyny ýokarlandyrmagyň ugrunda özbaşdak göreşip bilersiňiz.

Owadan bezelen, tagamly, dürli görnüşli iýmit, naharlanmaga höwesi artdyrýar. Bedeni taýýarlamazdan, zorlap köp mukdarda iýmit kabul etmek, nahara bolan islegi öňküden hem peseldýändir. Günüň dowamynda kabul edilýän kaloriýalaryň (iýmitiň kuwwatlylyk derejesi) mukdary kem-kemden köpeldilmelidir. 

Işdäňiziň ýokarlanmagyna goltgy bermek üçin, her nahar kabul etmegiň öňünden gök önüm ýa-da ir-iýmiş şiresi içilse gowy bolar. Günüň dowamynda, esasy açlyk duýgusynyň peýda bolmagyna ýol bermän, arasyna maý salyp, azyndan 5-6 sapar iýmitlenmek peýdalydyr. Nahar kabul etmegiň arasynda açlyk duýgusy peýda bolan ýagdaýynda, haýal etmän bir zatlar bilen garbanyň. 

Günortan naharyndan soň dynç almaga çalşyň, rahat oturyň ýa-da mümkin bolsa ýarym sagatlyk gyşarsaňyz hem gowy bolar. Şeýlelikde, siz bedeniňize kabul edilen iýmiti mazaly siňdirmäge goltgy berersiňiz. 

Öz agramyny ýokarlandyrmak isleýän adamlaryň iýmiti esasan, beloklara we uglewodlara baý bolmalydyr. Iýmitde ulanylýan önümleriň düzüminde agzalan maddalara baý bolanlaryň ýarysy, esasan et, balyk, ýumurtga bolmagy örän wajypdyr. Et önümleriniň içinde towuk eti has ýokumly hasap edilýär – ol örän ýeňil siňýär,  onuň düzümindäki beloklar bolsa myşsa dokumalaryna gerekli görke eýe bolmaga ýardam edýär. 

Her gün iýmitde, düzüminde ýagyň mukdary ýokary bolan dorogy, süýdi, gatygy ulanmaga çalşyň. Şeýle hem ýörite beloga baý bolan kokteýl içgisini içmek peýdalydyr. Munuň üçin bir gap dorogy bir bulgur gaýmak bilen garmaly we içine, iki nahar çemçe mürepbe ýa-da bal goşmaly. Alynan önüm örän süýji we peýdalydyr! 

Ýaglary unutmaň! Işdäçarlara günebakar, soýa we zeýtun ýaglaryny goşuň. Onuň düzümindäki E witamini, diňe bir bedendäki madda çalşygynyň kadalaşmagyna ýardam bermek bilen çäklenmän, adamyň daşky keşbine hem täsiri uludyr. Ýöne ýere oňa gözellik witamini diýilýän däldir.

Beden myşsa agramlylygynyň ösmegine, beloklar bilen bir hatarda uglewodlar hem kömek edýär. Şonuň üçin, horlanmagy arzuw edýänleriň iýmekden mahrum bolan: ak çöregini we makoronlaryny, dürli görnüşde taýýarlanan ýer almasyny, şeker, bal, dürli süýji önümlerini we başgalary çekinmän iýibermelidir.

Gündeki iýmit düzüminiň içinde witaminler we mineral maddalary ulanmaklyk hem sazlaşykly alynyp barmalydyr. Zerur bolan ýagdaýynda witamin-mineral toplumlaryny ulanyň. 

Köpräk suwuklyk içiň – günüň içinde 2-3 litre çenli süýtli çaý, gaýmakly kofe, şireler ýa-da ýönekeý suw hem bolsa bolar. 

Semremekligi isleýänler üçin ýörite berhiz

Beden agramyny ýokarlandyrmagy isleýän adamyň gündeki iýmit düzümi nähili bolmaly? Ynha mysal üçin:

Ertirlikde – bir okara içine bal we hoz garylan süle ýarmasyndan taýýarlanan şüle, ýa-da kişde-kişmiş goşulan doroga, gapdaly bilen bolsa mesgeli we peýnirli çörek, bir-iki käse kakao.

Ikinji ertirlikde – ir-iýmiş şiresi, şöhlatly çörek we bir bulgur ýogurt.

Günorta naharynda – işdäçar, goýy tagamly çorba, mesge ýagy bilen garylan ýeralma pýuresi ýa-da makorony gapdalynyň eti ýa-da balygy bilen. Soňundan - desert we gaýmakly kofe.

Öýlänlik naharynda – ter gök önümlerinden taýýarlanan dürli işdäçarlar we ýagly ýogurt.

Agşamlyk naharynda – wetçinaly we pomidorly heýgenek, ýarym litr süýt, ukynyň öň ýanyndan bolsa alma ýa-da armyt.

Iýmitiňe güýçli gözegçilik etmek semremegi isleýän adamlar üçin zerur, ýöne biziň maksadymyz garyn salmagyň hasabyna agramymyzy köpeltmek däldir. Şonuň üçin, kabul edilen artykmaç kaloriýalary bedenimizde ýaga geçirmän, myşsalaryň ösmegine gönükdirmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin fiziki işjeňlik gerek. Ilki bilen artykmaç agramy bilen göreşmek üçin barylýan trenažor zallaryna gatnamaly, ýöne ýerine ýetirilýän maşklar düýbünden başga bolar. Hor adamlar esasy el-aýaklarynyň myşsasyny bekitmek üçin göreşmeli bolýar. Şonuň üçin hem, sport tälimçisiniň gözegçiligi astynda gantel we ştanga bilen ýerine ýetirilýän maşklar, göwräň agramyny aýaga atmak bilen bagly dürli maşklary ýerine ýetirmek peýdalydyr. Şeýle hem suwda ýüzmek we tigir sürmek agzalanlaryň üstüne peýdaly goşant bolar. 

Agramyňy ýitirmek ähli bedeniň, saglygyň gowşamagyna getirýär. Adamyň bedeninde we durmuşynda hemme zat çen-çakly bolmalydyr. Çensiz hor adamyň reňki öçügsi, saçlarynyň reňki körek, gözleri hem öwüşginini ýitirýär. Saglygyňyzyň aladasyny ediň! Gözellik durmuşyňyzyň ähli ugurlarynda size ýaran bolsun!

Ulanyan WEB Salgy

  • 20632 gezek okalan